Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Bitaraplygyň sütünleri

3 minut alar

Bitaraplygyň sütünleri

Adamlaryň köpçüligini dürli – dürli atlandyrýarlar. Märeke, üýşmeleň, topar,  mähelle, taýpa, millet, halk we ş.m Şular ýaly adalgalar sosiologiýada, psihologiýada we taryh ylymlarynda ýygy-ýygydan duşýar. Adamlaryň  köpçüligi jemgyýetiň düzümini düzýär. Şol düzümiň sanyna, maksadyna, medeniýetine ... seredip, olary dürli toparlara bölmek mümkin. Adamlar köpçüliginiň içinde taýpa, halk, millet bölünişigi özüniň gelip çykyşy boýunça döwlet gurmakdaky, jemgyýet bolmakdaky wajyp orny bilen tapawutlanýar.  “Adamlaryň umumylygynyň taryhy kökleri” atly kitapda taýpanyň halka, halkyň millete öwrülmek prosesi (ösüş hadysasy) hakynda gürrüň berilýär. Bularyň biri – birine öwrülmek prosesiniň umumy dil sebäpli amala aşýandygy nygtalýar. Diýmek,adamlar köpçüliginiň soňky ösüşi “millet” hökmünde kesgitlenmek bilen, ol dört sany alamat babatda:

  1. Ykdysady durmuşynyň umumylygy taýdan;
  2. Umumy dili taýdan;
  3. Umumy tutýan meýdany taýdan;
  4. Halkyň umumy psihologiýasynyň “medeniýet” diýlip atlandyrylýan käbir aýratynlyklary taýdan tapawutlandyrylýar.  Şu ýerde milletiň baş görkezijisi hökmünde onuň ykdysady durmuşynyň esasy orundadygy bilen ylalaşýandygymyzy tekrarlasymyz gelýär.  Sebäbi Magtymguly Pyragynyň: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýşi ýaly, umumy dil bilen umumy meýdanyň bolmagy hem millet bolmak üçin ýeterlik sepgit däldir. Millet bolmak üçin hökmany suratda millet hökmünde kesgitlenen halk köpçüliginiň ykdysady umumylygy gerek. Maşgalada bolşy ýaly, millet hem bir bitewi köpçülik ulgamydyr. Eger maşgala agzalary birek – birekden rysgyny aýry tutýan bolsa, onda beýle maşgala bitewi däldir. Wagtyň geçmegi bilen şeýle maşgalalarda bölünişigiň emele geljekdigi öz – özünden düşnükli bolsa gerek. Geçmişde türkmen halky uly maşgalalary hem bir saçagyň başynda jemlemegi başarypdyr. Çünki ykdysady umumylyk geljekde bitewi bolup ýaşamaklyga şert döredipdir. Şol sebäpden türkmen halkynda saçagyň başynda özüňi alyp barmagyň giden bir ulgamy emele gelip, ol medeni gatnaşyklaryň kämil derejesine çenli ýetirilipdir. Soňabaka bu medeniýet goňşular bilen aragatnaşygy saklamakda hem möhüm orny eýeläp başlapdyr. Çünki islendik aňlanylan, düşünilen hereketler ösmek bilen bolýar we ol soňlugy bilen beýlekilere täsir edýär. Hut “täsir etmek” düşünjesi millet düşünjesiniň esasynda kemala gelendir. Çünki täsir etmekligiň hem edil millet düşünjesiniň ösüşinde bolşy ýaly, eýeçilik etmek düşünjesi bilen gönüden – göni gatnaşygy bar. Täsir edip bilýän adam – bu eýeçilik edip bilýän adamdyr. Şeýle ykrar edilen hakykat bilen köpler ylalaşsa gerek. Eýeçilik edip bilýän adam bolsa, milletiň wajyp düzüm bölegine degişli hasap edilýär. Çünki ol geljekde beýlekileri hem şu ulgama birikdirýär we olaryň geljekki ösüşine gönezlik – ýardam edýär. Diýmek, maşgala milletiň protoshemasy diýip bileris. Eger-de, maşgala bitewiligi onuň ykdysady birligi bilen üpjün edilýän bolsa, bu millet babatda hem şeýledir.  Bu bolsa öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň: “Ýurdy halkyň ruhy medeniýetiniň, onuň özboluşlylygynyň we dünýä akyl ýetirişiniň üsti bilen görkezip, döredijiligiň filosofiýasy ykdysady pikirlenişiň many – mazmunly we jogapkärçilikli binýady edip alynýar”[1] – diýen sözleriniň jemgyýetçilik ykdysady ösüşi üçin wajyplygyny tassyklaýar. Şeýlelikde, milletimiziň berk kuwwatly ösüşiniň esasy hökmünde çykyş edýän ykdysadyýetimiz jemgyýetçilik pikirlenişiniň durmuşyndan üzňe hadysa däldir. Halkyň milli ykdysadyýet baradaky aň-düşünjesi “Dok garna bela ýok” ýaly birnäçe nakyllardyr atalar sözleriniň mazmunynda hem şöhlelenipdir. Gahryman Arkadagymyz: “Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek wezipelerini doly derejede üstünlikli çözmek mümkinçiligi bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirmegiň beýleki bir möhüm netijesi boldy”[2] – diýmek bilen, milletiň ykdysady bitewiligini berkitmek, onuň abadan ýaşaýşynyň esasyny düzmek ýaly işleri amala aşyrmagyny dowam etdirýär. Ýurt Baştutanymyz bize şeýle mümkinçilikleri döredýän Bitaraplyk syýasatyna wepalylygy ýaşlarda terbiýelemegiň möhümdigine ünsi çekýär. Ýaş nesil Hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyna wepalylyk ruhunda terbiýelenip, geljekki günlere ynamly ädim ädýär.

 

 Bägül ATAÝEWA 

 


 


[1] Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe. – A.: TDN.,sah.411

 [2] Dünýä  dursun – Parahatçylyk dursun.: - A.TDN., sah.12

32 |
|