Gir
Makala
#agaç

DANALARDAN BIZE ÇENLI GELENLER

@serdaryn_pikirleri · 23-nji fewral, 2024 · 1 minut alar23 few 2024 · 1 minut alar

Kiçijik tohumyň ösüşini we ägirt uly agaja öwrülişini synlamak durşuna bir gudrat. Gün geçýär, aý geçýär we pasyllar ony öz boluşly howasy bilen şekilden şekile salyp, biziň üçin ullakan miweli bir agaja öwürmegi başarýar. Gyzgyn tomus howasynyň ony ýakmaýşy ýaly, gyşyň aýazly sowuk howasy hem ony guradyp bilmeýär. Hut, şunuň ýaly, eýjejik çaganyň hem ullakan adama öwrülmegi şeýle dälmi? Adam nähili kynçylyklary başyndan geçirip, egsilmän ýygrylman dik durup, durmuş ýoluna dowam etmegi başarýar. Arasynda ejizleýär, köplenç tapdan düşýär we barzatdan hem höwesi gaçyp bilýär. Emma şonda hem durmuşyň dowam edýändigine düşünýär we ýene hyjuw bilen, has dogrusy öňküsinden hem uly höwes bilen galanja ýerinden dowam etmegi başarýar. Ekilen agaç ýaly, adamyň durmuşyny başdan aýak gözden geçirip, aralaryndaky baglanyşygy göz öňümize getirenimizde şeýleräk netijelere gabat gelip bolýar.

 

Danalar adamyň öz durmuşynda hökmany suratda berjaý etmeli üç sany işini belläp geçýär:

 

  •  Nesil ýetişdirmek we olary kemala getirmek,
  •  Eser döretmek (kitap ýazmak, makala ýazmak ýa-da islendik sungata degişli - bir eser döredijiligine girişmek),
  •  Agaç ekmek we ony ösdürmekden ybaratdyr. Ýene muňa goşjak zatlarymyz bolup biler. 

 

Elbetde, adam munça zähmetiniň netijesini göresi gelýär. Ähli ildeşlerimiziň dünýä bähbitli edýän işleriniň rowaç almagyny we eken agajy kimin miweli bolmagyny ýürekden arzuw edýärin. Iň bolmanda meniň eken agaçjym miwe bermese-de, gynanmaryn, guran agajym odun deregine ulanylar. ʺZähmetiň soňy rehnetʺ diýipdirler. 

2

2 jogap

Azady, Wagzy-Azat; we ş.m kän kitaplar bu mowzuk bilen bagly gollanma bolup biler. Wah, adam üçin edilesi iş kän-le :). Esasy zat şolary etmek üçin yhlas görkezmek, gaýrat etmek. Gowy tema deginipsiňiz! Hakykatdan hem "zähmet soňy rehnet". "Bizi öldürmeýän zat, bizi güýçlendirer" -Friedrich Nietzsche;

Gaty gowy :) umuman, arada bir kitap görüpdim, awtory ýadyma düşenok, ýöne kitabyň ady ýadymda galypdyr: "sen yürü, yollar sana görünür" (türkçe ekeni). Bu kitap näme hakda ýazylan bilemok welin, ady diýseň owadan ekeni. Men bu şygary gaty özüme ýakyn kabul etdim, we hakykatdan hem edil şol bolmasa-da şoňa meňzeşräk strategiýa bilen ýaşaýaryn. Öňe tarap haýsy hem bolsa özüme ýakyn bolan bir ýoly saýlap ýöräberýärin. Dowamy öz-özünden görünip başlaýar, eger soňy bar bolsa bardygy, ýok bolsa ýokdugy. Esasy zat ugur saýlamak we ýöremek, galany zähmet bilen aň, nesibe işi! Şu ýerde, Richard Branson'yň kitabyny we Virgin-yň döreýşiniň hekaýasyny belläp geçesim gelýär. Gaty täsin ösüş hekaýasy, gyzyklanyp görüň!

Ýene 4 jogap
2

makalam sosial tor: gysga postlar we uzyn makalalar.

Hasap aç