Şahsy Pikir

Bu gyzlardan uzak dur

Bu gyzlardan gaç. Erkekler barada, erkekleriň nähilekdigi, nähilek gyzlary halaýandygy, nähili häsiýetleriniň howpludygyny, nähili erkeklerden uzak durmalydygy we ş.m birtopar zat barada ýazgylar, makalalar, wideolar bar. Esasanam nähilek erkekleriň howply bolýandygy, nähilek erkekleriň ikilik edýändigi, nähilek erkekleriň psihopat, narsist we dälidigi barada gaty kän maglumatlar bar. Erkekler we olaryň dünýäsine degişli gaty kän zat bolandygy üçinem, aýallara degişli zatlar kän ýok ýa-da gürleşilenok, ýa-da gaty öňe çykanok. Şeýle-de aýallar barada erkeklere bir zatlar gürrüň berýän,…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Disclaimer ⚠️: Bellik mowzukda siziň şahsy düşünjelerňize, pikirleriňize garşy pikirleriň bolmagy ähtimal! Öňünden duýdyrmady diýmäň we bu pikirler awtoryň şahsy pikirleri bolup hakykat bolmaga dalaşgärlik etmeýär we bu mowzukdan aljak täsirlenmeleriňize we kararlaryňyza awtor jogapkär däl! Nädip hakyky erkek bolmaly? Bellik 2: ⚠️ bu tema diňe erkekler üçin, 18 ýaşdan kiçilere we gyzlara, zenanlara aýallara (umuman femine jandarlara) okamak gadagan! ❌ Salam erkekligiň nämedigne düşünmeýän mikrotestasteronuslar we estrogenuslar. Nädip erkek we hakyky maşgalanyň kakasynyň nähili…

Nädip hakyky erkek bolmaly?

Gündeligimden #garaýyş👀 #2

- Motiwasiýa kitaplary halaýaňmy? + Meniň bilýänim -- motiwasion wideolary bolýar, şahsy ösüş kitaplary bolýar. Motiwasiýa wideolar gysga metražly film ýaly, şahsy ösüş kitaplary film ýaly. * * * 👠 -my ýa-da... 2022-de daýymyň ogly jorama öýlendi.Ýagny men hem oglan tarap, hem gyz tarap.Seýrek bolýan bu nesipden paýly ekenim. Toý güni, gelnalyjydan soň, sagat 16.00 töwerekleri, daýymogly oturgyja münüpdir, igenip bir zat gözleýär: 🤵 - Tapamoook-how! Karopka-da, şpilka-da ýok bärde. Telefonda gözellik salondaky joram (gelin)…

Gündeligimden #garaýyş👀  #2

Gündeligimden garaýyş👀 #5 On sany degişme dialog

Asla baglanyşygy bolmaýan temalarda ejeleriň "ejelik karty" manipulýasiýasy. 👩 Eje, nahar şor bolupdyr. 👵 Müň alada, müň gaýgym bar. Eje bolaňyzda sizi hem göreris-dä. 👩 Eje, bazardan pylan zat almagy unudypsyň. 👵 Haýsy bir zat ýadyma düşsün. Eje bolaňyzda görersiňiz-dä. 👩 Eje, bu nagşy ýalňyş çitipsiň. 👵 Serimde set (ýüz) - müň sany pikir bar. Eje bolaňyzda... 👩 Eje ýegenimiň/agtygyň balagyny ters geýdiripsiň-ä. 👵 Eje bolaňyz... 👩 Bolýa, bolýa. Özüm geýdirerin. 👩 Ejeee! Asmanda durnalar…

Gündeligimden garaýyş👀 #5  On sany degişme dialog

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

👦 Ýüregiňiz eýelimi, ýogsa, ak atly şazada garaşýaňyzmy? 👩 Ýok! Duşuşykda arkaýyn soganly-sarymsakly nahar iýip biljegim ýigit gözleýän. 👦 Hmm. Intellekt (intelligence) şahs däl ekeniňiz. Siz meniň isleýänimden däl. 👩 Nä özüňe haryt saýlaýandyryn öýdýäňmi?! Asyl-ha, sen meniň isleýänim däl, şepe! * * * - Özüňi ýene 5 ýyldan nirede görýäň? + Şu sowala hiç haçan jogabym bolmandy, häzir hem ýok we men bu ýagdaýdan birahat däl, hoşal! - Maksatsyz ýaşaýaň, bu gowy däl! +…

Gündeligimden garaýyş👀 #6 On bir sany degişme dialog

Gündeligimden garaýyş👀 #3

- Haýsynyň tagamy has gowy: pepsi ýa-da coca cola? + Bilemok. Birini satyn almaga pul tapýançam, beýlekiniň tagamy ýadymdan çykýar. * * * - Buzgaýmak iýesiň gelýärmi? + Joşsaň, iýesim gelýär, emma özüm tölemeli bolsam - "işdäm ýok"! - Şu sowukdamy? Üstesine-de gripli halyňa? + Hatda soňky demimde-de buzgaýmakdan ýüz öwürmen! - Bu nebis bolýarmy ýa-da söýgi? + Bu -- Nebis ununa ýugrulyp, Söýgi tamdyrynda bişen isleg. * * * 👵 Siz dagy ga:ny gaýnap…

Gündeligimden  garaýyş👀  #3

Gündeligimden garaýyş👀 #4

Allah'ym, dünýä ajaýyplyklardan doly, men bolsa ýaşamaga ýetişemok.. * * * 👵 - Men ýaşlygymda bilýärdim... 👴 - Nämäni bilýärdiň, ezizim? 👵 - Köp ýyllaryň geçmegi bilen seniň görmegeý garry boljagyňy. 👴 - "Görmegeý garry"... Hmm, owadan söz eken. Garry hatynlaryň içinde-de senden owadany ýok, perim! * * * Garry ynsan (meselem, 50+ ýaşly) öz ýaşytdaşyna aşyk bolup bilermi? "He-he, onda maýyl bolar ýaly sypat we 'ýangynly gijeler' ýok" diýseňiz, onda siz ýaş jübütleriň söýgüsiniň-de…

Gündeligimden garaýyş👀 #4