Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Hemme zat özümize bagly

2 minut alar

Başga birlerinden hiç zat hantama bolmañ bar umydyñyz ozüñizde bolsun.
Üstünlige barýan ýolda siziñ üstünligiñiz birilerine bagly bolsa onda siz ondan umydyñyzy kesip bilersiñiz. Siziñ özüñizde arzuwyñyza ýetmek üçin bir proýektiñiz bolmaly we şony durmuşa geçirmeli. Beýle bolmadyk ýagdaýynda siz başga biriniñ arzuwyna ýetmek üçin oña kömekçi bolarsyñyz. Onuñ arzuwy hasyl bolar, siziñki däl. Ol üstünliklere ýeter, siz däl. 
Biziñ ählijämizde-de üstünlige ýetmek üçin ýeterlik derejede güýjimiz bar. Biziñ hemme etmeli işimiz şol güýclerimizi daşyna çykaryp bilmek, ulanyp bilmek. Onam sizden başga hiç kim edip bilmez. Başga birleri sendaki güýji gazanyp bilmez.
Başga birleri size komek edip bilerler, meselem size ýokary wezipeleri hödürlap bilerler ýöne ýöremeli ýene-de  sizsiñiz. Ýoluňyza yşyk tutup bilerler, ýoluňuzdaky bir-iki päsgelçilikleri sizden sowup bilerler ýöne ýöremeli ýene-de sizsiňiz. 
Elbetde komek islejek, kömek görjek wagtlaryňyz hem bolar. Ýöne öňe okdyrylasy gelmeýän adamyň kömek ediň diýmegi bir işe ýaramaz. Onuň halas bolma ähtimaly örän azdyr. Lukmanlar gowulaşmak isleýän hassalara bejeriş etmekden keýp alarlar. Elbetde dermanlaram şolar ýaly hassalara peýda eder.
Üstünligiñiziñ diňe size bagly boldygyna düşünen wagt, içiňizdäki güýçleri ýüze çykarmak üçin polatdan bir isleg we ynanç bilen işlemäge başladygyňyz wagt töweregiňizde size kömek etmek isleýän adamlary görüp biljeksiňiz. 
Özüňize etdigiňiz ynam gözleriňizden okalarsa adamlar daşyňyzda aýlanarlar. 
Hiçbir kömege mätäç daldigiňiz duýgusyny oýandyrdygyňyz wagt bolsa adamlar size kömek etmek islärler.
Daglar gör nähili agras. Olar göklerden gar hantama bolmazlar. Ilkinji gar şonda-da olara düşer.
Diňe öz mertligiňize ynanarsaňyz başkalaryň mertligini hem ýanyňyzda görersiňiz.
Şonuñ üçin ilki özüñize ynanyñ, soñ başgalaryñ sizi özleri tapar.
 

74 |
|