Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

.

5S metodikasy bilen has gowy durmuşa tarap

3 minut alar

Siz hem durmuşyňyzda birzatlary üýtgetmek isläp, hiç hili dowam etdirip bilmeýän bolsaňyz onda bu metodika size kömek edip biler, ýagny ýaponlaryň 5S metodikasy. Dünýä ýüzünde bu usul arkaly adamlar gündelik durmuşunda, iş ýerlerinde, sosial gatnaşyklarynda netijeliligi artdyrmak üçin ulanýarlar, hat-da “Toyota” ýaly uly kompaniýalar  hem özleriniň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin bu usuly ulanýarlar. Ýaponlaryň 5S metodikasy “s” harpdan başlaýan bäş sany şertden ybaratdyr:

1.       SEIRI – sortlamak

Birinji “s” harpy bilen başlaýan şertde bize gerekli we gereksiz zatlary toparlara bölüp gereksizleri ýok etmekden ybaratdyr. Mysal üçin egin-eşikleri ele alanymyzda olaryň arasynda ulanýanlarymyzy goýup ulanmaýanlarymyzy aýyrmak birinji şertiň esasydyr ýa-da iş ýerlerimizde-de şonuň ýaly barlygyndanam bihabar bolan zatlarymyzdan halas bolmak iş öndürijiligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Bu şert arkaly artykmaç zatlary özümizden uzaklaşdyryp, bize gerek zatlara ýakyn bolmakdan ybaratdyr.

2.       SEITON – tertiplemek

Ikinji şertde bize gerek zatlary dogry ýerde goýup, tertiplemek arkaly wagtymyzy we energiýamyzy tygşytlamakdan ybaratdyr. Iň köp ulanýan zatlarymyzy iň çalt ýetip bolaýjak ýerlerde goýmak bu şertiň esasydyr. Ýene egin-eşikleri mysal getirsek has köp ulanýan eşiklerimizi almasy ýeňil görnüşinde goýup, aýda ýylda ulanýanlarymzy bolsa arka taraplarda goýmak has netijeli bolar. Mobil enjamlarda hem biziň ýygy-ýygydan ulanýan applikasiýalarymyzy esasy ýerde goýup, seýrek ulanylýanlary bolsa bir faýlda jemlemek has gowy bolar. Bu şerti elektron söwda platformalarynda hem her gün görýaris, ýagny iň köp satylýan we isleg bildirilýän esasy önümleri baş sahypada goýýarlar.

3.       SEISO – arassalamak

Birinji şertde gereksiz zatlardan halas bolduk, ikinji şertde bolsa gerek zatlary çalt ýetip boljak ýerlerde goýup tertipledik, üçünji şerde bolsa galan gerek zatlarymyzy yzygiderli arassa saklamakdan ybaratdyr. Gürrüňsiz arassa ýerde işlemek hem iş öndürijiligi taýdan has netijelidir. Bu şertde diýiljek bolýan zat diňe bir  arassalap goýmaly däl-de yzygiderli arassa saklamak esasy zatdyr.

4.       SEIKETSU – standartlaşdyrma

Dördünji hem başky üç şertiň standartlaşdyrmasyndan ybaratdyr. Ýagny gereksiz zatlary aradan aýyryp, tertipläň, arasslap goýup soňam ýene öňki endiklerimize dolanyp gelmez ýaly bu başky üç şerti endik edip, täze bir penjireden hadysalara seretmegi öwrenmelidiris. Bu 5S metodikasynyň näderejede peýdalydygyna bir gezek göz ýetirensoň muny durmuşyň islendik hadysalarynda ulanyp bileris. Eger-de bu usuly öwrenip standartlaşdyryp bilsek, başda bize gereksiz ýaly görünýän bu metodikany ulanyp, iş öndürijiligimiziň ösdürip, wagtymyzy tygşytlamagy gazanarys.     

5.       SHITSUKE – disiplina

Elbetde bir zatlar etmeli bolanda iň gowy dost disiplina bolup durýar, sebäbi eger-de biz 5S metodikasyny ýerine ýetirjek bolsak bu başda bize täze bir usul ýaly görünip uly motiwasiýa(höwes) bilen başlap bileris, emma haçanda höwesimiz gaçanda biziň yzygiderli hereketimiz üçin disiplina gerek bolup durýar.

Şeýlelikde bu ýaponlaryň 5S metodikasyny agzalan mysallardan çäkli bolman durmuşymyzyň ähli ýerinde başarnyga ýetmek üçin ulanyp bileris. Başda bu usullary ulanyp aňymyza salyp, soňra yzygider ýerine ýetirmek arkaly endige öwrüp aň asty aňa salmagy başaranymyzdan soň bu usullar biziň häsiýetimize öwrülip gider.

89 |
|