Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Wajyp zat

7 minut alar

Wajyp zat

  (hekaýa)

Howa örän petiş bolansoň, daş-töwerekdäki ähli zatlar-baglardan başlap, ýol ugrunda pytrap ýatan süýji gaplaryna çenli bugarýan ýalydy. Şular ýaly howada diňe howa görä geýinmelidigine düşünmeýän ýedi-sekiz ýaşlaryndaky gyzjagaz galyň matadan tikilen köýnekde öýünden çykar. Onuň arka tarapyndan urýan ýalyn egnine ýetmän duran keltejik gara saçlaryny ikä bölüp geçýärdi. Şonda gyzjagazyň inçejik biliniň töweregine aýlanan iki sany gyzyl lentajyk öňe tarap uzalyp gidýärdi. Gyzjagazyň gulagy maşyn seslerine werdiş bolup gidensoň, ol uly ýola tarap seredeýinem diýenokdy. Maşynlaryň hereketini ol şeýle-de bilýärdi. Arka tarapyndan gelýän maşynlar öňe tarap barýar, olaryň barýan ýerinde Owadan gelnejeleri ýaşaýar. Ýoluň beýleki ýüzündäki maşynlar öýüniň deňinden geçip gidýär. Ýöne olaryň anyk nirä barýanyny gyzjagaz bilenok. Ýol ugrundaky maşynlar onuň üçin edil oýnaýan dörtburç gutujyklary ýaly. Maşynlaryň endigan hereketi  gyzjagazyň pikirlerini bozanok. Oýnaýan dörtburç gutujyklary hem onuň pikirleri bilen deň gopýar. Ýöne bardy-geldi şol gutujyklaryň biri elinden gaçyp, azap edip düzen piramidasy ýykylaýsa, gyzjagaz ukudan açylan ýaly bolýar. Şular ýaly duýgyny ol endigan hereketli maşynlaryň haýsy hem bolsa biri tizligini çaltlandyraýsa ýa-da ýüregiňi ýaryjy signal sesine basaýsa-da başdan geçirýär. Gyzjagazyň gözüne düşüp duran saçlary birýana agyp gidýär-de, şol saçlaryň aňyrsyndaky goňur gözleri eýýäm gözden ýitip barýan sürüjä gorky bilen seredýär. Onuň gorkudan ýaňa hasam janlanan gözlerinde şol bir wagtda bilesigelijilik peýda bolýar. Onsoň bilesigeliji ätiýaç etmekden janlanan goňur gözleriniň deňinden hiç kim biparh geçip bilenok. “Gorkdy öýdýän çaga” diýip, dolmuş aýal mähribanlyk bilen seslenýär. Ýöne gyzjagaz öz ugrunyň tersine barýan zenanyň ýörite özi üçin saklananyna-da üns bermeýär. Şo sebäpli zenanyň bir pursatda gözüne ilmäge ýetişen gara, yzy ýapyk köwüşjagazy edil gyzjagazyň özi ýaly derrew ýadyndan çykýar. Beýle köwüşde tomsuna yssy boljakdygy baradaky pikir ýyldyrym çaltlygynda öz oglunyň yz tarapy açyk mele şypbygyna geçýär-de, soňy maşgalanyň beýleki aladalaryna sapyp gidýär. Goňur gözli gyzjagazyň bolsa maşgala aladasy ýok. Onuň häzir bar aladasy elindäki sumkany dükanda satyjy bolup işleýän ejesine eltip bermek. Sumkanyň içini açyp görmek gadagan, ýöne onuň içinde kakasy bilen bagly bir wajyp zad-a bar. Gyzjagaz kakasyny ýatlanda ädimini çaltlandyrýar. Şonuň bilen birlikde maşynlaryň sesem öňküden batlanýar. Ol kellesindäki täze dörän galmagaly basmazlyk üçin maşynlaryň gohy bilen aýakdaş gitdi. Hemmesi birbada gowudam. Birdenem... Hemişe şular ýaly guşkelle biri tapylýar. Bolmasa ony başda görenem, bardyram öýden ýokdur. Ýöne ol ýerden çykan ýaly peýda bolýar-da, beýlekileri aňk edip goýaýýar. Yzly-yzyna signal sesine basyp, aýnadan kellesini çykarybrak “Perizat!” diýip gygyran ýaş ýigidem şeýle hili adamlardan bolmaly. Gyzjagaz onuň kime gygyrandygyny bilmek üçin yzyna-da gaňryldy. Oňa deňiç ýaş ýigidi heýjana salan “perizadyň” özem deňine ýakynlaşdy. Gyzjagazyň iň ilki duýan zady, petiş howada hasam dymyk duýulýan, ýöne örän ýakymly ys boldy. Ol şeýle ysy ejesi bilen goňşularynyň täze gelnini görmäge baranda-da alypdy. Ajaýyp ysly otagyň gözi öwrenişen Myrat daýysyna degişlidigini eşidende dagy haýranam galypdy. Işi ýyladyşhana gurap, köpräk hasyl almak bilen başagaý Myrat daýysynyň nädip beýle otaga düşendigi, asla şeýle otagyň nädip olarda peýda bolandygy gyzjagaz üçin täsinlik bolmagynda galdy. Her bir täsinlik hakda ejesinden soransoň, ejesi oňa bar syryň täze gelindedigini, otagy şonuň gözelleşdirýändigini düşündirdi. Gyzjagaz ejesinden özüne-de “gelin otag” edip bermegini haýyş etdi. “Ynha, seniňem agaň Batyr Myradyňky ýaly perizat alar, onsoň bizde-de bolar şol otag” diýip, ejesi göwünlik beriji äheňde gyzyny köşeşdirmäge çalyşdy. “Şol şaňňyrdaýan şaý-sepli gelneje perizatmyka?!” diýip gyzjagaz az pikirlenmändi. Ol perizatlaryň ýakymly ysly bolýandygyny şonda bilip galdy. “Munuňam gelin bolup düşen otagyndan ajaýyp yslar geler” diýip, gyzjagaz goňur gözlerini eýýäm deňinden geçen sary saçly perizada dikdi. Ýöne gelnejesindäki şaňňyr-şaňňyr edýän sese derek öňündäki gyzyň ökjeli köwşi tyrkyldaýardy. Gyzjagaz derden ýaňa elinden sypmaga synanyşýan sumkasyny ol eline geçirdi-de, sary saçly gyzyň deňine ýetmek üçin çalt-çalt ýöredi. Gözem gyzyň uzyn ökjeli köwşündedi. Özem kiçiräk wagtlary şeýle ökjeli köwüşleri köp geýip görüpdi, ýöne barysam gyzjagaza uly boldy. Şol sebäpden oňa diňe ulugyz çykansoň, ökjeli köwüş geýip biljekdigini, häzirlikçe bolany bilen oňmalydygyny yzy ýapyk gara köwüş alyp berende ejesi berk sargady. Gyzjagaz köwşi geýse geýdem welin, ol aslynda inçejik ökjeli, burny çüňkli köwüşleri gowy görýär. Olaryň sesem gulaga ýakymly. Indi ol perizatlar barada iki sany hakykaty bilýär: bir-ä, olaryň ýakymly ysly bolýandygy, beýlekisem, ökjeli köwüş geýýändiklerini bilýär. Gyzjagaz perizatlar hakda hasam köp zady bilmek üçin sary saçly gyzyň ýüzüne seretmäge çalyşdy. Onuň uzyndan inçejik ökjeli köwüşde-de gaty ýöräýşini diýsene. Ap-ak gollarynyň birinde saýawany, beýlekisinde-de tirsekden asylyp duran, köýnegi bilen reňkdeş sumkasy bar. Ol gyzjagazyň özüni synlamak üçin çekýän aladalaryna biperwaý seredýär. Sary saçly gyzyň bar aladasy, megerem, ak ýüzüni Günden goramak bolsa gerek. Gyzjagaz muňa düşünenden soňra sary saçly gyzyň Güne eräp ýitip gidendigine-de ähmiýet bermedi. Daş-töwerek şeýlebir yssy welin, ähli zatlardan bug çykýan ýaly. Adamlar nobata durup, gazly suw içýärler. Diňe şondan soň käbiriniň ýüzi ýerine gelýär. Gyzjagaz bolsa suw satylýan dükänjygyň deňinden gultunyp geçdi. Ol tizräk açmasy gadagan edilen sumkany ejesine eltip bermeli. Suw içmäge soňam wagt tapylar. Çaga sabyrsyzlygynam unutdyran bu sumkada kakasy bilen bagly bir wajyp zat bar. Belkem, şol wajyp zat basym kakasyny öýlerine-de getirer. Onsoň olar: gyzjagaz, ejesi bilen  kakasy hem-de  uly dogany Batyr dagy bolup, öňküsi ýaly agşamlaryna gezim etmäge çykarlar. Öňküleri ýaly gazly suw içerler, kakasy gyzjagazyny hasam aýnadar. Ol bolsa kakasyna görkezip ýetişmedik yzy ýapyk,  gara köwşüni mazamlar. Basymrak şol günlere bir ýetilsedi... Gyzjagaz kakasy ýokka ejesiniň iki gezek dagy çybyklap uranynam aýtmakçy. Şondan soň ejesiniň enesi bilen sögüşendigini, “Siziň dereksiz ogluňyza gelip, itiň gününi görýän” diýeninem aýtmakçy. “Ýa-da o ýerini aýtmasammykam?” diýen sorag gyzjagazyň endigan pikirlerini bozdy. 

 Ejesiniň satyjy bolup işleýän dükanyna indi sanlyja ädimler galypdy. Şeýle bolanda gyzjagaz hemişe ejesiniň satyn alyp beräýjek süýji-kökeleri hakynda pikir ederdi. Ol soňky üç aýyň dowamynda birinji gezek däp bolup giden süýji göwün ýüwürtmelerini bozdy. Gyzjagaz häzir ejesiniň  alyp berjek süýji-kökesi barada däl-de, kakasynyň gelende alyp berjek sowgatlary barada arzuw etdi. Hemmesi: kakasynyň getirjek sowgatlaram, ejesiniň şeýle pursatlarda açylýan ýüzem, gulaga ýakymly gülküsem, sary saçly perizat gyzam, özüniňem şo gyzyňky ýaly ökjeli köwüş geýjekdigem gyzjagazyň aňyndan şeýlebir çaltlyk bilen geçdiler welin, onuň göwnüne bolmasa, oýnaýan dörtburç gutujyklarynyň çür depede durany bir yraň atyp,  birdenem aşak gaýdan ýaly boldy. Şol wagtam tizligini saklap bilmedik maşyn bat bilen geldi-de, pyýada geçelgeden öwrüm edip, ýoluň beýleki ýüzüne geçjek bolup duran gyzjagazy iki metr aňryk zyňdy. Maşynyň nireden peýda bolandygyny endigan pikirleri bilen başagaý gyzjagaz aňyp ýetişmedi. Onuň pursatsalymda gözüne ilip ýetişen zady gapdal dükanlaryň birinden çykan hälki sary saçly gyzyň uzyn pakediniň aşagyndaky inçejik ökjeli köwşi boldy. Ýaňyja-da yssydan ýaňa gatnawsyz, edil mazarystan ýaly gum-gukluk bolup oturan köçäniň ugry adamdan doldy. Biri-birini itekleýän adamlaryň içinden birki sanysy gören kartinasyndan ýaňa ysgyny bolman, aýagynyň üstünde zordan duran sary saçly gyzy kakyp geçdi-de, gara ýoluň ugrunda gyzyl tegmilleri galdyryp, honda ýatan gyzjagaza tarap ylgady. Edil gyzyl güle gonmak üçin keteginden çykan arylar ýaly adamlar gyzyl reňkli galyň matadan tikilen köýnekde ýatan gyzjagazyň daşynda bir zat-bir zat diýşip gygyryşýardylar, ikiýana elewreşýärdiler. Hol beýleräkde huşundan giden,  ýap-ýaňyja-da “perizada” özüni görkezmek üçin perwaz uran sürüji ýigidiň ýüzüne suw sepip ýörenem bardy. Haýpygelijilik bilen kellesini yralaýan daýaw pyýada märekäniň içinden gyzjagazyň ýakyn garyndaşlaryny gözleýärdi. Ýene iki minutdan onuň goňşy dükanda satyjy bolup işleýän ejesi gelmelidi. Ýerde ýatanyň öz ýekeje gyzydygyny görüp aşak çökmelidi. Gözlerine ynanman, ynanasy gelmän gaýta-gaýta seretmelidi. Gitdigiçe hasam aýylganç bolup barýan barlyk üstünden asman bolup inmelidi. Zenan bolany üçin hasam ejizlemäge ýykgyn göwredäki ýüregiň sesi agy bolup çykmalydy. “Waý, gara bagtym, waý, Gyzylgülüm” diýip seslenmelidi. Tutuş dünýäni, ähli barlygy, maşgalasyny taşlap, başga bir aýalyň gujagyna giden ärini näletlemelidi. Gyzjagazyň bolsa bu bolup geçýän yzan-çuwanlykdan habary ýokdy. Ol eýýäm köçäni ýaňlandyryp gelýän polisiýa maşynynyň sesinem, “Tiz kömegi” çagyrýan adamlaryň sesinem, ejesiniň egninden tutup turuzjak bolýandyklaryna seretmezden, üstüne ýykylyp aglaýan gyryk sesinem eşidenokdy. Onuň üçin hol beýleräkde sumka, sumkanyň içinde-de kakasy bilen bagly bir wajyp zat bardy. Eger şol wajyp zady, enesiniň aýdyşy ýaly, ejesine eltip berse, onda kakasynyň öýe dolanaýmagam ahmaldy. Gyzjagaz kakasy gelende ilki bilen yzy ýapyk gara köwşüni görkezmelidi. Onsoň olar öňküsi ýaly, ejesi bilen kakasy, dogany Batyr dagy bolup, öýleriniň töweregindäki seýil bagyna gezim etmäge çykmalydylar.

 

 Bägül ATAÝEWA 

 

108 |
|