Teswirler (5)

Ýüklenýär...
User Avatar

Halyçy

Mandela täsiri - ýalan ýatlama sindromy

4 minut alar

Ýadymyzyň durnuksyz gurluşy we daşky gurşaw faktorlardan täsirlenmegi, ýalan pursatlar toslamagymyza sebäp bolup bilýär.
 Adamlaryň başdan geçirmändigine garamazdan, bir wakanyň bolup geçendigine ynanmalaryna Mandela täsiri diýilýär.
 Şeýle hem, Mandela täsirini bir hadysany köpçülikleýin ýatdan çykarmak, üýtgedibräk ýatlamak hökmünde kesgitläp bileris.
 Özüni paranormal gözlegçi hökmünde häsiýetlendirýän Fiona Broome bir konferensiýada Günorta Afrikanyň öňki prezidenti Nelson Mandela'nyň 1980-nji ýyllarda tussaghanada ölendigini agzaýar. Emma Mandela 2013-de dünýäden ötüpdi. Broome gözlegleriniň netijesinde, bu meselede özüniň ýeke däldigini, Mandela'nyň ölümi bilen bagly köp adamlaryň ýalňyş ýatlama eýedigine göz ýetirýär. Hatda Mandela'nyň 1980-lerde ölendigi hakda habar ýaýlymlarynyň we aýalynyň açyklamasynyň bolandygyny hem öňe sürenler bolupdyr.

 Köpçülikleýin ýatlama hatasyna mysal:

Broome bu waka esaslanyp, ynsanlaryň bir wakany köpçülik bolup, ýalňyş ýatlamagyna "Mandela täsiri" adyny berýär. 
 Bu toplum bolup ýalňyş ýatlamany käbirleri "parallel Älemlerdäki" ýaşalan wakalar bilen baglanyşdyrsa-da, bilim nukdaýnazynda bu ynsanyň ýatlama ukybynyň durnuksyz (tr.-esnek) gurluşy we daşky gurşaw faktorlaryndan aňsat täsirlenmesi esasynda döreýän hadysadyr. Mundan başga-da, ynsan aňynyň "boşluklary doldurmaga" meýilli bolmagynyň, ýatkeşlige (ýatlamalara) täsir edýändigini-de göz öňünde tutmaly. Meselem: Monopoly oýun gutusynyň daşyndaky obraz suraty ýatlaň. Köp kişiler ol ýaşuly gahrymany ýekegöz äýnekli (one lens glasses) şekilde ýatladylar, emma ol obraz hiç wagt äýnekli bolmandyr. Resmi hasabynda bolsa 2016-da diňe bir gezek Mr. Monopoly äýnekli görkezilipdir.

Mr. Monopoly hakykatynda äýneksizdir
Ýekegöz äýnege mysal hökmünde: (eng.- one lens glasses; tr.- tek camlı gözlük)

Biziň ol obrazy ýekegöz äýnekli ýatlamaga meýilli bolmagymyzyň sebäbi, köplenç murtly, şapkaly, garry erkekler uly ähtimallyk bilen äýnekli bolar düşünjäniň beýnimizde oýanmagydyr.
 
 Trolling maglumatlaryň mandela täsiri.

Internet bu galp maglumatlary ýaýratmak üçin elýeterli gurşaw. Ýalňyş maglumatlara ýygy-ýygydan duşanymyzda, belli bir wagtdan soň, beýnimiz ol maglumaty köp gaýtalap durmagy sebäpli, göýä, dogry, hakykat ýaly ýadymyza ornaşmagyna ýol açyp bilýär. Internetde meşhur kişileriň ölendigi hakda galp habarlary trollamak [trolling - çeňege düş(-ür)mek] maksady bilen ýaýyp bilýärler we  mediada beýle habarlaryň köp gürleşilmegi, meşhurlaryň hakykatda ölüp-ölmändikleri temasy okyjylaryň aňynda bulanyk (kaos) ýatlama galdyrýar. Şeýlelikde, müňlerçe okyjy ol meşhur kişini öldi diýip bilýär.

 Doly däl, bölek maglumatyň mandela täsiri.

Käte trollamak ýa-da henek (ýumor), ýaňsylama (satira) maksatly ýalan habarlary, wagt geçmegi bilen ynsanlaryň ýady ol wakany hakykatdan-da bolup geçen ýaly duýmaga başlaýar. Ynsanlar wakanyň hakykatda aňlaryndaky ýalydygyny, waka (ýa-da tema) bilen baglanyşykly gazetde (häzirki wagtda habar saýtlarda) okandyklaryny, surat, wideo görendiklerini aýdyp, ýatlamalaryny delillendirýänlerini (20 harply uzyn söz (-:) pikir etseler-de, aslynda, bu köplenç hakykatyň güwäsi bolup bilenok. Meselem, Prezident Rejep Taýyp Erdogan'yň 1994 Prezident saýlawlarynyň öň ýanynda "Ýekeje mal-baýlygym (emlägim) bu ýüzükdir" diýenindäki, ýüzügi elinde tutup düşürilen suraty bar. Aslynda, Erdogan ol suratda öz emlägi hakda aýtmaýardy, şol döwrüň Refah Partiýa'synyň saýlaw kompaniýasyna goldaw maksady bilen ugradylan bir ýüzük hakda aýdýardy. Ýüzügiň hekaýasyny gürrüň berýärkä düşürilen surat, bir gazetiň "Foto-Şaka" (degişme surat) bölüminde "Ine, ähli mal-baýlygym bu ýüzük" ýazgy bilen çap edildi. Suratyň bu şekilde paýlaşylmagy köp ýyllardan soň hem, adamlaryň aňynda (şahsyýeti ýaňsylaýjy şekilde) hakykat ýaly galypdyr.

 Ýa:t daşky gurşaw faktorlardan täsirlenýär

Mandela täsiri işleri bilen tanalýan dr. Elizabeth Loftus "maşyn heläkçiligi" barlagy bilen ýadymyzyň näderejede ynjyk, her tarapa çekilmäge açykdygyny subut etdi. Loftus we Palmer 1974-däki bu barlagda, bir topar meýletinçilere 30 sekuntdan az wagtly maşyn awariýasy bir wideo tomaşa etdirýär. Soňra meýletinçileriň waka şaýady ýaly gürrüň bermeklerini we maşyn tizliklerini takmynan aýtmaklaryny isleýär. Emma bu sowaly soranynda 5 topara bölünen meýletinçileriň hersine aýry sözler bilen ýüzlenýär: 1.aýylganç kakyşanlarynda; 2.kakyşanlarynda; 3.sähelçe çaknyşanlarynda; 4.degenlerinde; 5.gatnaşanlarynda (smashed / collided / bumped / hit / contacted).
 Ähli meýletinçiler şol bir wideony görendiklerine garamazdan, maşynlaryň tizlik çaklamalaryny sowaldaky söze görä üýtgedýärler, ýagny, ulanylan söz näderejede güýçli kakyşmagy häsiýetlendirdigiçe, çaklama jogaplarda aýdylan tizlik hem şonça artdy.
 "Waka däl-de, ol wakany nä şekilde, kimiň habar berýäni möhüm" diýlip, şuňa aýdylýan bolsa gerek. Ses tony we ýüz mimikasy hem şular ýaly täsirli.

 Emeli Akyl (intellekt) tehnologiýalary ösdügiçe hakykatlary ýalanlardan tapawutlandyrmak gitdigiçe kynlaşýar.

Loftus we topary bu barlag işini 1974-de edipdi. Daşarydan gelen sowaldaky söz saýlawlaryndan hem täsirlenip bilýän ýatlamalar, döwrümizde deepfake, Emeli Akyl bilen goldanan gurnamalar esasynda ýasalan wideolar, ýasama suratlar, sesler bu işiň içine girende nähili bolar..?
 XXI asyr dünýäsinde aňymyz ýalan ýatlamalary (pursatlary) döretmäge has ýykgyn edýän bolmagy ähtimal.

 Çeşme: https://teyit.org/teyitpedia/teyit-sozluk-mandela-etkisi-nedir


  Berdinazar Hudaýnazarow'yň "Myş-myş hakynda goşgusy" şu mowzuk bilen uýgunlaşýany üçin, siziň dykgatyňyza ýetirmek isledim:

Bilmen,
ilki bu habar kimiň dilinden çykdy.
Agzy ýapyk adam ýok,
Hemmäň agzy açykdyr,
Şol agyzlaň birinden
Tüm garaňka duwlanyp,
Iki agyz gep çykdy,
Ýylan ýaly towlanyp.
- A gyz, men-ä pylanynyň
halamadym ýüzüni,
"A gyz" bolsa täzeläp,
bu eşiden sözüni,
Şol gün agşam ýaýratdy
ine şeýle myş-myşyn:
"Aý-u! Ol pylany pahyr
erbet kesellänmişin".
Başgaçarak ýaňlandy
ertesi gün bu myş-myş:
"Balnysda'myş pylany,
bendäň haly agyrmyş".
...Bilmen, ilki bu gürrüň
kimiň dilinden çykdy.
Ýöne onuň asmandan
Inmedigi açykdy.
Aýdylyşy dek "agyzdan
başga agyz ýel alyp"
Gitdigiçe çişirilip,
Gitdigiçe ulalyp,
Ýetdi ýetjek ýerine,
Süýne-süýne ol myş-myş.
-- Aý-u, aý-u - diýdi - o bende-hä ölenmiş.-
...Kim bilýär bu gepçileň
bardyr belki plany.
Hernä myş-myşa bakman,
ýaşap ýördi "pylany".
 

72 |
|