Teswirler (22)

Ýüklenýär...
User Avatar

yigrimidörtlük

2 minut alar

Bir zat aýdasym gelýär dileglerime de döküp bilmedim derdim owadan ölmek diýeýinmi ýa da owadan ýaşasym gelýär diýeýinmi eşek bilen ýola çykman diýenim üçin Salamym her alynmanda içimden erbet sözler gözläp tapmanym üçinem belkem eşek mendirin onda dagy hetdiňi tanap bedew bilen ýola çykmadyň diýip serpaý ýapmaly ekenler maňa diýenim üçinem ýaňybir öwrenip başlamda taşlan dillerim üçinem görmegi arzuw edip kartadan geografik ýerleşişini öwrenip romanlardan ruhyny duýup baryp görmedik ýerlerim üçinem görmelimiş diýip alnan kinolary saradyp ýok bolsun la diýenim üçinem beýläk barsam hasap soralar öýdemok has uly has inçe hasaplar barka duýmagy öwrenip bolanok diýmegi
öwrenmek ýaly ozallar uzak ýaşa sözlerine monça bolardym jaňlara sowgatlara myhmanlara smslere garaşardym hiç kime aňdyrman indi tersine gelen myhmanlaňam sözleri ýüregme düşýär ýeri şu gün geläýmelimi ertir ýa birigün
gelseňiz bolmadymy diýýän içimdem soňam özüme ýeri şu gün pikirlenmelimi
ertir ýa birigün oýlanyber diýýän bet sözüni kän ulanýaň diýýär bir jigim näme
pason görkezsek bet bolup dur diýýä menem bete bet diýmeli dä diýip başymdan sowýan bir gezek gatnan tikimçimiň uzak günini güýmäp tiken köýnegne baha bermeli bolamda bet diýsem monça bolupdy göwnüň ýetmez öýtdim diýýär kän zady gürläp kän zady ýazyp kä zady dymyp aýdasym gelýär şu gün dymyp aýtjaklarma kakam düşiner kakam diýemde türkmende kän bir gyz kakam kakam diýip ýörse geň görülýä kakalaram gyzym gyzym diýip bilenok belkem hut şoň üçin kä kakaly-gyzyň has daşlaşýany käsiniňem has golaýlaşýany kakam telefonyny tapmanda nomerimden jaň edipdim sesinden tapar ýaly meni näme diýip belledikä diýen bilesigeljik bilen ylgap tapypdym bäý bä ä iň bolmanda adymyň yzyna jan goýandyr ýa bolmasa gyzym diýip belländir oslapdym ýok dört harpjyk akyl her gezek utanýan şol sözden her gezek gorkýan jaň edemde de ýadyma düşende de aý law ýu babişko diýýän gyzlary görüp men näme üçin diýemok diýipdim diýibem boljak däl eken diýeňde bujagaz sözjagazlar has bärden gaýtjak bir zatlar ýazaýyn diýdim başga zat boldy nireden nirä barýan şonam bileňokmy diýýä içimden bir ses bilemok diýip başyňdan sow diýýä başga bir ses

266 |
|