Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

MS biofizika

Menem Öserin

2 minut alar

Aram-aram oturup başy garly daglara seredýäň. Asyrlary başyndan geçiren goja dag ägirtligi bilen ejizligiňi ýüzüňe basýar. Senem alaçsyz boýnuňa alyp başyňy egýäň. Soňam ýene çür depesine seredýäň. Kelläňden herhili pikirler geçýär. Soraglar sorasyň gelýär. Wagtynda şu dagam tep-tekiz bolanmyka? Näçe goja bolsa-da ýer şaryň özündenä goja däldir.

Iň ýokarydaky nokady ünsüňi çekýär. Millionlarça ýyllap dowam etjek ösüşiň başy nädip başlandyka? Ägirt-ägirt plitalaryň arasynda gysyldymyka? Ýa müňlerçe ýyllap bagrynda magma gaýnatdymyka? Eý çür depe! Senem şu beýikligiňe töweregiňdäkileri günäkärläp, “bulara ösenok” diýip zeýrenip ýetdiňmikäň? Ýa “men öseýin töweregimdäkilerem hökman yzymdan geler” diýdiňmikäň? “Aý borla, haçan ösüljek, haçan beýgeljek, bu zatlar million ýyl alýara” diýdiňmikäň senem? Beý diýen bolsaňa ösübem başlamazdyň.

Bagryňdaky hereketlilik, iki tarapdan gysylmak aňsada däldir. Titräp-titräp silkinensiň. Seniň bilen asmana çykmana taýýar däl daşlaram pytrap gaçandyr. “Aý ýok bular pytrap gaçyp ýatyra” diýip ösmekden dändiňmi senem? Ýa-da “has berk ýapyşan daşlarym meniň bilen” diýip dowam etdiňmi?

Beýige galdygyňça şemal köpelýär, howa sowaýar. Bu zatlaram seni gorka saldymy eý goja dag? “Hemme zat meň üstüme gelýär, bar tupanlar maňa sataşýar” diýip naladyňmy? Ýa “bu beýiklikde öňem şemal bardy, beýikligiň tebigaty şeýle” diýip çydamak bilen bolduňmy?

Ýokary çykdygyňça jandarlar azalýar, ýalňyzlaşýaň. Depäň gardan, buzdan dolýar. “Bu zatlar meni hasam ýalňyzlaşdyrýar” diýip zeýrendiňmi? Doňaklykdan ýadadyňmy? Ýa düzlüklere jan berjek derýalaryň gözbaşyndan teselli tapdyňmy. “Men şuwagt doňaklyga, ýekelige çydaýan ýöne ýaz geler bu doňaklyklardan akan çeşmeler dürli jandarlaryň teşneligni gandyrar” diýip kalbyňy köşeşdirdiňmi?

Adamlar seni sowuk diýip, ruhsuz diýip ýazgardylarmy? Men barada kim näme diýýär diýip gulak gabartdyňmy? Ýa herkimiň diýen sözüni özüne gaýtaryp berdiňmi?

Bu soraglary senden düzlüklerde oturan ýerimden soraýan. Saňa, beýikligňe gözüm gidýär. Ýöne iň bolmanda düzlüklere dagdyr öýdýän daglardan habarsyz çöketliklerden biri däldigime-de şükür edýän. Hawa, bar edýän zadym gury şükür. Töweregimdäki düzlükleri günäkärläp bolsam ösüp başlarynda menem.

97 |
|