Ösüş

Imposter syndrome - Ýalançy sindromy

Ýalançy sindromy: Näme üçin ýüze çykýar we ony nädip ýeňip geçmeli Ýalançy sindromy, adamyň başarnyklaryna ynanmaýan we üstünlikleriň bardygyna garamazdan hemişe öz başarnygyna şübhelenýän ýagdaýdyr. Bu makalada ýalançy sindromyň sebäplerine, aýratynlyklaryna we bu meseläni ýeňip geçmäge we oňat gutulmaga kömek etjek amaly ädimlere seredýäris. Näme üçin ýalançy sindrom ýüze çykýar? Ýokary umytlar: örän ýokary standartlary we talaplary kesgitlemek. Beýlekiler bilen deňeşdirmek: beýleki adamlar bilen hemişe deňeşdirme, jemgyýet tarapyndan döredilen ideallar we ülňüler. Ýaramaz tejribeler: negatiw…

Imposter syndrome - Ýalançy sindromy

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Guwanç bilen söhbetdeşlik geçirmek üçin itergi: Guwanç Nurgeldiýew Türkmenistanyň kiçeňräk bir şäherinde doglan ýigit. Ol Türkiýäniň Marmara uniwersitetinde Kompýuter bilimi we görkezme tehnologiýalary ugruny gutardy. Onuň bilim alan derejesiniň programmirleme bilen baglanyşygy ýokdy we okan uniwersiteti dünýäde o diýen meşhur däldi. Şeýlelikde, kompýuter inženeri bolmak üçin oňa şertler gaty oňaýsyzdy. Soňra, bu päsgelçiliklere garamazdan, Guwanç Türkiýede programma üpjünçiligi ugrundan öz karýerasyna ädim basmagy başardy we Ýewropada halkara derejesinde ykrar edilen kompaniýalara işe girmek bilen ony…

Kompýuter Ylymlary Ugruny Okamazdan, Adaty Bir Uniwersitetde Bilim Alyp, Dünýä Belli Kompaniýada Kompýuter Inženerçiligi Ugrundan Işe Başlan Guwanç Nurgeldiýew Bilen Söhbetdeşlik

Prokrastinatsiya - Soňa goýmak

Prokrastinatsiya hemmämiziň wagtal-wagtal edýän zadymyz. Bu edilmeli meseläni ýa-da karary yza süýşürmekdir . Zyýansyz endik ýaly bolup görünse-de, gaýragoýulmak hakykatdanam akyl saglygymyza, öndürijiligimize we hatda gatnaşyklarymyza ýaramaz täsir edip biler. Adamlaryň soňa goýulmagy umumy sebäplerinden biri şowsuzlyk gorkusydyr . Kyn ýa-da kyn diýip hasaplaýan bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda, başgalar tarapyndan şowsuzlyga uçramak ýa-da höküm çykarylmazlyk üçin ony goýup bileris. Bu gorky köplenç öz-özünden ýerine ýetirilýän ýagdaýa öwrülip biler , sebäbi bir işi näçe uzak…

Prokrastinatsiya - Soňa goýmak

Hereket etmek näşükürlikmi?... Ýa-da şükür barada gysgaça

Şu makalany ýazmak meniň üçin diýseň kyn düşdi... Sebäbi üstünde oýlanasy meseleler kändi. Şükür etmekligiň bir gyrasy dini mowzuklara deginip geçýändigi sebäpli, diýseň inçe pikirlenmäge we ýaşulylardan, halypa-mugallymlardan bu hakda soramaga mejbur boldum. Iň soňunda alan maglumatlarymyň ählisini jemläp, umumy bir galyba sygdyrmaga çalyşdym. Ynha netijesi: Ilki bilen oýlanylmaly we jogaplanylmaly soraglar şular: "Şükür näme? Şükür etmek nämä gerek?" . Şükür - bu minnetdarlyk duýgusy. Şükür etmek - eliňde bar bolan zatlara minnetdarlyk duýmak hadysasy.…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

Makalam-y ulanylyşa girizenimize bir hepde dolup gelýär we bu gysga wagtda eýýäm birnäçe zatlardan tejribe ýygnap netije çykaryp bildik. Saýtymyza girýän adam sany artdygyça ýüze çykýan meseleler hem artýar we bize saýtymyzy has hem güýçli fundamentiň üstüne oturdyp dowam etmäge mümkinçilik berýär. Edilýän proýektleri goldamak isleýän, ýöne güýçli fundamentiň üstüne gurulmagyny isleýän diňe biz däl, ulanyjylardan hem bu barada soraglar gelip başlady. Twitter-den gelen bu soraglara ýeke-ýeke twitter-dan jogap ýazmak ýerine makalam-da bir makala şeklinde…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

ULUGBEGIŇ MEDRESELERI

Bu medreseleri görüp: “Şol döwürlerde-de okamak, bilim almak meselesine çuň düşünipdirler” diýen pikir sende öz-özünden döreýär. Soňam biz häzirem şeýle düşünjedemikäk diýip oýlanýaň. ýurdumyzda ýokary okuw jaýlary gurulýar. Mekdeplerem. Çagalaram okuwa diýip arkalary torbaly köçeden geçip durlar. Bir döwürlerde ýokary okuw jaýyna girip bilseň gulluga alanokdylar. Gulluga çagasyny ibermejek bolup (ene-ataň söýgüsi, çagasyny goramalydyryn diýen düşünjesi bilen) her kim ogluny okuwa salmagyň aladasyndady. Soň çagaňy daşary ýurtda okatmak mümkinçiligi döredi. Ýaşlar daşary ýurda gitmegiň üýtgeşik…

Özüňe ynam.

Bagtly we manyly durmuş üçin özüňe ynam gerek. Özüňe ynam - özüňe we durmuş ýagdaýlaryňa oňyn we hakykatçyl garamaga mümkinçilik berýän garaýyşdyr. Özüne ynamly adamlar öz ukyplaryna ynanýarlar, durmuşyna gözegçilik edýärler we isleýän, meýilleşdirýän we garaşýan zatlaryny edip biljekdigine ynanýarlar. Özüňe ynamy nädip ösdürmeli? 1. Az gorky we az alada Näçe ynamly bolsaňyz, "muny edip bilemok" diýýän içki sesi çalt köşeşdirip bilersiňiz. Negatiw pikirlerden daşlaşyň we gymmatlyklaryňyza we meýilnamalaryňyza görä hereket ediň. Öz-özüne ynamsyzlykdan ejir…

Özüňe ynam.

Miweli agaç bolmak añsatmy näme?!

Bir wagtlar sözleň manysyna düşüş bolan döwürlermiz, eje-kakamyzyň gulagmyza guýan nakyly: “ Miweli agajyň başy aşak ” Şol döwürlerem, has soňraklaram kän bir bu nakyl ünsümi özüne çekmändi. Düşniksiz zadam ýok. Sadadan dogry söz. Ýüzünden ýerden galdyrmaýan daýylary göremde has kän ýadyma düşerdi bu nakyl. Ine bu tomus welin kän oýurgandyrdy bu 4 söz, 10 bogun, 10sy çekimli, 10sy çekimsiz, 20 harpdan ybarat—nakyl. Şu ýaz ýalňyşmasam gapymyzdaky şetdalylar ilkinji gezek gülläpdi. Sebäbi, mundan ozalam güllän…

Miweli agaç bolmak añsatmy näme?!

Hrizantemalar haçan gülleýär?

Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir. Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül…

Hrizantemalar haçan gülleýär?

Menem Öserin

Aram-aram oturup başy garly daglara seredýäň. Asyrlary başyndan geçiren goja dag ägirtligi bilen ejizligiňi ýüzüňe basýar. Senem alaçsyz boýnuňa alyp başyňy egýäň. Soňam ýene çür depesine seredýäň. Kelläňden herhili pikirler geçýär. Soraglar sorasyň gelýär. Wagtynda şu dagam tep-tekiz bolanmyka? Näçe goja bolsa-da ýer şaryň özündenä goja däldir. Iň ýokarydaky nokady ünsüňi çekýär. Millionlarça ýyllap dowam etjek ösüşiň başy nädip başlandyka? Ägirt-ägirt plitalaryň arasynda gysyldymyka? Ýa müňlerçe ýyllap bagrynda magma gaýnatdymyka? Eý çür depe! Senem şu…