Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

.

Durmuşymyzy kynlaşdyrýan gereksiz aladalar.

2 minut alar

Durmuşymyzyň uly bölegini eýeläp barýan, bizi negatiw pikirlenmäge getirýän, ýöne biziň parhynda bolmadyk birnäçe gündelik gereksiz aladalar bar. Şeýlede bu gereksiz aladalar biziň gündelik sarp edýän energiýamyzyň köp bölegini alýarlar.

Şeýlelik bilen bize gereksiz köp zatlary alada edýäris. Olardan käbirileri:

·         Üýtgeşik ýöne gereksiz zatlar

Şu makalany okap oturan wagtyňyzda hem dünýäde birnäçe wakalar, täsin habarlar bolup dur. Eger-de biz hem şol gereksiz täsin habarlary, wakalary internetde bolsun sosial mediýada bolsun yzarlap başlasak günümiziň näçe wagtynyň geçenini bilmän galarys. Mysal üçin sosial mediýany ulanýanlaryň köp böleginde FOMO ( fear of missing out- birzatlardan habarsyz galmak gorkusy) diýen gorky emele geldi. Birnäçeleriň günde köp wagtlap sosial mediýada wagtlaryny geçirmeginiň esasy sebäpleriniň biri hem şoldur. Şonuň üçin hem bize gereksiz  täsin zatlar üçin parhyna barmaýan aladalarymyzy azaltsak öz erkimize ulanmak üçin wagtymyz hem energiýamyz galar.

·         Daş-töwerek (il) näme diýer aladasy

Eger-de bir jemgyýetde ylym-bilim, medeniýet, sungat, kitap okamak endigi ösen bolsa şol ýerde daş-töwerek näme diýer düşünjesi azdyr. Bir zady berk bellesek ”iliň özüne peýdasy ýokdur”, şonuň üçin bu alada her bir özüni kämilleşdirmek isleýänler üçin gereksiz bolmalydyr.

·         Özüňi görkezmäge çalyşmak

Eger-de adamyň ylym-bilimi bar bolsa özüni daş-töwerege görkezmäge, subut etmäge çalyşmaz ýa-da tersine adamyň içi boşluk bolsa onda ol ozüni daş-töwerege görkezmek bilen özüni kanagatlandyrar. Onda  bagtly bir durmuş isleýän bolsak, özümizi görkezmäge çalyşmak aladasyny taşlap pursatdan lezzet almaga çalyşmalydyrys.

·         Gahar we ar almak pikirleri

Belki parhynda däldiris, emma durmuşyň köp ýerinde adamlar gahar we ar almak pikirleri bilen gereksiz aladalary edýäris. Gahar geçmişde bolan zatlary pikirlenmegimize getirýän bolsa, ar almak düşünjesi bolsa geljekde boljak zatlar üçin pikirlenmegimize getirýär we häzirki wagtda ýaşamagymyza päsgel berýär. Şonuň üçin şol pikirlere az üns berip häzirki wagtda ýaşamagy öwrenmelidiris.

Durmuş bir deňagramlylyk sungatydyr, şonuň üçin gereksiz aladalary azaldyp özümiz üçin möhüm zatlara ýer açmak diýseň peýdaly bolar.

Siziň hem sanawa goşmak isleýän “gereksiz aladalar ” diýen pikirleriňiz bar bolsa teswirleriňize garaşýas.

 

207 |
|