Gündelik

Gündeligimden #garaýyş👀 #2

- Motiwasiýa kitaplary halaýaňmy? + Meniň bilýänim -- motiwasion wideolary bolýar, şahsy ösüş kitaplary bolýar. Motiwasiýa wideolar gysga metražly film ýaly, şahsy ösüş kitaplary film ýaly. * * * 👠 -my ýa-da... 2022-de daýymyň ogly jorama öýlendi.Ýagny men hem oglan tarap, hem gyz tarap.Seýrek bolýan bu nesipden paýly ekenim. Toý güni, gelnalyjydan soň, sagat 16.00 töwerekleri, daýymogly oturgyja münüpdir, igenip bir zat gözleýär: 🤵 - Tapamoook-how! Karopka-da, şpilka-da ýok bärde. Telefonda gözellik salondaky joram (gelin)…

Gündeligimden #garaýyş👀  #2

Gündeligimden garaýyş👀 #5 On sany degişme dialog

Asla baglanyşygy bolmaýan temalarda ejeleriň "ejelik karty" manipulýasiýasy. 👩 Eje, nahar şor bolupdyr. 👵 Müň alada, müň gaýgym bar. Eje bolaňyzda sizi hem göreris-dä. 👩 Eje, bazardan pylan zat almagy unudypsyň. 👵 Haýsy bir zat ýadyma düşsün. Eje bolaňyzda görersiňiz-dä. 👩 Eje, bu nagşy ýalňyş çitipsiň. 👵 Serimde set (ýüz) - müň sany pikir bar. Eje bolaňyzda... 👩 Eje ýegenimiň/agtygyň balagyny ters geýdiripsiň-ä. 👵 Eje bolaňyz... 👩 Bolýa, bolýa. Özüm geýdirerin. 👩 Ejeee! Asmanda durnalar…

Gündeligimden garaýyş👀 #5  On sany degişme dialog

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

👦 Ýüregiňiz eýelimi, ýogsa, ak atly şazada garaşýaňyzmy? 👩 Ýok! Duşuşykda arkaýyn soganly-sarymsakly nahar iýip biljegim ýigit gözleýän. 👦 Hmm. Intellekt (intelligence) şahs däl ekeniňiz. Siz meniň isleýänimden däl. 👩 Nä özüňe haryt saýlaýandyryn öýdýäňmi?! Asyl-ha, sen meniň isleýänim däl, şepe! * * * - Özüňi ýene 5 ýyldan nirede görýäň? + Şu sowala hiç haçan jogabym bolmandy, häzir hem ýok we men bu ýagdaýdan birahat däl, hoşal! - Maksatsyz ýaşaýaň, bu gowy däl! +…

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

Gündeligimden garaýyş👀 #4

Allah'ym, dünýä ajaýyplyklardan doly, men bolsa ýaşamaga ýetişemok.. * * * 👵 - Men ýaşlygymda bilýärdim... 👴 - Nämäni bilýärdiň, ezizim? 👵 - Köp ýyllaryň geçmegi bilen seniň görmegeý garry boljagyňy. 👴 - "Görmegeý garry"... Hmm, owadan söz eken. Garry hatynlaryň içinde-de senden owadany ýok, perim! * * * Garry ynsan (meselem, 50+ ýaşly) öz ýaşytdaşyna aşyk bolup bilermi? "He-he, onda maýyl bolar ýaly sypat we 'ýangynly gijeler' ýok" diýseňiz, onda siz ýaş jübütleriň söýgüsiniň-de…

Gündeligimden garaýyş👀 #4

Gündeligimden garaýyş👀 #3

- Haýsynyň tagamy has gowy: pepsi ýa-da coca cola? + Bilemok. Birini satyn almaga pul tapýançam, beýlekiniň tagamy ýadymdan çykýar. * * * - Buzgaýmak iýesiň gelýärmi? + Joşsaň, iýesim gelýär, emma özüm tölemeli bolsam - "işdäm ýok"! - Şu sowukdamy? Üstesine-de gripli halyňa? + Hatda soňky demimde-de buzgaýmakdan ýüz öwürmen! - Bu nebis bolýarmy ýa-da söýgi? + Bu -- Nebis ununa ýugrulyp, Söýgi tamdyrynda bişen isleg. * * * 👵 Siz dagy ga:ny gaýnap…

Gündeligimden  garaýyş👀  #3

Gündeligimden #garaýyş👀

Gijäň ýary online kitap okaýarkaň, telefon ýüzüňe gaçar ,,mälç!" Ýüz "galyň" bolany üçin agyrtmaz, "Agyran-ynjan ýeriň ýok gerek?" diýip telefonyňa ýüregiň agyrar.. * * * Egoist jiginiň mylakatly sözi:,,Özüňe gowja seret! Meniň täze dogan satyn almaga pulum ýok!" * * * 2020-2021-nji pandemiýa ýyllarda toý eden jübütler şansly. Çykdajysyzja, stressizje! * * * Düýnüň öň ýanyndaky gün > öň ýanyndaky gün > öň gün > öň ňün > öňňin . Şeýdip dörän bolaýmasyn şu söz.…

Gündeligimden   #garaýyş👀