Gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek
6 minut alar
Gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek näme bilýäňmi jigim, aýdyp bereýinmi? Gel otur, gürrüň bereýin, belki saňa-da sapak bolar, soň, men ýaly puşman bolmarsyň. Ýöne akyllyja bolup diňle, eliňi burnuňdan aýyr, hehehe.
Obada zatda pejiň üstine kitir goýýandyrlar, elmydama pejiň üstinde durandyr. Çaý demlejek wagtyň ýa hamyr eden wagtlary gerek bolanda ana saňa taýyn gyzgyn suw. "McM, pejiň üstindäki kitiri getirsene balam, çaý demläýin." Wah mama jan, getireýin welin, tutar ýaly däla, sapam demirden muň, niresinden tutaýyn, mata-marlygam ýok? Ana, gyz üçin häsiýetiňi üýtgetmek, şol gyzgyn kitiriň sapyndan mata-marlyksyz tutyp mamaňa äkitmekdenem kyn.
İne, tema girip başlaýarys indi, göni otur jigim, gyşarmanjyk.
Käwagt, ýer ýüzünde, halaşan hemme gyzlary bilen durmuş gurmak barada pikir eden diňe menmikäm diýýärin. Durmuş gurmak bolmasa-da, 1-2 ýyl soňrasynyň planlaryny gurdym. Mysal üçin, häzirki gürrüň berjek gyzym bilen bir sebäp bilen sögüşip 1 aý ýaly gürleşmän gezipdik. Meň pikirimçe gyz günäkärdi, ötünç sorap göwnümi tapmasa ýaraşjak däldim. Şol wagtlar, tanyş gyzlarymyň biri maňa bir gyzyň nomerini beripdi. Jaň edip gürleşip başladyk, 10-15 gün hiç görüşmesegem telefonda gürleşdik. Gyzy uzagrakdan tanaýan, gyzyň kakasy göçüp-gonmaly işde işleýär. 1 ýyl soň nirä diýseler şoňa gitmeli, gyzam 1 ýyl soň görüp biljegim gümana, şonda-da gyza "Biziň bu ýagdaýymyz niçik bolar? Siz gitseňiz soň nädip görşeris? Men erbet gynanaryn:((" diýýärin. Gyzyň göwni bir ýaly, "Aý hawa, görşüp bilmeris, 1 ýyl söýüşenimiz söýüşenimiz, soň biri-birimizi görmeris " diýýär. Meň kelläm entägem sögüşli gyzymda, ýaraşmazlygym hem ahmal welin, ýaraşaýmagym gaty ahmal. Şonda-da bu gyz hakynda bir zatlar planlaýaryn, iň azyndan gyza erbet göz bilen garamok, söýüşip taşlaýyn diýemok, ýöne gyzyň diýýãnlerine bir seret?
Gürrüñ berjek gyzym bilen bile orta mekdebi gutardyk. Ol orta mekdepden soň, zehinlem bolsa, ýokary okuw jaýyna höwesem etmedi diýseň boljak, tikin-çatyn bilen meşgullanýardy we tikin-çatyny gowy görýärdi. Men, ýokary okuw jaýyna ýerleşmek isleýärdim. Orta mekdep gutaransoň, indi öňkiler ýaly kän görüşibem bilemzokdyk. Aglaba, telefonda gürleşýardik ýa-da hepde-de 1 gezek görüşýärdik. Gyz, owadan gyz, gabanýan elbetde, kän görüşip bilmeýänimize-de janym ýanýar, gyza bolgusyz ýere azar berýärdim. Telefonyň trubkasyny sähel giç galdyrsa it ýaly ýüzüni alýardym, daşary çyksa "Pylan sagatda öýde bol" diýip wagt berýärdim. Wagtynda trubkany almasa 2 günläp jañ edemokdym, ol jaň etse-de men trubkany almaýardym. Garaz, gyz 19 ýaşynda ýetginjek bilen halaşýarmy ýa 9 ýaşyndaky öýkelek çaga bilen halaşýarmy biler ýaly däldi.
Soň, men ýokary okuw jaýyna girdim. Ýokary okuw jaýyna giripsiň, tañ edipsiñ, sen gelejekdäki ýokary bilimli raýat kanditaty, azajyk düşbiräk bol, şeýle dälmi? Bolmadym. Bolup bilmedim. Okuw sebäpli indi gyz bilen görüşmegimiz hasam kynlaşdy. Gyza hasam beter yrsarap ugradym. Gyzyň 1-sany jynym almaýan goňşy gyzy bardy, şonun bilen gürleşme diýýärdim. Gyz, goňşylary bilen öňkileri ýaly gürleşmän başlady. Gyz, toýa-poýa gidäýse, wagtynda gelmese däliräp bolmajy bolýardym. Bir gezek, gowy görüşýän garyndaş gyzynyň toýundan men diýenim üçin maşgalasyndan öň sagat 8-de gaýtdy. Men bolsa, trubkany 15 minut gija galyp galdyrdy diýip bolmajy boldum...
Günler geçýärdi, meniň gabanjaňlygym, pohiýijiligim bolsa egsilmeýärdi. Gyz, "Esasy zat ikimiz McM" diýip hemme zada geçirimlilik edýärdi. Men bolsa hamana gyz, menden başga hiç kime gitmez, men näme diýsem edäýjek ýaly hereket edýärdim.
Jigim diňle, käbirimiziň iň ýalňyşýan zatlarynyñ biri hem şeýle düşünje. "Aý, menden gidip bilmez, nätse-de ýene maňa kaýyl bolar." Käbirimiz , gyzy yrmankak şeýle intelligent, şeýle sypaýyçylykly. Gyzy yryp öwrenşemizsoň bolsa...İň azyndan özüme jogap bereýin, men şeýledim öň. Saña-da maslahat jigim, şu ýalňyşy goýberme senem. Akylly bol. Köwşüñi çykardyñmaý, jorabyñ ysy gelýâr. Geý köwşüňi.
İýul aýynda gyzyň doglan güni bardy. Men samsyk, name sebäp boldy bilemok, (sebãbem ýokdurla, şol günem gyz bilen telefonda gürleşipdik) gyzyň doglan günini ýatdan çykarypdyryn. Ertesi güni gyz kakdyryp ýatlady, men ýene samsyklyga saldym. Hemme zada geçirimlilik edýän gyz, bu gezek geçirimlilik etmedi. İlkinji gezek meň bilen deň bolup gygyryşdy. Geň galypdym. İndiki duşuşykda sowgadyny aldym. Maňa näme diýdi, bilýäňmi jigim, "Maňa sowgat gerek däl, sen gerek. Ýöne sen meni öňkiler ýaly söýeñok. Doglan günimi hem men ýatladýaryn. Birje gül alyp berseň meniň göwnim açylardy, heme zady ýatdan çykarardym. Näme bolýa saña McM? Özüñe gel, men okuw wagtlarymyzdaky şadyýan McM-i isleýärin."
Şu wakadan soň, gyzam her wakada meň bilen sanaşyp başlady. Sabyr käsesi püre-pür bolandyrda. Sähel zat üçin sögüşýärdik. Oňem sögüşerdik welin, bu gezek başgaçady. Men jaň etmesem gyz jaň etmeýârdi. Samsyk, agzybirje bolsana.
Ýene bir gün, şäherde duşuşdyk. Oturdyk, gürleşdik, iýip-içdik. Gider wagt boldy. Taksa münip öýleriniň bärräginde düşip ýöräp başladyk. Öýlerini bärräginde kommerçeskiý bardy, howa yssy, menem suwsadym. Kommerçeskiý-den 1 baklaşka suw alyp bokurdakdan goýberdim. Şeýle bir suwsapdyryn, gyzyň "Menem bir owurt alaýaýyn" diýenini eşitmän galypdyryn. Sygyry emýän göle ýaly suw içýärdim, bokurdagymdan, köýnegimden suw akýardy. Suwy içip bolup baklaşkany boşaňkyrladym. Gyza seretdim, maňa aýylganç seredýárdi. Nähili diýsemkäm, nähili suratlandyrjagymy bilemok. Eger Leonardo da Vinci şol pursady gören bolsady, Mona Lisa bilen bäsleşip biljek täze bir eser dörederdi; “Egoizm we gödekligiň doguşy.”
Men, hiç zat bolmadyk ýaly boşap barýan baklaşkany uzatdym, "Al içseň..."
Gyz hiç zat diýmãn gaty-gaty ýörâp öýüne gitdi.
Öýe gelip gyza jaň etdim, gyz, "McM, boldy indi bes, sen şu gödek häsiýetiňi düzedýänçäň seň bilen görüşjek däl, näme bolsa görüberýäris" diýdi. Geň galdym, hiç zat diýip bilmedim. Gyzyň çynydy, ilkinji gezek beýle çynyrgapdy.
Men gedemlik etsemem, gyzy isleýärdim. Ýaraşasyn gelip ölüp barýardym, gyz, elimden gidip barýan ýalydy. Äsgermezlik diýmäýin, ýöne gadyrbilmezlik edipdim. Öňler sögüşsegem jaň ederdi, indi men jaň etmesem edenokdy, asyl men etmesem jaňam edenokdy, trubkany alaýsa-da gysga wagtda trubkany goýýardy. 1-2 gün geçdi, pikirlendim. Meňki nädogrydy. Gyz bilen görüşmesegem, kynlyk bilenem bolsa her gün diýen ýaly telefonda gürleşýärdik. Öňkiligi ýokdy gyzyň, menden erbet gaty göripdi. Elbetde suw we baklaşka üçin gaty görmändi, meniň gödekligim ýüregini agyrdypdy, nätsinda gyz, sabyr kásesi dolupdy. Men, häsiýetimi üýtgetmani ýüregime düwdim.
Jigim, seret, ÿalňyş düşünme, gyz üçin bolsa-da, gödeklik, gyzmalyk ýaly erbet gylyk-häsiýetlerim bardy, meň maksadym, şolary azajyk göz astyna almaklykdy. Yogsa, gyz üçin özümi bütünleyin üýtgedeçin diýen niyetim yokdy, dine, gödek hasiyetlerime serenjam bermek, göz astyna almak. Nädip almaly? Özime nähili terapiýa etmeli?
Dokumentalnyý kino görüp göz astyna almakçy boldum. Bolar ýaly däl. Nâmãñ dokumentalnyý kinosyny görjek diýsene. Maýmynlar? Maýmynlaň nämesini görjek? İň gowy görýän haýwanym jüýje. Jüýjäň nãhili dokumentalnysy bolsun? Jüýje, iým iýýár, ýerde togalanyp oýnaýar, tezekleýär. Nämäň dokumentalnysy? Goýbolsun etdim.
Soň, gyza sýurpriz etsem meni bagyşlar diýen netija geldim.. Gyzyň çagaka okan bir kitaby bardy, soň şol kitaby tapmandyr, biri alyp gidip getirmändirmi nämemi. Maňa näçe diýipdi, şol kitaby tapyp beräÿdä diýip. Gabat gelmedim menem, dogrymy aýtsam köp gözlemedimem. Ana şol kitaby tapyp bereýin, begener, göwnini taparyn diýdim. Öýde 600-den gowrak kitap, 50-ä golaý çagalar üçin kitap bardy. Gözledim, tapmadym. Dost oglana ýüz tutdym. Dost oglanyň kakasam mugallym, nirede nähili kitap görse alýar. 2000-den gowrak kitaplary barmyş. Dost oglan gözledi-agtardy, iň soňunda şol kitaby getirdi. Getirdi getirmesine welin, kitabyň ýarysy ýok. Sahypalar däl, kitabyň ýarysy ýok. Ýanypdyr. Näme etjek, gülseň bolanoook, aglasaň bolanoook.
Aldym kitaby, dost oglana sagbolsun aýdyp ugratdym. Gyza jaň edip, saňa aýtjak goýjaklarym bar, diýdim. "Telefonda aýdyber" diýdi. "Bolmaz, gel öňki ýere" diýdim. Gyz göwnemese-de geldi, "Bol aýt aýtjak zadyňy, meň wagtym ýok, gaýtjak" diýdi. Paketden kitaby çykaryp gyza uzatdym. Gyz gözine ýaş aýlap " İne McM, sen şu yarty kitaba düşünişiň ýaly yarym düşünýäň maňa" diýip, ilki bilen ÿarysy ÿanan kitaba seretdi, soňam maňa seredip çalaja ýylgyrdy,aýasy bilen gözýaşlaryny süpürdi. İň soňky gezek.
Kitap, günüň doguşyny her gün irden günbatara seredip synlajak bolýan kör gyzjagaz baradamyşyn...