Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kofe

4 minut alar

Şäherde táze Kofe dükany açylypdy, her gezek deňinden geçenimde dükana seredip uludan demimi alýardym. Men haçan gelerkäm bu dükana? Gelsem pulym ýetermikä? Içinde diñe kofe satylýarmyka ýa çaý-paýam barmyka? Beýle pikir etmegimiñ sebãbem, dükan Lýuks bolup görünýãrdi. Babyrlar gelýändir bärik, Buharañ jögileri ýaly edip, meni içerik almazlarla, jübide çigit alar ýaly pul ýok diýip pikir edýärdim. Ýöne her gezek deñinden geçemde içimden "Bir günä hökman şu taýdan kofe içerin, gerek bolsa kakamyň jübisinden pul ogurlaryn welin, gelerin" diýip pikirlenýärdim.

Ine bir gün, bir sebäp bilen tötänleýin kakamyň aýlyk karty elime geçi. $ol diýýän kofe dükanyma gitmek üçin pursat dörãpdi. Ýanymda az-owlak pul bolsa-da, aýlyk karty alyp dükana gitmekçi boldym. Meňem indi kakamyňkam bolsa kartym bardy, menem babyrdym. Indi arkaýyn puly alada etmän şol dükana gitsegem boljakdy.

Bahalary gymmat bolup pulum ýetmäýen ýagdaýynda, arkamda dag bolup KAKABANK-yň karty durdy. Eşiklerimi geýdim, gulagyma-da Iphone-yñ nauşniklerine meñzeş fason, arzanjak ak nauşnik dakyp, ýola rowana boldum. Aýlyk kartam ýitiräýmäýin diýip pugta elimde tutýardym.

Dükana girdim. Girsem, dogrudanam Lýuks ýer ekeni. Gyz offissiant güler ýüz bilen garşy aldy. Menem elimde pakedim, gulagymda arzan nauşnigim, hamana Türkmenistan-yñ iñ baý adamsy ýaly, leññeç ýöreýşimi edip, (Leňňeç ýöreýiş=gollaryň aşagynda garpyz bar ýaly gollaryňy açyp ýöremek) hondan bärisi bolup bir stolda oturdym. Bular ýaly ýerlere köp gelip gidýãn ýaly hereket edýârdim. Oturmankam barmagym bilen stoly çyzyp stol arassamy dálmi barlan boldym.

Gyz ýanyma gelip menýuny berdi, stolyñ başynda meniñ zakazyma garaşýardy. Men menýu seretsemem düşünemokdym. Heniz okamagy bilmeýän 5 ýaşly çagañ Tolstoýyň ýazan kitabyna seredişi ýaly kofeleriñ atlaryna seredişdirýãrdim. Hijisem öñ eşiden zatlarym däldi, birinji gezek gelýärdim, nädip bileýin? Öýdäki ýaly 2 manatlyk 3-1 kofe ber diýseňem boljak däldi.  Elim bilen "Şundan beräý" diýjek boldym, soñam offissiantka maña bilenok diýmesin diýip kofýãñ adyny tutup zakaz bereýin diýdim. Indi, menýuda adyny iñ añsat okap bilãýjek kofýãmi gözleýârdim. Gyz henizem garaşýardy. Gözüme atlaryny añsat okap bilaýjek iki sany kofýam kaklyşdy, "Frappuccino" we "Japanese syphon". Şu ikisiniñ birini diýmekçidim. Ýöne bularyñam atlaryny düziw okap biljegim belli däldi. Soñynda, nãme bolsa bolsun diýip gözümi ýumup " Ýaponski sipyanxgdcdf" diýip çalt-çaltdan bir zatlar samradym, özümem düşünmedim.

Gyz, düşünmän aňk-taňk boldy. Ýüzime seredip gülmejek bolup zordan saklanýardy. Masgara boldym. 5 sekunt maña seretdi ýöne 5 sagat sereden ýalydy. Bir zat edip bu ýagdaýdan baş alyp çykmalydym we ünsi başga tarapa sowmalydym. "Japanese syphon içmekçimisiñiz, örän gowy" diýdi. Iki hepdelãp sakaly syrmamsoñ, Türkmene meñzeýãn ýerim ýokdy, onuñ aýdanlaryna düşünmediksirän bolup "Sorry?" diýdim. Soñam "Yes yes, japan japan" diýdim. Gulagymdaky fason nauşnigi görkezip "aý eşidemoga aýal dogan" diýýän ýaly elimi galgatdym. Gyz maña daşary ýurtlymyka diýipdi. Geň galyp "Where are you from? What is your name?" diýip sorady. Bu zatlaram çalaja bilýän, olaram okuwda öwrenen zartlarym. "I am from Spain. My name is Antonio" diýmekçidim. Ýöne iñlisçe Spain-i düzüw aýdyp bilmerin öýdip diñe "My name is Antonio" diýdim. Gyz okey diýip gitdi.

Hawa, eýýäm men bir Ispaniýalydym, adym bolsa Antoniody. Xavi Hernandes, Fernando Torres, Iker Casillias dagy mundan beýläk, dükandan çykýançam meniň zemlýaklarymdy. Näme üçin beýle diýenime özümem bilemok. Ondan bir gün öňinçá ‘’La Casa De Papel’’ tomaşa eden bolmagymdanam ahmal. Kofe geldi, iki owurt aldym. Dükanyñ işgärleri bolsa maña seredişip bildirmänjik gülýärdiler. Bildiler öýdýãn Antonio däldigimi, gaty masgara bolmankam gideýin diýip kofyem gutarmanka hasaby bermekçi boldym. Gyza seredip, elimi galdyryp howda hat ýazýan ýaly hasaby soradym. 27 manatlyk hasaby kart bilen bermekçidim. Gyza kartymy berdim. Kartyñ üstinde Antonio dälde, Türkmen topraklarynda doglup kemala gelen Türkmen ýaşulsynyň ady ýazylgydy: Hydyrguly Hydyrgulyýewiç Hydyrgulyýew... Aljyrap gulagymdaky nauşnigi çykardym, nauşnikden Nurmuhammet Meredow-yñ " Men garyyyp biçäreee" aýdymy ýañlanýardy. Dogrudanam hem garyp, hem biçáredim. Haýdap ýerimden turdym, kartam alyp konsertde Jonny-a ylgan gyz ýaly gapa tarap ylgadym.

Dükandan çykyp barýarkam köwşüme kofe dökülendigini gördim. Süpürmesem tegmil bolup galaýmagy hem mümkindi. Hemme zady ýatdan çykaryp aladalanyp sap, aksentssiz, arassa Türkmen dilinde "Salfetkañyz barmaý?" diýdim. Hawa, Antonio sähel wagtyň içinde Türkmençe gürlemãni öwrenipdi. Işgärleñ biri gülmãn zordan saklanyp "Ýanyñyzdaky stoldan alyp bilersiñiz" diýdi. Şeýdibem, dükandan çykdym.

Bah, “Antonio” diýsene halypa... Ýo gowulaý. Utanjyma öýe nädip gelenimi bilmedim. Öz-özüme jeza bermek üçin lýustradan başaşak ýarym sagat ýerganat ýaly sallanyp durdum. Ejem taýak bilen urup düşürdi.

Şolar ýaly. Nemetmäň.

197 |
|