Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hrizantemalar haçan gülleýär?

3 minut alar

 

 Soragyň jogaby kimden soraýanyňa görä üýtgeýär. Botanika kitaplary bilen garnyny doýuran birine sorasaň “Paheý, bu-da bir soragmy? Elbetde güýzde gülleýär. Sebäbi Hrizantemalar “Uzak gije - gysga gündiz” ösümlikleridir.  Şonam bileňogaý” diýer. Umumy gülleriň güllemegi barada hiç pikir etmeýän, ösümlikleri görende diňe saryja sygyry ýadyna düşýän birinden sorasaň “Aý haçan güllese şonda güllesin, maňa näme.” diýer. Ikisiniň hem jogaby özüne görä dogry. Meniňem özüme görä bir jogabym bar. Hrizantemalar gije güllär! “Goýsaňa houuu, gijede bir gül güllärmäý?” diýen bolsaňyz, geliň men size Hrizantemalaryň nädip gije gülleýänini düşündireýin.

 Ýokarky botanika kitaplaryndan doýan dostumyzdan azajyk kömek alsak, ol bize gülleýän ösümlikleriň iki topara bölünýändigini aýdar. Biri “Uzak gije - gysga gündiz”, beýlekisi bolsa “Gysga gije - uzak gündiz” ösümlikleridir. Bu diýmek, birinji topardakylar diňe günler gysgalyp başlanda gülleýär, ýagny bu güller köplenç güýz gülleridir. Ikinji topardakylar bolsa gündiz uzalyp başlanda gülleýär, we elbetde bularyň köpüsi ýaz gülleridir. Bu dostymyzdan ýene birazajyk kömek sorasak, we “Bu güller haçan güýz, haçan ýaz bolýanyny nirden bilýäler? Günüň uzynlygyny nirden bilýäler bular? Baldaklarynda sagadama ýok bularyň?!” diýip sorasak, derrew 32-sini görkezip “Fotoperiodiiiiizm!” diýer we gülleriň gülleme mehanizmasyny düşündirip başlar. Bu fotoperiodizm diýýän zady bolsa ýagtylyk bilen garaňkylygyň dowamlylygyny, olaryň biri-birini çalyşma ýygylygyny ölçeýän bir tebigy sagatdyr. (Aňsatjak düşündirmäge synanşaýyn, emma biraz çylşyrymly gelip biler. Aşakda berilen surat bilen birlikde okasaňyz has hem aňsatlaşar bu mehanizma düşünmek.) 

  Muny ölçemek üçin ösümlikleriň ýapragynda fitokrom diýilip atlandyrylýan organoidler bardyr. Bujagaz organoidler yşygy özüne siňdirýärler we gelen yşygyň tolkun uzynlygyna görä başga bir hala geçýärler. Eger gelýän yşykda uzak-gyzyl tolkun uzynlygyndaky yşyklar köp bolsa, onda fitokromlar Pr görnüşine geçýärler. Eger gelýän yşykda gyzyl tolkun uzynlygyndaky yşyklar köp bolsa, bu gezek fitokromlar Pfr görnüşine geçýärler. Güneş yşygynda has köp gyzyl tolkun uzynlygyndaky yşyklar bar bolany üçin, fitokromlaryň köp bölegi gündizlerine Pfr görnüşindedir. Gije düşende bolsa Pfr görnüşindäki fitokromlar ýuwaşlyk bilen Pr görnüşine geçmäge başlaýarlar. Şu Pfr we Pr görnüşdäki fitokromlaryň mukdaryny we biri-birine gatnaşygyny hasaplap, ösümlikler günüň we gijäniň uzynlygyny kesgitläp bilýärler we muňa fotoperiodizm diýilýär. Fotoperiodizm bolsa ýokarda belläp geçişimiz ýaly, öz gezeginde ösümlikleriň haçan güllejegini kesgitleýär. Sebäbi ösümlikleriň güllemegi üçin Pr görnüşindäki fitokromlaryň konsentrasiýasy belli bir mukdara ýetmeli, ýagny gijäniň uzynlygy ýeterlik dereje uzyn bolmaly. Bu uzyn gijedede ösümlikler güllemegi üçin gerek bolan Pr fitokromynyň ýeterlik mukdaryny jemläp bilmeli. Bu hadysa şeýle bir inçelik bilen gözegçilik edilýär welin, gijäniň dowamynda bary ýogy birnäçe sekunt yşyk tutulan güller, özlerinde ýeterlik mukdarda Pr fitokromyny jemläp bilmeýär we munyň netijesinde hem gül açmaýarlar.

  Diýmek, gündiz gözelligini görkezýän gülleriň gül açmagy, olaryň garaňkylykda geçiren wagtyna baglydyr. Olaryň garaňkylykda geçiren wagtynda, özlerinde güllemäge ýol açjak molekulalaryny jemlemegine baglydyr. Ine şunyň üçin hem, men Hrizantemalar gije gülleýär diýýärin. Hrizantemalar gülläninden soňra, olaryň owadan güldügini, daşyna hoşroý ys saçýandygyny hemmekim bilýär. Beýle güli herkim söýýär. Herkim beýle gül bolmak isleýär. Ýöne biziň gözden gaçyrmaly däl zadymyz, bu Hrizantemajyklaryň garaňky gijede, ýekelikde başdan geçirenleridir. Bu Hrizantemalar güllemäge dyrjaşdylar. Garaňkyny bahana etmediler, çünki olar gündiziň geljegini bilýärdiler. Olar Gijäni, garaňkyny özlerine dost kabul etdiler. Bu özlerine berilen wagty, gündiz gelende güllemek üçin taýynlanmaga sarp etdiler. Diýmek güllemek hem aňsat däl. Gül açmak üçin ilki bilen Gijäni özüňe dost edinmeli we Gündiziň geljegine doly umydyň bolmaly. Hrizantemalar gije güllär! Öz gijeleriňize bu makaladan soňra başga göz bilen seredersiňiz diýip umyt etýärin. Bilelikde gülleýänçäk! Hoş, sag boluň!
  Araňyzdan Biri.  


 

116 |