Halyçy
Gündeligimden garaýyş👀 #5 On sany degişme dialog
4 minut alar
Asla baglanyşygy bolmaýan temalarda ejeleriň "ejelik karty" manipulýasiýasy.
👩 Eje, nahar şor bolupdyr.
👵 Müň alada, müň gaýgym bar. Eje bolaňyzda sizi hem göreris-dä.
👩 Eje, bazardan pylan zat almagy unudypsyň.
👵 Haýsy bir zat ýadyma düşsün. Eje bolaňyzda görersiňiz-dä.
👩 Eje, bu nagşy ýalňyş çitipsiň.
👵 Serimde set (ýüz) - müň sany pikir bar. Eje bolaňyzda...
👩 Eje ýegenimiň/agtygyň balagyny ters geýdiripsiň-ä.
👵 Eje bolaňyz...
👩 Bolýa, bolýa. Özüm geýdirerin.
👩 Ejeee! Asmanda durnalar geçip barýaaa!
👵 Eje bolaň... Wiý, hä durnalar geçýärmi? Barýan, barýan!
* * *
🧔 Jäniçge! Men seni Tahyryň Zöhräni söýüşi ýaly söýýän.
👩 Indi men ga:lan ömrümi haçan adamym "Mahym jan" bilen Tahyr ýaly bolup, dessan dilinde "çyrmaşyk ýaly çyrmaşyp" maňa hyýanat eder howsalasy bilen ýaşamalymy?
🧔 Mahymmy..? Çyrmaşykmy..? Düşünmedim.
👩 Balym (balam däldir)!
Sen meni haýsydyr bir obraz bolup däl-de,
özüň bolup söý, janym!
* * *
- Özüňi bagtDYL hasaplaýaňmy?
+ Ýok! Özümi bagtLY hasaplaýan!
* * *
👩"Ford motor" kompaniýasynyň gurujysy Henry Ford'a žurnalistleriň biri şeýle sorag beripdir: “Aýtsaňyzlaň, eger siz dünýä täzeden inseňiz, onda kim bolmak islärdiňiz?”.
Forduň jogaby diýseň düşnükli we kesgitli bolupdyr: “Tapawudy ýok. Ýanymda aýalym bolsa, bolany!”.
Ezizim indi şu sowaly saňa üýtgedibräk berýän: dünýä täzeden inseň, ýene-de seniň aýalyň men bolmagymy islärmidiň?
👨 O-o... M-m... Keýwany, öýläne näme bişirdiň-aý?
👩 Belaň sapy!
👨 Wagşylaşma-how! Ýogsa-da, şu "belaň sapy" jümlesi žargonmyka ýa-da lingwistikamyzdaky frazamyka?
Däli Däde: "Bulaň bary bela, ýöne bulaň 'sapy' ýok" diýýärmi. He-he, oýny kän-aý şol adamyň. Ýogsa-da, şonuň öňki lakamy "Syke - oýun" diýmek eken-dä.
...Sap - düýp söz; y - olluk ýöňkeme.
Ol ýerdäki "a" harpyň uzyn aýdylýan wersiýasyndaky söz hem bar ahyry. Sözlügi göreýin:
" [sa:p]
1) Hiçbir goşantsyz, içinde özge zat bolmadyk, arassa, arassalanan.
2) Hakyky, ak, päk".
Spesifik netijäni yglan edýän, diňle keýwany:
Belaň sa:py - goşundysyz, original, 100% beladyr.
* * *
👩⚕️ Maňa pylanynyň tel. nomerini sms edäý-dä. Emma başynda "+9936..." şeklinde ugratgyn, göni jaň edäýer ýaly.
👩 Mesele kän ýöne - mesele däl!
[SMS geldi]:
👩 864...
👩⚕️Häýt, "meseläň" başyňy iýmesin seň..!
* * *
+ Haýsy okuwy tamamladyň?
- Uniwersitet.
+ Takyk maglumatyň üçin sag bol, çünki men seni Şirgazy medresesiniň uçurym talybysyň öýdüp ýördüm.
* * *
+ Sag bol-aý, dost jan! Telefon kaşilýogymyň yzynda unudylyp ga:lan we ýolda çykgynsyz pursatda ýadyma düşen pul ýaly dadyma ýetişäýdiň.
- Sen indi meni minimum ýüz müňlerçe adamlaryň elleri degen, tozanly, mikroply ýerlerde seýil-seýran edýän bakteriýaly pullara deňediň, hä?
+ Ýooo, dost! G.Ezizowyň:
"Ýyrtyk jübüsinden içligine gaçan,
Iň soňky otluçöp dänesi bolsaň"
metaforasyna döwrebap stilde meňzetjek bolşum şü.
- Düş-eý maşyndan, davaý, düş, düş!!!
* * *
🧔 Sen Şaaasenem, men şahsuwar,
Garybyň men, kyl istiwar.
Ýada salsam agzym suwar,
Dodakda bal...
👩 Dur! Stop!
🧔 Näme romantiki atmosferany bozýaň-aý? "Meň adym Şasenem däl" diýip, ownukçyl gep etjek bolma, gaýrat et!
👩 Men iri gürrüňler edýän hatyndyryn!
Aýdymyň awtory kim we şygryň ady näme?
🧔 Aý, men-ä Hemra Rejep'iň aýtmagynda ýat tutdum 🤔
👩 Onda iň soňky bendini ýat tutmansyň:
Çagyrsam, asyl gelmer sen,
Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,
Ne boldy, habar almar sen, .
Kemine guluň derdinden!
Şygryň ady bolsa "Derdinden". Indiki sowal "şahsuwar" näme diýmek?
🧔 Hmm...🤔
👩 Ussat çapyksuwar diýmek. "Istiwar kyl" näme diýmek?
🧔 Näme indi öz öýünde bu garyp aýdymam aýtmaly dälmi-aý?! Men gidýän!
👩 Nirä?
🧔 Meni dil we edebiýat ekzaminine salmajak bir "Şasenem" tapynmaga!
* * *
- Seret, o tentek sms-inde adymy setir harp bilen ýazdy, ýagny, indi seni söýemok; ähmiýet beremok; indi meniň üçin gadryň ýok; ýolumy aýyrjak diýdigi şo. Belki eýýäm bir saçykesileni tapandyr.
+ Bolanyna görä, indi düzlere çyk-da Jemal Saparowa'nyň "Haýpym gelýär" aýdymyny zowlat. Reaksiýaň - göýä, III Jahan Urşy başlandy, toba estagfurullah!
- Şahsy durmuşymda "jahan urşy" başlandy, gaýga (anxiety) düşmegim üçin ýeterlik sebäp dälmi şu?
+ Eger medeniýetsiz şekilde sögüşsediňiz, ýagny ol saňa paýyş sözli sms ýazsady, şonda näme etjekdiň: özüňi otlyň öňüne oklajakmydyň; uksus "jyňkyldatjakmydyň"; ýa-da iň meşhury "doga" aljakmydyň?
- 😳
+ Hawaaa, ine şeýle tob:a geläýersiň. Giperbola, allegoriýada meniň bilen bäsleşme köşek!
* * *
🎶Gurban olam ýaryň kaddy boýuna,
Hoşwagt olam onuň eýlän toýuna.
Herdem hylwat eýläp barsam öýüne,
Barsam öldürerler, barmasam ölem.🎶
🧓 Uf, başga aýdym açaý-da!
👩 Haýsy?
🧓 Täze Ýüz "Dawa"-sy.
"Seň bilen bar meniň dawam,
Şu gyz ga:lsyn, galanyňyz dagaň,
Bu gije bärde men bagban,
Kakýan, kes...
👩 Haý-küş, duraweri! Isleseň Mad Nazarow "Tequila"-syny açaýyn?
🧓 Hä, ol-a has hem gowy.
👩 Mama, bu nä beýle erotizm teşneligiň?
🧓 Babaňdan göwnüm geçdi😒
👩 😳
(c) Derwüş Zenan 2024ý.