Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Jemgyýetçilik işgäri

Pablo Eskobar - öz ýurduny ikä bölen adam

6 minut alar

 Dünýäniň bikanun neşe söwdasynyň läheňleriniň biri, “kokain koroly” bolan Pablo Eskobaryň aradan çykaly bäri otuz ýyla golaý wagt geçse-de, watandaşlarynyň oňa garaýyşlary boýunça iki topara bölünmegi dowam edýär. Kimler üçin ol köp adamyň ganyna galan ganhor, hiç hili ahlak ýörelgesi bolmadyk misginsokar, haram puluň mesi bolan. Kimler üçin bolsa öz garadangaýtmazlygy bilen arşa galan, ýaňra syýasatçysumaklaryň we satlyk emeldarlaryň eminden gelen, sözüniň arkasynda durup bilen gerçek ýigit (“oňarýandyr – edýändir” diýen nukdaý nazardan). Onuň elinden ölen müňlerçe pidalaryň ezizleriniň häzirem ýüregi dagly, onuň sahawatyny gören käbir garamaýaklar, aýratynam ildeşleri üçin bolsa ol il-gününe hossar çykan “ýagşyzada”. Eskobaryň ýaşan mähellesiniň edara binasynda onuň şekili çekilen baýdak parlaýar. “Onuň pidalaryna biziň hormatymyz bar, emma biziňem oňa alkyşymyza düşünmeklerini isleýäris – diýip, mähelläniň arçyny BBC habarçysyna aýdýar – Bizi ýykan-ýumran külbelerden allanäme jaýlara göçürip getiren şol dälmi?”

Eskobar hakynda diňe onuň öz ýurdy Kolombiýada däl, eýsem bütin dünýäde-de şonuň ýaly pikir bölünişigi bar. Internet sahypalarynda hem Eskobaryň ýaşamagy öwredýän, puluň güýjüni magtaýan, öz ýeten derejesini güjeňleýän jümlelerine häli-şindi orun berilýändigini görýäris.

Kolumbiýada 1945-nji ýylda dünýä inen Pablo Emilio Eskobar Gawaria 1980-nji ýyldan başlap, 1993-nji ýyldaky ölümine çenli ýurtda neşe söwdasyny alyp barýan toparlaryň arasyndaky iň kuwwatly medellin toparyna baştutanlyk etdi. Onuň döwründe ABŞ-a we dünýä iberilýän ähli kokainiň 80 göterimini medellin topary üpjün edýärdi. Ömrüniň soňky ýedi ýylynda (1887-1993 ýý.) ol “Forbes” žurnalyndaky dünýäniň iň baý milliarderleriniň sanawynda öz ýerini saklady. 1989-nji ýylda ol bu sanawda dünýäniň iň baý ýedinji adamy diýip yglan edildi, şol wagt onuň häzirki 60 mlrd. dollara deň puly bardy. Şol döwürde ol her günde ýarym million ABŞ dollaryny gazanýardy, dollarlaryny diňe desseläp daňmak üçinem her hepdede 2500 dollar töweregi pul harçlanýardy. Onuň her ýerlerde gizläp goýan pullarynyň 10 göterimine golaýyny syçan iýendigi, ýene bir böleginiň çyg çekip çüýrändigi belli boldy. Öleninden soň-soňlaram onuň, hususanam, her ýerlerdäki jaýlarynyň suwagynyň astyndan pul weşeňleri çykdy durdy. Diňe öz ýurdunda däl, eýsem ABŞ-da, Atlantik ummanynyň amerikan we ýewropa kenarlaryndaky adalarda hem Eskobaryň birgiden mülkleri we köşki-eýwanlary bardy. Oglunyň ýatlamagyna görä, bir gije dagyň gowagynda hökümet agenlerinden gizlenip otyrkalar çagalaryny çoýundyrmak we nahar taýýarlamak üçin Eskobar 2 mln. dollary ojakda ýakypdyr.

Eskobaryň beýle derejede baýamagynyň sebäpleri: ol ABŞ-da şol wagta çenli ýoň bolan marihuana neşesiniň ornuna Kolumbiýada giň ýaýran ösümlikden alynýan kokain neşesiniň gelmeginden ilkibaşdan peýdalanyp ugrady, özüniň Kolumbiýa jeňňellerindäki gizlin kärhanalarynda bu neşäniň ägirt mukdarda önümçiligini hem-de onuň ABŞ-a daşalmagyny örän giň gerimde hem-de döwrebap usulda ýola goýdy. Üstesine-de Eskobaryň Kolumbiýadan iberýän neşe önümleri beýleki ýurtlaryňka garanyňda “ýokary” hillidi. Soňabaka bütin ýurt möçberinde neşe söwdasyna gözegçiligi eline alan Eskobar öz ejazasy bolmazdan hiç kime ýurtdan neşe çykartmady. Neşäni daşarda ýerleşdirmegi öz üstüne alyp, ol munuň üçin beýleki neşe täjirlerinden girdejiniň 35 göterimini özüne alýardy. Kem-kemden Eskobar öz neşe işewürligini bütin Günorta Amerikada ýaýbaňlandyrdy.  

Näme üçin ýurtdaky we daşardaky neşe söwdagärleri, Kolumbiýanyň, goňşy latyn amerikan döwletleriniň we ABŞ-nyň häkimiýetleri Eskobaryň bu diýdimzorlugyna ýol berýärdiler? Sebäbi öz işine päsgel berýänler barada Eskobaryň şerti ýönekeýjedi – “Saňa pul gerekmi ýa gülle?”. 1976-njy ýylda Ekwadorda we birtopar ýaranlary 18 kg neşe bilen tutulanda onuň para bilen sypjak bolmasy başa barmady. Birnäçe aýa çeken dawa işinden soň Eskobaryň iki sany kazyýet işgärini öldürtmegi bilen bu iş öz-özünden ýapyldy. Şondan soň Eskobar öz garşysyna çykan hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerini, şeýle hem bäsdeş neşe täjirlerini hiç hili gypynç etmezden öz adamlaryna ýa-da kireýkeş ganhorlara öldürdip başlady. Onuň şahsy özüniň 4000-den hem gowrak ölümiň aňyrsynda durandygy çaklanýar. Diňe polisiýa işgärleriniň 600-sini öldürtdi. Şeýle hem döwlet howpsuzlyk, prokuratura işgärlerini, kazyýet agzalaryny, zurnalistleri öldürdýärdi. Eskobaryň terrorçylyk hereketi netijesinde ýurtda jenaýat güýjäp, Kolumbiýa dünýäniň jenaýat merkezine öwrüldi. Ýurtda 1991-nji ýylda 25.100 adam, 1992-njy ýylda 27.100 adam öldürildi. 1991-nji ýylda diňe Madellin şäherinde 7.500 adam gurban boldy. Awtoulaglary partlatmak, adamlary ogurlamak we gynap öldürmek durmuşyň adaty bölegine öwrülipdi.

80-nji ýyllaryň ortalarynda Eskobaryň neşe imperiýasy ýurdy öz gysymyna alypdy. Emma Eskobaryň iň gorkýan zady – ABŞ-a tutulyp berilmek howpy – barha çynyrgaýardy. Kolumbiýada ol türmä basylsa-da, bu il gözüne edilýän oýun ýaly bir zat bolmalydy. Emma ABŞ türmesine düşse ol ymykly, ömürlik oturmalydy, özene-de ol ýerde oňa elpe-şelpelik boljak däldi.  ABŞ prezidenti R.Reýganyň edarasy öz ýurduna neşe getirýän kokain söwdasynyň läheňlerine çynlakaý çörňeşdi, olary tutup ABŞ-a bermäge borçlandyrýan şertnama gol çekmäge Kolumbiýa hökümetini mejbur etdi.

Iri neşe täjirlerini ABŞ-a bermek barada Kolumbiýada kanunyň kabul edilmegine garşy Eskobaryň aldym-berdimli göreşi başlandy, çünki şol täjirleriň sanawynyň başynda onuň özi bardy. Bu kanuny goldan köpsanly syýasatçylar, kazylar we žurnalistler barada aýtmanyňda-da häkimiýete gelse şu kanuny durmuşa geçirjekdigini yglan eden prezidentlige dalaşgärleriň üçüsini öldürtdi. Olaryň uçarlaryny partladyp, ýüzlerçe bigünä raýatlaryň ölümine we maýyp galmagyna sebäp boldy. Syýasy jögülikdenem gaýtmady.1985-nji ýylda Eskobaryň küşgürmegi bilen çepçi topalaňçylar Kolumbiýanyň ýokary kazyýetiniň köşgüne çozup, kazylaryň ýarysyny öldürdiler, ABŞ-a iberilmeli jenaýatçylar, şol sanda Eskobar hakynda toplanan resminamalary ýakdylar.

Şeýle ýagdaýlarda hökümet Eskobar bilen geleşik etmäge mejbur boldy. 1991-nji ýylda Kolumbiýa raýatlaryny ABŞ-a bermegi gadagan edýän kanun kabul edilenden soň Eskabor özüne diýseň amatly şertlerde boýun egdi. Oňa sähelçe günä bildirilip, dagyň üstünde öz dizaýny boýunça saldyran “türmesine” – köşk ýaly binada ýerleşdirildi. Ol ýerde suwa düşülýän howuz, jakuzi, sauna, içgi bary, diskoteka zaly, şaglawuk... bardy. Bu ýere onuň ýanyna dost-ýarlary, zenanlar, öz maşgalasy gelip bilýärdi, onuň özi hem islän wagty şähere keýp çekmäge, futbol tomaşalaryna, garaz, islän ýerine gidip-gelýärdi.

Üstesine-de, Eskobar bu ýerdenem öz neşe söwdasyny dolandyrmagy dowam etdirýärdi. Bir gezek ol iki sany ynamdar ýaranynyň özüni söwdada çürkeýändigini eşidip, olary öz “türmesine” getirtdi. Biriniň dyzlaryny buraw bilen deşip, dyrnaklaryny sogrup, hut özi gynady we öldürip, jesedini meýdana taşlatdy, beýlekisi hem şeýdildi. Eskobaryň şolar ýaly “edermenlikleri” mediýa ýaň salandan soň, ýurduň prezidenti ony berkräk düzgünli tussaghana geçirmegi buýurdy. Muny eşiden Eskobar öz kaşaň “türmesinden” gaçdy we şondan soň dünýäniň iň uly jenaýatkäri hökmünde onuň yzyndan hakyky aw başlandy.

Gaçgagy yzarlamaga Kolumbiýanyň polisiýasyndan daşary CIA baştutanlygynda ABŞ-nyň iň saýlama howsuzlyk güýçleri, ýurduň ultra sagçy milletçi ýaragly toparlary, Eskobaryň pidalarynyň garyndaşlary goşuldylar. Bu herekete öň neşe söwdasynda Eskobaryň ýarany, soňra bolsa iň uly bäsdeşi bolan Kali örän işeňňir gatnaşdy. Eskobaryň köpsanly öýleri, kärhanalary weýran edildi, ýüzlerçe ýaranlary, dogan-garyndaşlary öldürildi, söwdasynyň ugry gaçdy.

Ýurduň garyp gatlagy üçin Eskobaryň “Robin God” keşbini oýnandygyny aýdypdyk. Eskobaryň garyplara nebsi agyrandan bolup, olar üçin jaý toplumlaryny salyp berýärdi, ýollary çekýärdi, futbol meýdanlaryny gurýardy, garyplaryň çagalarynyň türgenleşigini üpjün edýärdi (özi ölemen janköýerdi). Eskobaryň esli wagtlap tutdurman gaçyp gezmeginde hem garyp daýhanlaryň oňa duýgudaşlygynyň ähmiýeti bardy. Golaý-goltumda polisiýanyň awtoulagy ýa-da dikuçary peýda bolan dessine Eskobara habar edilýärdi, oňa we ýaranlaryna gizlenmäge ýer berilýärdi. Munuň üçin polisiýa, aýratynam Kaliniň adamlary garyplardan rehimsiz öç alýardylar.

1993-nji ýylyň dekabrynda bir jaýda daşy gabalan Eskobar jaýyň üçeginde polisiýa bilen atyşyp wepat boldy. Eskobaryň gulagyndan giren ajal okuny onuň özüniň goýberendigi ýa-da polisiýa snaýperiniň atanlygy syr bolmagynda galýar.

Eskobaryň jynazasyna 25000 adam ýygnandy. Onuň hatyrasy häzirem ýurda bölünişik salmagyny dowam etdirýär. Ol hakynda daşary ýurtlaryň ýüzlerçesine satylýan filmler döredilýär, aýdymlar aýdylýar, onuň suratlary örän geçginli satylýar. Daşary ýurtlardan hem onuň öýüni, bolan ýerlerini, mazaryny görmäge ýörite syýahata gelýärler. Meşhur sungat işgärleriniň hem Eskobaryň mazaryna gül goýup ýörenleri bar.

Emma Eskobaryň pidalarynyň dogan-garyndaşlary, ýurtda we dünýäde häzirem dowam edýän neşe belasynyň, jenaýatçylygyň garşysynda duran, ýaş nesliň sagdyn geljegi  barada alada edýän syýasatçylar, hökümet edaralary we žurnalistler bu taryhy şahsyýetiniň zyýanly täsirine garşy göreşip geldiler we häzirem göreşýärler.
 

225 |
|