Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Hereket etmek näşükürlikmi?... Ýa-da şükür barada gysgaça

2 minut alar

Şu makalany ýazmak meniň üçin diýseň kyn düşdi... Sebäbi üstünde oýlanasy meseleler kändi. Şükür etmekligiň bir gyrasy dini mowzuklara deginip geçýändigi sebäpli, diýseň inçe pikirlenmäge we ýaşulylardan, halypa-mugallymlardan bu hakda soramaga mejbur boldum. Iň soňunda alan maglumatlarymyň ählisini jemläp, umumy bir galyba sygdyrmaga çalyşdym. Ynha netijesi:

Ilki bilen oýlanylmaly we jogaplanylmaly soraglar şular: "Şükür näme? Şükür etmek nämä gerek?". Şükür - bu minnetdarlyk duýgusy. Şükür etmek - eliňde bar bolan zatlara minnetdarlyk duýmak hadysasy. 


Käbirimizde şükür etmek bilen baglanyşykly ýalňyş düşünjeler bar. Käbirlerimiz şükür etmegi razylyk duýmak bilen çalşyrýarys, şükür etmeklige eliňde bar bolan zat bilen çäklenmeklik ýaly seredýäris. Zähmet çekmeklige we özüňi kämilleşdirmeklige, yhlas, gaýrat görkezip birzatlar gazanmaga näşükürlik ýaly seredýäris. Köpimizde şeýle düşünje bar: "Baryňa şükür et-de geziber-dä! Köp zat nämä gerek?", ýa-da "Allahyň bereni bilen razy bol-da oturyber-dä! Hars urup näşükür bolmak nämä gerek?" we ş.m.


Bu düşünjeler aslynda, şükür etmekligiň düýp manysyna düşünmeýändigimiz sebäpli dörän düşünjelerdir. Arzuw etmek we arzuwyňa ýetmek üçin zähmet çekmek näşükürlik däl; gazanjyňy halal ýol bilen artdyrmak näşükürlik däl... Eger başgaça aýtmaly bolsa, onda şükür etmek - bu häzirki wagtda eliňde bar zat üçin minnetdarlyk duýmak. Şükür etmek - ýeten derejäň we gazananlaryň üçin bu zatlary saňa beren Allaha minnetdarlyk bildirmek. Has gysga aýdylanda bolsa şükür etmek - bu Elhamdulillah diýmek; ine, şükür etmegiň düýp manysy şunuň bilen bagly. Şükür edýän adam özünde bar zadyň gadyryny bilýän adam, ol zatary oňa miýesser edeni (bereni) unutmaýan adam, özünden we Ýaradandan razy bolýan adam. 

Umuman, meniň özüm bu tema şeýleräk seredýärin:

Şu günüme şükür, ertirime - zikir.

P.S. ýazylanlar umumy faktlardan we düşünjelerden getirilip çykarylan subýektiw garaýyşdyr. 

Hormatlamak bilen: Joraýew Babageldi

Goşmaça maglumatlar:

https://www.milliyet.com.tr/egitim/sozluk/sukur-nedir-tdk-sozluk-anlami-ne-demek-sukur-etmek-neden-onemlidir-6715046

https://m.haberturk.com/tubitak-ansiklopedi/sukur-nedir/

175 |
|