...

Derwüş Zenan

@Edebiyatsoyer
Halyçy

,,Men bary-ýogy adam..."

G.Ezizowyň aýalyna ýazan haty

Salam, Hally! Hatyň gelmänkä birdim, emma gelensoň iki boldum: birim-ä oturyp şu haty ýazýar, ikinjimem çagalaň arasynda gezip ýör: Sähragül:,,Hany getiren sowgadyň?" diýýär weli, ikinji:,,Sowgat getirmeli Ýalta şäherinde ýapyrylyp (ýazyp) ýatyr" diýýär.Sähragülüň bu zatlara düşünjek gümany barmy? Ýüzüni turşardyp, beýleki tama gidýär. Seniň beýle hatlary ýazyp bilýäniňi bilen bolsam, men ýörite hat ýazyşmak üçin, üç-dört aýlap öýden gitmäge razy bolardym. Saglygyňyzy eşidip, gaty begendim.Atasy üçin çagalaryň hemmesem-ä gowudyr weli, ýöne şu Sährany hasam gowy görýänmi…

G.Ezizowyň aýalyna ýazan haty

Halynyň ýüzüne surat çekýän gazak gyzy

Astana Suratkeşlik mekdebinden soň, 29 ýaşly Asel Sabyrcankyzy Astana'daky Sungat uniwersitetini gutardy we soňra Almaty'daky Temirbek Jururgenow sungat akademiýasyndan magistr derejesini aldy. Takmynan 14 ýyl professional suratkeş durmuşynda dürli usullary synap gören Sabyrcankyzy, birnäçe aý ozal haly (mundan soňra - darožka) ýüzüne surat çyzyp başlady. Sabyrcankyzy darožk:a çeken ilkinji suratynda türk mifologiýasyndaky Umaý taňrysyny şekillendirdi, sosial ulgamlarda döredijiligi üns çekdi. Şeýlelik bilen, gysga wagtyň içinde tanalýan suratkeş ýurduň iň abraýly galereýalarynyň birinde sergi açmak teklibini…

Halynyň ýüzüne surat çekýän gazak gyzy

Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri romandan parçalar #1

Google-dan alyndy ◇ As-Samat başyňa şeýle bir pursat geler, gudratyň döreden gudratyny däl-de, hut onuň özüni görersiň.Gudraty görersiň.Ol ýangyndan soň küli görmek däldir.Ol hut oduň özüni görmekdir, ýalynyň howruny teniň bilen syzmak däl-de, alawlap ýanmakdyr... ◇ Kitap göçüriji hatdatyň näçeräk sahypa ýazanyny saldarlap görşi ýaly, ol köpi geçen ömrüniň sahypalaryny aňynda hasaplap gördi.Bu oňa birbada süýji duýuldy.Bu süýjülugiň nämedendigini düşündirmek kyndy.Ýaşyň elliden geçip, bärden aňryň golaýdygyny duýmakda näme süýjülik bolup biler? Mümkin, şonça ýyly arka…

Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri romandan parçalar #1

Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri - romandan parçalar #2

◇...Çünki, bir gün artyk ýaşap bilse, ynsana eden günälerini ýuwmaga bir günlük mümkinçiligi artýar. ◇ Ol ömründe birinji gezek özüni biriniň daýanjy diýip duýdy.Bu duýgy ony ýigitlikden çykaryp uly adama öwren ýaly boldy. ◇ Emma dişler adam garradygyça azalsa-da, aňyrsyndaky dili saklamaga has berkarjaň bolýarlar.Saç-sakalyň agy köpelip, başalar çalardygyça, huşuny ýitirse-de syryna berk bolýarlar. ◇ Gara Durmaz aglaýan ogluny diňdirmezlige-de dözüp bilip, aýalyndan hem günbe-gün sowaşýandygyna begenýärdi.Ol muňa dogrudyr diýip düşünýärdi.Hakyky erkek adam şeýle bolmalydyr…

Ylýas Amangeldi - Üç nokadyň biri - romandan parçalar #2

Tabu we ewfemizm sözler

Tabu -- at; dini bilim; fransuzça - tabou. 1) Mukaddes hasaplanýan we başgaça edilse zyýan ýetirjek hasaplanýan käbir adamlara, haýwanlara ýa-da zatlara degmegi ýa-da ulanmagy gadagan edýän dini ynanç. 2) Sypat; gadaganlyk bilen goralýan (obýekt, söz, çemeleşiş) 3) sypat, jemgyýetde -- şowsuzlyk. Turkish dictionary app: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.dictamp.turkish Tabu -- Lingwistika. Gadym wagtlarda: käbir sözleri aýtmaklygy, belli bir işi ýerine ýetirmekligi dini taýdan gadagan ediş. Türkmençe düşündirişli sözlük app: https://play.google.com/store/apps/details?id=com.ttdictionary.turkmen ,,Tabu" sözi Ýuwaş ummanynyň jümmüşindäki adalarda ýaşaýan…

Marketing näme? #1

“ Marketing ” ylmynyň predmeti önüm öndürijiniň, satyjynyň,alyjynyň talaplaryny kanagatlandyrýan we öz önümlerini satmak, ýerlemek üçin täze mümkinçilikleri gözleýän hereketleriň mazmunydyr.“ Marketing ” ylmynyň esasy obýektleri bazar, sarp ediji,haryt (önüm), hyzmat, nyrh, harytlaryň (önümleriň) hereketi, reklama, satmak we satuwy höweslendirmek hasaplanylýar. “Marketing” ylmynyň wezipeleri: • bazary, alyjylary we harytlary (önümleri) öwrenmek, täze öndürilýän we öndüriljek harytlaryň (önümleriň) gelejegini anyklamak; • Marketing netijesinde alynan maglumatlar esasynda haryt (önüm) öndürmek, harytlaryň (önümiň) hereketini, satmagy we hyzmat etmegi…

Marketing näme?  #1

Marketing #2. Nyrh; isleg; teklip; harajat; gymmatlyk

Marketing ulgamynda nyrh emele getirmek we oňa täsir edýän ýagdaýlar. Nyrh – bu önümiň ykdysady tarapyny häsiýetlaendirýän görkezijidir. Kärhanalar bazara çykanda öz önüminiň bazaryň esasy bölegini eýelemegine ymtylýarlar.Netijede, bazarda nyrhlaryň esasynda bazar gatnaşyklary, bäsdeşlik ýüze çykýar. Nyrh – önüm ýa-da hyzmat üçin soralýan pul mukdarydyr,başgaça aýtsak, nyrh – sarp edijiniň önüme ýa-da hyzmata eýelik hukugyny gazanmak üçin berýän gymmatlyklarynyň jemidir. Nyrh - marketing toplumynda girdejä degişli ýeke-täk bölekdir, ähli beýleki bölekler çykdajylara degişlidir. Önümiň häsiýetine,…

Marketing #2. Nyrh; isleg; teklip; harajat; gymmatlyk

Dünýä zibilleri nirä gidýär?

Ýygnalan zibil-zyňyndylar zibil senagat kärhanalaryna ýa-da zibil meýdançalara (poligonlara) äkidilýär.Senagat guramalary kagyz, aýna, karton we plastmassa ýaly gaýtadan ulanylýan galyndylary alýarlar.Zibil meýdançalaryna gidýänler hojalyk galyndylary, lukmançylyk galyndylary, howply galyndylar we ş.m. bölümlere bölünip, guramaçylykly gizlenilýär (свалка; landfill) ýa-da ýok edilýär. Guramaçylykly ammar etme (düzenli depolama) -- hapalary jaýlamak işlewine (prosesine) aýdylýar.Çuň çukurlar gazylýar we zibiller bu çukurlara dökülýär hem-de topraga syzmazlygy üçin izolýasiýa edilen material bilen örtülýär. Düýbünden ýok ediljek zibiller bolsa ýakylýar.Ýakylyp boljak zibiller…

Dünýä zibilleri nirä gidýär?

Zyňyndylary gaýtadan dolanyşyga girizmek

Zyňyndylary aýryşdyrmak üçin depozit sistema Germaniýadaky depozit ulgamy (sistema) öý ykdysadyýetine goşant goşýar Zyňyndy tertiplemekde öňdebaryjy ýurtlaryň biri bolan Germaniýada öýlerde üç sany aýratyn gap bar: galan iýmit we şuňa meňzeş galyndylar üçin guty, kagyzlar üçin aýratyn guty we beýleki hapalar üçin niýetlenen başga bir galyndy gutusy.Bulardan başga-da plastmassalar hem toplanýar.Jaýlaryň öňünde köplenç öý zyňyndylary gaplanan Germaniýada aýna ýygnamak üçin aýratyn bir işlew (proses) bar.Aýna çüýşeleri gaýtadan işlemek üçin köpçülige açyk konteýnerler bar we çüýşeler…

Zyňyndylary gaýtadan dolanyşyga girizmek

Empatiýa we simpatiýa näme?

Empatiýa - başga biriniň şol pursatdaky duýgy-pikirlerini, öz duýgy-pikirlerine tarap ýönelmezden, bagly bolmazdan düşünip, duýgudaşlyk edip bilmeklik başarnygydyr. Empatiýa synlamaga esaslanýar we başga biriniň içinde ýaşamagyndaky ahwalyny, duýgusyny takmynan çaklamakdyr ýa-da düşünmekdir. Empatiýa köplenç simpatiýa bilen garyşdyrylýar. Empatiýa - başga bir adam "bilen duýgy" başdan geçirýän bolsa, simpatiýa başga bir adam "üçin duýgy" başdan geçirýär. Birinjide başga adamyň duýgusy çak edilýär , ikinjisinde bolsa edil duýulýar. Empatiýada ynsan, başga birine düşünmek üçin onuň ahwalyny tassyklamagyň…

Empatiýa we simpatiýa näme?