Teswirler (11)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Gündeligimden #garaýyş👀

2 minut alar

Gijäň ýary online kitap okaýarkaň, telefon ýüzüňe gaçar ,,mälç!"
Ýüz "galyň" bolany üçin agyrtmaz, "Agyran-ynjan ýeriň ýok gerek?" diýip telefonyňa ýüregiň agyrar..
*  *  *

Egoist jiginiň mylakatly sözi:,,Özüňe gowja seret! Meniň täze dogan satyn almaga pulum ýok!"
*  *  *

2020-2021-nji pandemiýa ýyllarda toý eden jübütler şansly. Çykdajysyzja, stressizje!
*  *  *

Düýnüň öň ýanyndaky gün > öň ýanyndaky gün > öň gün > öň ňün > öňňin. Şeýdip dörän bolaýmasyn şu söz.
*  *  *

Köpimiz çagalygymyzyň haýsydyr bir döwründe, raspisaniýa düzmäge ýaltanyp, torbamyza ähli kitaplary salypjyk mekdebe gidendiris.
*  *  *

Perzentleriň bazardan gelen ejesinden soraýan milli sowaly:,,Eje, maňa näme aldyň?"
*  *  *

Ýegenim 6 ýaşynda wagty:
-  Gyzyl ruçkany alaýynmy ýa gök?
+ Gözel göwnüň!
-  Gözel kim?
+ ...
we ýene-de şol ýegenjigiň "filosofiýasy":

+ Hatyňy owadan ýaz, mekdepde ökde okuwçy bol! Meni ýüňsakal edäýme!
-  Ha-ha! Gyzlarda-da bir sakal bolarmy?!
+ ...
 Indi ,,ýüňsakal" frazeologizmi (durnukly söz düzümi) ýerine ,,dili gysga"-ny  ulanýan. Şondan bäri frazeologizmleri geplänimde, süzgüçden süzüp "başdan geçirýän". Ýagny yslam dinindäki tefekkür (jismiň ýa-da wakanyň köküne aň ýetiriş) ýaly.
*  *  *

Uýamyň jorasy jaň etdi: - A gy(z), seň ogluň meň gyzyma ,,Hatyjany gowy görýän, aýdyň şoňa" diýenmiş.
Uýam bolsa ilki ýumorlady, soň ýuwmarlady:,,Näme gyzyňy bizden gowa berjekmi?! Çaaaga däl-ä gy(z) bular.Toba!"
Hä, ýogsa-da, ýegenim 12 ýaşynda...
*  *  *

Täze ýyl mynasybetli şatlygyň azalyp başlan bolsa we ömrüň ýene bir ýylynyň geçendigine aň ýetirýän bolsaň -- akyl taýdan ulalypsyň!
Täze ýylda adamlaryň bagtly bolşuna bagtly bolýan.
*  *  *

 Neologizmleri halaýan.
...Kakabaş - sypat.Öz ugruna giden, özbaşdak, erkin ösen; başyna giden, terbiýesiz ulalan.~Türkmençe sözlük~
 Bu sözden täze söz ýasap bolar. Ilki sözi morfologik derňew edeliň: kak-düýp işlik; a- ýöneliş düşüm; baş- at. Kakabaş- ýasama goşma söz. Manysy: başy (kellesi) bilen süsýän, kakýan > kakýanbaş > kakabaş.Etimologik (sözköki) derňew ýalyjak boldumy? :-) Goşma sözdäki sözleriň ornuny çalyşýarys we "a" goşulmany "gurban" edýäris: başkak. Işlikden at ýasaýjy "-yş" goşulma goşýas: başkakyş (erkekleriň kelle degrip salamlaşyşyna beräýeliňmi bu ady? Gutly bolsun!) Netije: Başkakyş. Ýigitler başkakyş salamyndan soň çaý içmäge oturdylar.

2023ý.
 
 © Derwüş Zenan
 

135 |