Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

3 minut alar

👦 Ýüregiňiz eýelimi, ýogsa, ak atly şazada garaşýaňyzmy?
 👩 Ýok! Duşuşykda arkaýyn soganly-sarymsakly nahar iýip biljegim ýigit gözleýän.
 👦 Hmm. Intellekt (intelligence) şahs däl ekeniňiz. Siz meniň isleýänimden däl.
 👩 Nä özüňe haryt saýlaýandyryn öýdýäňmi?! Asyl-ha, sen meniň isleýänim däl, şepe!
  *  *  *

- Özüňi ýene 5 ýyldan nirede görýäň?
+ Şu sowala hiç haçan jogabym bolmandy, häzir hem ýok we men bu ýagdaýdan birahat däl, hoşal!
- Maksatsyz ýaşaýaň, bu gowy däl!
+ Pikrimçe, dünýäde bimaksat ynsan ýok, çünki...
- Ýeri bolýa-la, bolýa-la! Temany başga ýana sowma. Sowala jogap beräý-dä, özüňi ýene 5 ýyldan nirede görýäň?
+ Ýürege-bagra düşdüň-aý! Geljekki adamymyň öýünde görýän!
  *  *  *

  - O-o, doglan günüň gutly bolsun! Ýuw-da!
 + Telefonymda 2 manat balansym ýok, a sen Hatam Taý'lyk isleýäň. Doglan günde "ýuwmak" aktiwitesi bolmasady, ol güni unutjaklaryň ilkinjileriniň hatarynda sen hem bolardyň-aý, dost. Şeýle dälmi?
 - Şu günä howa gowy-aý, salkyn...
 *  *  *

- Durmuş poeziý:a meňzeýär, ähli zatda şygyr görýän.
 + Gury-gurak sözleri goýsana! Sen näme şahyrmy? Bular ýaly şahyrana sözleri aýtmaga hakyň bolmagy üçin, iň bolmanda goşgy ýazmagyň gerek.
- Birnäçe günlükde sen: "Hemme zat pula daýanýar, ähli zatda puly görýän" diýipdiň, onda sen hem biznesmen däldigiň üçin beýle diýmäge hakyň ýok bolýar!
  *  *  *

👵 Howlynyň daşky tarapynyň çyrasyny ýak!
👴 Ýok! Görmegeýligim hatynlaryň ünsüni çekýär, milleti iş-güýjünden alyp ga:lmak islämok.
👵 Günüňe ýa-na-ýynnn!
👴 Keýwany, boýnuňa al-da, güneşimde köp ýandyň-a, indi welin bileje gurap ga:ldyk.
👵 Ýoo, sen guransyň-da 🍂🍁, men-ä tep-terje hatyn🍀🌿!
  *  *  *

- Bir kişä jaň edip, 2-nji liniýasyna düşüp, jaň edilýän şahs tarapyndan 1-nji liniýadaky kişä ýüzlenip aýdylýan: "Aý, waý-eý, pylany-laý, gerek däl!" diýilýänindäki ýaly - özümi gadyr goýulmaýan, ähmiýetsiz hasaplaýan.
+ "Ýaly" hasaplamagyňa gerek ýog-a, sen hut şonuň özi.
- Sag bol-aý, "medet" beriji sözleriňe.
+ Baş üstüne! Hemişe taýýar!
  *  *  *

👩 Şu aýyň başynda "Aýyň ahyrynda restoranda naharlanarys" diýip söz beripdiň.
👨 O nähili söz?
👩 Gara gözlim, bellibir sesleriň ýygyndysyna "söz" diýilýär. Dilimizde 3 görnüşi bar: sada, goşm...
👨 At oýnatmasana-how! Men olar ýaly we şoňa meňzeş hiç hili söz bermändigimi murtumdan ant içip bilerin.
👩Ýeri bolýa, boýun alýan, özümden tosladym. 
👨 Muňa "ýalan" diýilýär, "toslama" diýlenok,
asla ýalan sözlemeýän, asmandan inen "melek"!
👩 Ýüregim gysdy-da... aý, bolýa, ejemi myhmançylyga çagyraýaryn-da.
👨 Haýsy restorana gitjek diýdiň?
  *  *  *

 + Y-mmm! Nahary örän süýji bişirýän. Eger oglan bolsadym, özüme diňe şu başarnygym üçin hem aşyk bolup bilerdim.
 - Şeýle-de, şundan başga artykmaç tarapyň ýok, barybir!
 *  *  *

- Käbir adamlar gurak naharlary çörek bilen iýýändiklerini buýsanyp aýdýarlar:"Mantyny; palawy; gutaby we ş.m çöreksiz iýip bilemok" jümläniň terjimesi şu - onsuz hem gurak nahary, has gurak edip, aşgazanyma kast edýän "jepakeş" ynsan men. Ýagny, muny çörege hormat diýip düşünýärler. Ýene-de ýaponlaryň uzak ömür ýaşaýandygyny geň gören bolýarlar, dagy nä, olar gaýnan tüwi iýýärler, a bular tä ö:t hassasy bolýança dykyp-dykyp çörek iýýärler.
+ "Giňdir dünýe - geňdir dünýe" diýleni... Men şu sözi aýdan adamy hem gördüm:" Men dogramany hem ýany çörek bilen iýýän!" hem-de muny buýsanyp aýtdy.
- Baý-bow! Ol şepäňki eýýäm "hormat" hassalygyndan çykypdyr, ol çörege "ybadat" edýär.
 *  *  *

- Düýşde-de sensiň, huşda-da sensiň,
  Sen meniň derdime däri-derman🎶
+ Hem düýşde hem huşda bizar edilip ýörlen bolsaň, bu psihologik hassalyk bolanokmy?
- Geçmişde, hatda häzirki döwürde-de aşyk bolmaklyga "hassalyk" diýip ýören sen ýaly duýgudan binesip betbagtlar bar. Esasy zat sagdyn söýmegi başarmaly.
+ Sagdyn söýmekligiň "taýýarlanyş usuly/resepti" nähilimiş onsoň?
- Akyl we duýgy potensiallaryň bilen ony özüň döretmeli. Meselem, ejeň bilen kakaň seni "ýasanynda" resept ulanypdyrlarmyşmy..?
  *  *  *

- Hiç kim bilen bir gapdan nahar iýip bilemok. Hatda adamym bilen hem bir bakaldan suw içip bilemok.
+ Adamyň dodagynyň degen bakalyny hapa görýän bolsaň, onda logiki pikir ýöretsem, siz hiç haçan öpüşmeýän är-aýal bolmaly.
 
 © Derwüş Zenan  
  2024ý.

Anormal pişigiň hemişeki uklaýşy:
148 |