Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

.

Minimalizme nirden başlamaly

3 minut alar

Minimalizm barada geçen makalada belläp geçen bolsak, indi bu gezek bolsa sada durmuşa nirden başlamalydygyna gysgaça belläp geçeris.

1. Näme üçin minimalizme başlaýarsyň

Ilkinji şert näme üçin sada durmuşa başlamak isleýärsiň. Pikirlenip görüň daş-töweregiň hemişe tertipli durmagyny isleýäňmi, täze bir durmuş isleýäňmi, ýa-da bu arkaly pyl tygşytlajak bolýaňmy, durmuşyňa many goşasyň gelýärmi, işleýän işiňde netijeli hereket edesiň gelýärmi, has köp bagtly bolup az stresli durmuş isleýäňmi bularyň hemmesini oturyp maksadyňyzy tapmaga synanşyň, sebäbi bu maksat siziň durmuşyňyzda yolgörkezijiňiz bolar.

2. Azalma başlaň

Egerde sada durmuşa başlamak isleseňiz başlangyçda tizlik bilen gereksiz goşlaryňyzdan we barlygyndanam bihabar zatlaňyzdan halas boluň. Soňra iş ýeriňizi ya-da sapaga taýýarlanýan ýeriňiziň gereksiz goşlaryny azaldyň. Geýmeýän eşikleňiz hem bar bolsa olardan hem halas bolmak size kömek eder. Soňra telefonuňyzy açyp görüň ol ýerde hem gereksiz ulanmaýan applikasiýaňyzy we birnäçe wagtyňyzy alýan gereksiz oyunlary ýok ediň. Bu ikinji şertde esasy zat tiz wagtda gysgaça azalmak prosesini ýerine ýetirmekden ybarat. Hawa käbir zatlardan ýüz öwürmek gowy däl, kähalatlarda şol zyňyljak zat geljekde bir gün  gerek bolar diýän bolsaňyz onda şol zady göz öňünden aýryp goýup görüň, hany şol geljekde gerek bolarmy barlap görüň. Eger gerek däl bolsa onda ol bilen hem hoşlaşmak wagty geldi diýmekdir.

3. Minimalist meýdanyňyzy saýlaň

Bolýar men sada durmuşa başlajak diýeniňde hemmeler seniň pikiriň bilen ylalaşmazlygy mümkin, şonuň üçin hem öýde iň köp nirde wagt geçirýän bolsaňyz şol ýerini hem minimalist meýdanyňyz hökmünde kabul ediň, şol ýerde näme gereksiz zat bolsa aýyryp esasy zatlary goýuň. Bu ýerdäki maksat şol minimalist meýdanyňyzyň beýleki ýerlerden tapawutlydygyna göz ýetirmekden ybaratdyr.

4. Bir aýlyk tygşytlylyk düşünjesini barlap görüň

Ilki bilen bu bir aýda aljak bolýan zadyň hakykatdan hem durmuşuňa many goşjakmy, saňa kömek etjekmi ýa-da diňe töweregiňdäkilere görkezmek üçinmi, ýogsa diňe içiňiz gysany üçinmi aljak bolýarsyň? Şu aýda her gezek bir zat aljak bolanymyzda şu soraglary ýada salsak netijäni tiz wagtda göreris. Netijede bu biziň karar bermek başarnygymyzy ösdürer. Esasy maksat maddy gözleglerimizi azaldyp düşünjelerimize, pikirlerimize wagt berip ünsi jemlemekdir.

5. Bir hepdelik ünsi jemlemek

Bu ýerde bir hepdeligine telewizordan, sosial mediadan we beýleki yzygider yzarlaýan platformalary ulanmakdan ýüz öwrüp görüň, şonda günüň dowamynda azyndan 1 ýa-da 2 sagat wagt tygşytlarys. Şol tygşytlan wagtymyzda bolsa kitap  okap bileris, öwrediji wideolardan peýdalanyp bileris, belki näçe wagtlap ýerine ýetirmäge wagt tapmaýan zadyňyz bardyr şol işi ýerine ýetirip bilersiňiz. Bu ýerde maksat özümiz üçin peýdaly zat etmegi gijikdirmekden ýüz öwürmekdir.

6. Minimalizm trend däldir

Hawa minimalizm trend däldir metoddyr, nähilimi? Mysal üçin gara bir köwşi gowy görüp belli bir wagt aralygynda şol köwşi geýmek trenddir, minus tarapy siz bellibir wagtdan soň başga görnüşini islärsiňiz. Eger-de siz geýjek köwşüňiziň esasy meniň üçin rahat bolsun diýän bolsaňyz onda ol hem metoddyr. Adamlary yzarlap olaryň gürrüňini etmek trend bolsa eger-de adamlaryň ýerine pikirler barada gürrüň etsek ol metoddyr. Trend bir gün bolar ertesi modadan galar emma metodlar bakydyr. Indi pikirlenip görüň haýsysy siz üçin gowy. Şonuň üçin minimalizmi trend hökmünde däl-de metod hökmünde garasak gowy bolar.

7. Pikirleri tertiplemegi öwreniň

Minimalizmde maddy taýdan azalmak aňsat, ýöne töweregimizdäki zatlary azaltmak düşünjesiniň aňyrsyndaky maksat durmuşymyzdaky möhüm zatlar üçin ýer açmakdan ybaratdyr. Haçanda bir güli ekmek üçin daş-töweregindäki hapa-haşal otlary arassalaýyşymyz ýaly pikir edip görüň. Sada durmuşa başlaýan her bir adam indi bir zatlary gözleýän däl-de many gözlemage başlamaly. Şonuň üçin fiziki taýdan azalma pikirlerimizi jemlemek we ünsi biz üçin zerur bolan zatlara gönükdirmäge ýardam berer.

Elbetde hemmeleriň bu pikirler bilen ylalaşmazlygy mümkin, ýöne siz hemmelerden tapawutlylykda manyly we netijeli durmuş isleýän bolsaňyz başlamaga synanşyp görüň. 

74 |
|