Pikir

Profil suraty

Ay OR

@ayor

·

3 minut alar

Siz/Biz ýalta DÄL

"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!". Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär: Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz. Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk. Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters…

Siz/Biz ýalta DÄL

2 minut alar

Näme üçin “Passenger”?!

Köpleriň gyzyklanmasy bilen soradyklary sorag bar- Näme üçin “Passenger”?! jogaba gelmezden öň başga soraga seredeliň. “Biz kim we bu dünýä näme üçin geldik?” bu soragy googleden gözleseň her dürli düşünjeler çykar. Olaryň köpüsine seretsek gazanç etmek maksady bilen işlenen işlerdir. Ýagny biz adamalar käwagt bildiklerimizi pula, şan-şöhrata çalyşyp bilmezlikde galýarys. Asyl menzilimiziň nämedigini unutýarys ýa-da hiçbir habarymyz hem bolmaýar. Sorag-biz kim?, jogap-adam(adamogly). Ony bizde bilýäris diýýänsiňiz. Aslynda bilmeýäris. Bu ýazanymyz anyk jogap däl. Ýagny ilki…

2 minut alar

Ideýanyň gymmaty

Arada biri, bir programmanyň üstünde işleýänligini we şony durmuşa geçirmek üçin inwestor gözleýänligini ýazypdyr. Menem gyzyklandym, göreýin belki çyndanam orginal pikiri bardyr we durmuşa geçirjek energiýasy, höwesi hem bardyr diýip ýazyp gördüm. Birnäçe sorag-jogapdan soňra maňa näçe pul gerekdigini aýtdy, çözjek bolýan problemalaryny aýtdy. Ýöne nädip çözjek bolýany barada hiç zat aýtmady. Bulary nädip çözjek bolýanyny soradym. Maňa bu planlaryň, ideýalaryň gizlinligi üçin ýüzbe-ýüz görüşýänçäk aýdyp bilmejegini aýtdy. Muny soramagymdan öň eýýäm başga sebäplerden ol…

2 minut alar

Düşünüşmekligiň syry

Düşünüşmäniñ syry Adamlaryñ näme barada gürleşýändikleri dälde, nähili düşünýändikleri wajypdyr. Munu şu gysga hekaýanyñ üsti bilen düşündürmek bolar. Bir gün Rim papasy iudaizm dinine uýýan iudeýleriñ ählisiniñ Rim döwletinden çykyp gitmeklerini buýurýar. Iudeýler bolsa bu buýruga garşy çykýar. Bu meseläni çözmek üçin Rim papasy bilen iudeýleriñ arasyndan bir wekil saýlap, dini gürrüñdeşlik geçirmeli diýilen netijä gelinýär. Iudeýleriñ adyndan çykyş etmeli wekil hökmünde, Moizi diýen bir kişini saýlaýarlar. Emma Moizi Rim papasy bilen bir dilde gepleşip…

2 minut alar

Pikir Durlamak

Ýene güýz, Güýz bolsa saralýar ýaprak Ýaprak saralanda durlanýar pikir. Ezizowyň her gezek Güýz barada ýazanynda aslynda ölüm hakynda ýazýandygy hemmä mälim bolsa gerek. Aslynda diňe ölüm hakda diýip ony pessimist görkezmek hem rehimsizlikden başga zat däl. Ol her gezek ölüm barada ýazanynda aslynda ölüm bilen tans edýän ýaşaýyş barada hem ýazýardy. Ol hiç haçan ýaşaýşy wasp edýänleriň ölümi unudyşy ýaly etmändi. Nädip etjek? Wagtyň başlangyjyndan bäri bir-biri bilen kowalaşyp tans edýän iki söýgülini nädip…

2 minut alar

Men öldürdim.

Başlarda seniň bilen aramyz nähili gowudy. Birzatlar öwrenmän geçirýän ýekeje sekundymam ýokdy. Güýjümiň iňsoňky damjasyna çenli haýdap öwrenip-öwrenip ýadap ýatyp galýadym. Indi seredip otursam iň süýji günlerimem şol günler eken. O wagtlar gaty günäsizje ekenim. O wagtlar ölümiň, öldürmegiň nämediginem bilemok ekenim. Belli bir wagtdan soň öwrenmekden öňküsi ýaly lezzet alman başladym. Indi seň bilen diňe öwrenip ýörmek gyzykly gelmän başlapdy. Belkem soňa-baka öwrenmeli zatlarymy ýalňyş saýlap başlandyryn, bilemok. Daş töwerekde maňa erbet görelde boljagam,…

Profil suraty

Ata Mammed

@atalimon13

·

1 minut alar

Maglumat esasynda karara gelmek...

Bugün nahili kararlar berdiniz? Iyjek naharynyzy? Geyjek köwüşinizi? Işiňizdäki täze proýekty? Klassiki ykdysadyýetçiler, adamlaryň rational janlydygyny we alýan kararlarymyz hemişe logika daýanýandyr diýipdirler. Riçard Thallere görä bu beýle däl, onuň kitabynda adamyň alýan kararlary 90% emosional . Diymek biz, adamlar, koplenç erbet kararlar berýäris, bu gowy ýa-da erbet diýip bijekdäl, sebäbi adamlar eden ýanlyşlaryndan öwrenýärler… Biz, adamlar, hergün bir näçe kararlar edýäris we bu kararlar biziň gelejegimize täsir edýär, ýada hiçzada täsir etmeýär. Käwagt bu…