...

Bagul Atayeva

@bagul08

Ýazyjy. 7 dilde gürleýärin (arap dilinde okaýaryn we ýazýaryn, 8 dil bolyar). 3 dilde çeper edebiýat ýazýaryn -türkmen, rus, iňlis. Fransuz, ispan, pars, türk (arap) dillerinde gürleýärin (sertifikatly :))) bulardan daşary urdu we hindi dilleriniň grafikasyny bilemok, ýöne düşünýärin biraz.

Birinji we ikinji

Birinji we ikinji (hekaýa) Men onuň özüne dar bolýan gök köýneginiň etegindäki gara sapajygyň aşaky epinden sary köwşüniň burnundaky ýasama güljagaza ilişip durşuna birsalym seredip durdum. Onuň köýneginiň aňyrsyndan bildirip duran kelteden hor aýaklarynyň baslanyan yerinde gara reňkli iki sany uzyn lentajyk sallanyp gidýärdi. Ol lentajyklar öňümde duran on dokuz ýaşlaryndaky gyzy on üç-on dört ýaşly gyzjagaz hökmünde göz öňüne getirmäge kömek etdi. Men onsuzam ýadaw ýylgyrşymyň üstüne kinaýa çaýyp: -Eliňizdäki nähili kitap?-diýip soradym. Ol…

Göroglynyň monology

GÖROGLYNYŇ MONOLOGY Maňa görde doglanym üçin Görogly diýýärler, men seniň üstüňde doguldym, Gyrat! Il – halky ýagtylyga çykaranym üçin Röwşen diýýärler, men görden ýagtylyga çykan Oguldym, Gyrat! Beýik daglara syn edip, depe – düzleri segredip, eýýamlaryň beýigi bolup, sowuldym, Gyrat! Armanym, Gyrat, permanym, Gyrat, hiç teselli tapmadyk kalbyma dermanym, Gyrat. Seni gözümiň agyna deňärdim, olar eýýäm gum bolupdyr, perzent dilemedim, seni dilärdim, bizden soňy şum bolupdyr. Görden çykyp, ilki görenim seniň ak reňkiň boldy. Şol…

Kagyz Şäherjigi

Sen aýdymçy bolaýma? – diýip, daýzalaryň biri närazy sorady. Özüň-ä şolara meňzeýärsiň – diýende, hemmeler ony igenýändir öýtdi. Näme üçin seni, ala – böle seni gözýaşly edip çekdikä? – diýip, maňlaýy giň şekiljik giň ädimläp, şekiljikleriň märekesinden saýlandy. Ol gyz bilen deňleşdi-de, märekä tarap ýüzüni öwürdi. Ellerinem arkasynda gizläp, märekä hekgerilip seretdi. Bu onuň örän çynlakaý söze başalajak bolanda edýän hereketleridi. Ol: – Diýmek, bu ýerde, hormatly suratdaşlar, bir zad-a bar. Bir emmajygy bar bolmaly…

Kagyz Şäherjigi

Kagyz şäherjigi (hekaýa) Bular ýaly şäherjigiň haçan we kim tarapyndan döredilendigini anyk aýtmak çetin. Sebäbi onuň ýaşaýjylaram beýle täsin şäheriň haçan peýda bolandygyny bilmeýärler, hatda, şäheriň örän geň şäherdigine-de düşünmeýärler. Olaryň bar bilýän zady – bu şäheriň häkimi maşgalasyz, ýalňyz Suratkeş bolmaly. Hiç kim henize çenli onuň ýüzüni görmek hukugyna eýe bolup bilmändir. Ol şäheri etekläp oturan dagyň aýagujunda ýerleşýän bir otagly, pessejik jaýda ýaşaýarmyş. Jaýyň diňe bir otagdan ybaratdygy baradaky çaklamalaryny ogryn – dogryn…

On altynjy ýaz

On altynjy ýaz (liriki hekaýa) Ol şo ýaza hemişelik aşyk boldy. Ömrüniň on altynjy ýazy şeýlebir üýtgeşik, şeýlebir duýdansyz geldi welin, edil ertekiler dünýäsine düşen ýaly, wagty bilen aýňalybilmedi. Mart, belkem, hemişe martdyr, ýöne aprel... Aprel aýy ýagyş juda köp ýagdy. Köçelerde tolkunyp ýatan düýbi läbik, ýüzi sary reňkdäki suwa seredişip, gaýykly geçsekmikäk diýýän haýsy, eline ilen kerpiçdir uly daşlary suwuň içine taşlap, geçer ýaly ýol ýasaýan haýsy. Ýagyş bolsa ýene siziň köçäňize dolanýandyr. Öňki…

"Gorkut ata" eposy. Öýüň tagtyna deňelen zenan

“Gorkut ata” eposy türkmenleriň yslam dinini kabul eden döwrüniň wakalaryny öz içine alýan gymmatly eserdir. Bu eseriň üsti arkaly milletiň ruhy keşbini aýdyňlaşdyrýan özüňi alyp baryş (etiket) kadalaryna göz ýetirmek mümkin. Şol özüňi alyp baryş kadalary halkyň uzak wagtyň dowamyndaky ynanç – ygtykatlaryndan kemala gelipdir. Şeýlelikde, belli bir ahlak ýörelgeler ulgamyny düzen jemgyýetiň ony beýleki jemgyýetlerden düýpgöter tapawutlandyrýan hem-de millet diýen kesgitlemesini doly derejede ödeýän mentaliteti ýüze çykypdyr. Mentalitet – . Başgaça aýdanymyzda, mentalitet –…

Bitaraplygyň sütünleri

Bitaraplygyň sütünleri Adamlaryň köpçüligini dürli – dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar, mähelle, taýpa, millet, halk we ş.m Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylymlarynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine ... seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet gurmakdaky, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar. “Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri” atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek prosesi…

Gorkut ata döwrüniň milli egin-eşikleri

Gorkut ata döwrüniň milli egin – eşikleri hakynda Egin – eşikleriň haýsydyr bir döwrüň taryhyny dikeltmekde örän ähmiýetli orny bardyr, sebäbi şol döwrüň adamlarynyň aň – düşünjeleri, sosial ýagdaýy we mentaliteti (ýaşaýyş medeniýeti) olaryň geýýän eşiklerinde şöhlelenýär. Gorkut ata döwrüniň egin – eşiklerini dikeltmekde biziň iň ygtybarly çeşmämiz “Gorkut ata” eposydyr. Eposda donlaryň birnäçe görnüşiniň ady tutulýar. Olar, esasan, reňki taýdan (sary don, gara don) tapawutlanýarlar. Şeýle hem eposyň birnäçe boýunda jüpbe donuň we inçe…

Meniň edebi gahrymanym

Meniň edebi gahrymanym Meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Ak gämi” powestinde Çypalak atly barmak boýa deň oglanjyk hakyndaky erteki bar. Erteki boýunça, şol barmak boýly oglanjygy günleriň bir güni açgöz möjek ýuwdupmyşyn. Ýöne ol bu eden işine soňundan örän ökünipdir, sebäbi onuň ýuwdan barmak boýly oglanjygy möjege hiç rahatlyk bermändir. Ol möjegiň içinden gygyryp, onuň ähli açgöz meýillerini püçege çykarypdyr. Möjek aga barmak boýly oglanjygy ýuwutmak bilen başyňa belany satyn alyp bolman, eýsem, başyňa belany…

Diş

Diş (hekaýa) Ol ýüregindäkini nädip dile getirjegini bilenok. Haýsy sözleri oýlap tapanynda, ýerli – ýerinde goýuşdyranynda, başdan geçirýän ýagdaýyny beýan edibilerkä? “Seniň ýagdaýyň gowumy?” – diýip, ýygydan soramaga başlan aýalyndan gaçyp ýörmäge derek, hakyky ýagdaýyny nädip aýdarka? Bir öýde ýaşap ýören adamyňdan haçana çenli gaçyp gezjek? Onuň bir zatlary syzýandygyny bildirýän, gümana dolan garaýşy nirede bolsaňam arkaňdan ýetýär ahyryn. Islendik künçden seni gözläp tapýar ahyryn. Özüň bilmezden arkaňa öwrülip, häzir näme bolýandygyny aýtmaly bolar diýen…