Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Goňşy daýza

2 minut alar

Biziñ bir goñşymyz bar, haçan gyz jigim, ýegenim dagy gelse bu-da gelýä. Gelende näme goñşydyr-da diýýänsiñiz welin ýagdaý başgaçarak. Gündiz-agşam tapawudy ýok, biziñkiler gelýä welin yzlaryndan bu daýza-da gelýa. Ýegenim entäk gelip nämäñ nämedigini bilmänkä gujagyna alýa, gowy görýän diýip dişleýä, çümmükleýa, ýokaryk zyñyp gapýa, garaz çagajygyñ işini görýä.

 Çagajygam bizar bolupdyr indi, daýza gapydan girýä welin emedekläp gaçyp ugraýa. "Nirä barýañ, gel bärik" diýip aýagyndan çekip alýa. İki ýaşly ýegenim şol daýza sebäpli çalt garrady, käwagt çüňke geçip bir nokada gözüni dkip oturýar pikirlenip, çaga geliömejek zatlar bular. "Aý öz agtygy yokdyr, şondan şeýledir" diýseñem, tüweleme uly-kiçi 9-10 sany agtygy bar. Olar bilen beýle gyzyklananok. Gelene git diýibem bolmaýa, gelýä, öñüne goýlan tagamlary "goñşy iýip geldimä men" diýse-de gutarýa (noş bolsyn), gelnini ýamanlaýa (gelni praw), beýleki goñşylary ýamanlaýa (beýleki goñşylar praw). Menä indi şol daýza gelýä welin öz öýümden turyp gaçýan. Soñam köçä çykyp ylgap başlaýan, "näme üçiiiin hä, näme üçiiin Silviaaaa (daýzaň ady Selbi)" diýip aglaýan.

Çagañ ýagdaýyna dözemok, nerwim çydanok. Düyn agşam 8-e golaý ýene gyz jigim, ýoldaşy we ýegenim dagy geldi. 15 minut geçmäkä-de daýza geldi. Menem turyp çykdym öýden. Garañkyda nädip gördi kim bilýä, menä yegenime mikroçip dakaýdymyka diýýän. Kinodakylar ýaly öýünde komýuteri bardyr, gyzyl çyra biziñ öýümize golaýlan wagty "ana geldiler" diýip turyp gaýdýandyr. Käwagt "Daýza, bar git-de öýdäki ýaşulyny dişle, çümmükle, güyjiñ ýetse yokaryk zyñyp gap, koža kostýum geý, postele ýatyryp eline naruşnik dakyp gamçyla, näme etseñ şony et, ýöne meñ ýegenimi öz günine goý" diýesim gelýä. Ýöne bolanok-da. Diýseñ bolmaýa. Samsyklarsyñ. Bir tarapdanam pikir edýän, näme üçin öz agtyklary bilen gyzyklanman meñ ýegenim bilen beýle gyzyklanýa? Ýa bir gùn hemmämiziñ çaýymyza uky derman goşyp, uklamsoñuzam ýegenimi alyp gaçjak bolýarmyka? Esasy maksady nämekä diýýän. 

Esasy maksadyny bilmek üçinem nirä gitse dürbim bilen daýzany yzarlaýan.

160 |
|