Teswirler (14)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ertir öljekdigiñ ähtimallygy 50%

2 minut alar

Ähtimallyk hasaplamalary...

   Okuw jaýlarynda ähtimallyk atly tema geçilerdi. Mysal üçin, bir torbada on top bar diýilýärä...

   Ilki şu soragy ýatla: "Bir torbada on sany top bar. Olardan dörüsi ýaşyl, üçüsi gyzyl, ikisi gök, biri ak. Torbadan alynan bir topyň gök reňkli bolmak ähtimallygy näçä deň?" Ýaşaýan ýaşamaýan, matematika bilen gyzyklanýan gyzyklanmaýan herkim bu soraga 20% diýip jogap berer. Sen hem...

   Indi, ähli öwredilenleri ýatdan çykar we diňle! Ýokardaky torbadan alynan bir topyň reňkiniň gök bolmak ähtimallygy hakykatdan hem 20%-mi ?  Pikirlen! Torbada dörk görnüşli reňkde top bar ýaly görünse-de , aslynda diňe iki sany reňk bar dälmi nä? Biri gök top beýlekisi hem gök däl top. Netijede torbadan alan topyň ýa gökdür ýa-da däl. Diýmek, ýaşyl, gyzyl, ak bolsa gök däldir , gök bolsa-da gökdür. Şeýlelik-de jogap 20% däl-de, 50%-dir. 

   Bir futbolçy on gezekki penalty urgysyndan diňe birini gol geçirip bilýän bolsa, on birinji urgysynda gol geçmekliginiň ähtimallygy 10%-mi, ýa 50%-mi? Elbet-de 50% . Depilen penalty ýa gol bolar ýa-da gol däl...

   Durmuşda heniz amala aşmadyk islendik zadyň   bolmak ähtimallygy hökmany 50%-dir. Ýa ha bolar ýa-da bolmaz. 

   Elbetde şeýle pikirdäki adam hiç wagt geň galmaýa, hiç hili alňasamaýar we asla umytsyzlyga düşmeýär. Çünki onuň üçin herbir zadyň bolmak ähtimallygy şol bir zatdyr. 50%...

 


   "Erdal Demirkıran - Ben Dünyanın En Akıllı İnsanıyım"  kitabyndan bir bölümçe...

Teswirlerde pikir alyşalyň...

333 |
|