Teswirler (9)

Ýüklenýär...
User Avatar

Taryhçy

Özüňize ynamy nädip gazanmaly?

4 minut alar

Adamyň özüne ynanmagy onuň durmuşynyň islendik pursatynda wajyp bolan zatdyr. Özüňe bolan ynam hemme zadyň başlangyjydyr. Ynam bolmasa döredijilik bolmaýar. Döredijilik bolmasa hiç bir zat, şol sanda emeli gurşaw hem bolmaýar. Emeli gurşawa-da adam tarapyndan döredilýän emeli gymmatlyklaryň ählisi girýär. Ynam bar ýerde umyt bardyr. Bu zatlar barada aýdylara gep kän bolsa-da köp kişiniň özüne bolan ynamy juda pes. Biz bu makalamyzda, özüňe ynanmak we ony gazanmak bilen baglanyşykly käbir zatlar barada gürrüň edip geçeris. 

Özüňe ynamy nädip gazansa bolar? 

Özüňe ynanmagyň wajypdygyny öwrenen bolsak, onuň nädip gazanmalydygy barada öwreneliň. Birinji bilen, özüňe ynam diýlen zat bir emel bilen gazanylmaýar, sebäbi emel sözüniň özi ýalňyş. Bu ýerdäki zatlar bir emel däl, aslynda biziň hakyky etmeli we ýerine ýetirmeli zatlarymyz. Meselem pozitiw bolmak barada agzasak köp kişi şular ýaly zatlaryň bir emeldigini, özüniň bolşy ýaly hereket etmek isleýändigini nygtaýar. Emma pozitiw bolmak gündelik durmuşymyzda iň esasy zatlaryň biridir. Pozitiw adamlar töweregine üýtgeşik tüýsli energiýa ýaýradýarlar. Olaryň energiýasy beýleki adamlaryň hem ruhyny galkyndyrýar. Pozitiw adamlar ruhubelent adamlardyr. Ýüzümizdäki ol ýylgyryşy kiçijek zat hasap etmäliň, ol köp zadyň açarydyr. Şonuň bilen bir hatarda, özüňe ynam gazanmak hem pozitiw bolmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Özüňe ynanmagy biriniň sizi diňe goldap durmagy bilen bir hasaplamaň, sebäbi goldawlar, alkyşlar, bu zatlar sizi beýleki adamlara mätäç eder, sebäbi hemme ynanjymyzy beýlekileriň alkyşyna görä ölçeýäris. Özüňe ynanmagy başarmak üçin, şu aşakda görkezilen käbir zatlara üns bermek size peýdaly bolup biler. 

1. Özüňi gaty tankytlamak. 

Ilki bilen özümizden başlalyň. Aslynda özüňe ynanmakda esasy mesele seniň özüň, sebäbi hemme zat aslynda saňa bagly. Adamlar gündelik durmuşynda özüni mydama tankytlamak bilen hereket edýär. Bu tankytlar diňe bellibir çäkde saklansa peýdaly we gowy netijeleri berjekdir. Emma tankyt ol çägiň gyzyl çyzgysyndan çykdymy eýýäm zyýanly bolup başlar. Şol sebäpli özümizi tankytlaýan mahalymyz, bu tankydyň nähili ölçegdäki tankytdygyny barlalyň. Meselem bir zat başarmadyk diýeli, ol başarmadyk zadymyz üçin özümizi tankytlamak diňe bize zyýan berer, sebäbi boljak iş bolupdyr. Ýa-da ýalňyşdyk diýeli, ýalňyşyň netijesini synlap, içiňi çüýredip oturanyňdan peýda bolmaz. Şol sebäpli esasy ýerine ýetirmeli zadymyz, indiki işimize üns bermek. Mydama "bu gezek bolmady, emma indiki gezek gowy taýynlyk görsem, başarjagyma ynanýaryn" ýa-da "bu gezek ýalňyşypdyryn, emma şu zatlary etmesem, indi ýalňyşmaryn" diýmegi başarmaly. Ýalňyşan bolsaňyz diňe ýalňyşa nämäniň sebäp bolandygyny öwrenip, indiki gezek şolary gaýtalamajak bolmaga üns berip bilersiňiz, ýalňyşyň peýdaly tarapy şoldur. 

2. Özüňizi öwüň. 

Özüňizi gaty tankyt astyna almaly däldigini öwrendik, indi özümizi öwmegi hem öwreneliň. Şeýle sorag ýüze çykýar, gaty tankytlap özüňe ynamy ýykyp bolýan bolsa, özüňi öwüp ony gazanyp hem bolarmy? Elbetde bolar. Eger bir gowy iş eden bolsaňyz, özüňizi öwüň. Meselem ýolda bir çaga dur diýeli, şony elinden tutup ýoldan geçirdiňiz, köp kişi bu hereketiň kän bir üýtgeşik zat däldigini pikir eder. Emma siz örän gowy zat etdiňiz, we adaty adamlar ýaly üns bermezlik etmeli däl-de, özüňizi "men gowy iş etdim, çaganyň ýoldan geçmegine kömek etdim, berekella" diýip öwmeli. Elbetde muny iç sesiňiz bilen diýmeli. Ýa-da mundan hem ujypsyzja bir zat etseňizem, özüňizi öwüp, alkyşlamaly. Bu size özüňiziň ynamyňyzy gazanmak ýolunda kömek eder. 

3. Başga adamlary diňlemek. 

Elbetde adamlaryň pikiri, baha berişi, tankydy wajypdyr emma her bir adam hem gowy maslahat berjek derejede akylly däl. Her adamyň düşünjesi üýtgeşik. Şol sebäpli sizi tanamaýan, siziň bilen kän gatnaşmaýan adamlaryň pikirlerini gözüňizde ulaltmaň. Esasanam negatiw sözler diýip, keýpiňizi bozan adamlary hiç diňlemäň. Näme bu negatiw sözler? Meselem, bir zat etjek bolaňyzda "başarmarsyň", "edip bilmersiň", "bolmaýmasa", "bolup bilmez" diýýän adamlary hiç haçanam diňlemäň. Şahsyýeti kämilleşdirmek ugrunda "başarmarsyň", "edip bilmersiň" ýaly sözler özüňe ynamyň ganhor sözleridir. Siz "başaryp bilerin" diýip hereket ediň, netijede bir zat etjek bolan mahalyňyz ýoluňyzda her dürli böwetler çykar. Bular käwagt maşgalaňyz hem bolup biler. 

4. Geçmişi gorjalamak. 

Geçmişi gorjalamakdan hijem peýda tapmarsyň. Geçmişden diňe bir zat öwrenip bilersiňiz, olam ýalňyşlaryňy we olary gaýtalamazlygy. Elbetde her bir adam geçmişinde erbet, hatda aňa zeper ýetirjek zatlar başyndan geçiren bolmagy mümkin. Netijede hemme maşgalada ene-ata akylly-zehinli bolup duraýanok. Emma geçmişde nähili zatlary başdan geçiren bolsaňyz, olar geçmişde galdy. Indi ol zatlar ýok. Geçmişde bolan zatlaryň häzirki durmuşyňyza täsir etmegine ýol bermäň. Geçen zat geçdi, emma geljek öňde, wagt öňe tarap hereket edýär, yza aýlanmaýar. Şol sebäpli geçmişiňizdäki erbet wakalary unutmasaňyzam olary dowam etdirmäň. Eger ol gaty erbet bir hadysa bolsa, ol zäheri ýaşadyp näme etjek? 

5. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulmak. 

Adamzat - jemgyýetiň önümi. Şol bir wagtyň özünde sosial jandar. Şol sebäpli adam gatnaşyk gurmaga, pikir alşyp berişmäge mätäç. Eger siz öýüňizde, hiç zat bilen işiňiz bolman, diňe bir zatlar bilen meşgul bolup ýören bolsaňyz özüňize zyýan edersiňiz, özüňize muny dözmäň. Daşaryk gidiň, dünýä bilen tanyşyň, meselem bir kursa ýazylyň, bir seýilgähe aýlanyň, köpçülige goşulyň, umuman, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna goşulyň. 

 

Ulanylan çeşmeler:

1. 30 adimda özgüven - Sam Horn. 

2. Zafer sizlanarak kazanilmaz - Haluk Tatar. 

316 |
|