Teswirler (2)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programma Inženeri

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

3 minut alar

Makalam-y ulanylyşa girizenimize bir hepde dolup gelýär we bu gysga wagtda eýýäm birnäçe zatlardan tejribe ýygnap netije çykaryp bildik. Saýtymyza girýän adam sany artdygyça ýüze çykýan meseleler hem artýar we bize saýtymyzy has hem güýçli fundamentiň üstüne oturdyp dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Edilýän proýektleri goldamak isleýän, ýöne güýçli fundamentiň üstüne gurulmagyny isleýän diňe biz däl, ulanyjylardan hem bu barada soraglar gelip başlady. Twitter-den gelen bu soraglara ýeke-ýeke twitter-dan jogap ýazmak ýerine makalam-da bir makala şeklinde ýazsam has ýeňil bolar diýip pikir etdim.

Soraglar nämedi?

1-2-nji soraglar

Bu ýerde Maksat öňki platformalar diýende galamdash.net, galamdash.com, yelharaz.com, penjire.com we talyplar.com ýaly saýtlary göz öňünde tutýar eken.

  • Elbetde, öň makalam-a meňzeş ýasalan platformalary öwrenmek we bularyň näme üçin ýitip gidenine düşünmek gerek. Ýöne bu platformalardan talyplar.com-dan galanyny gynansagam bilemok. talyplar.com sahypasyny hem 2008-lerde belki aktiw şekilde yzarlandyryn. Häzirki wagtda bolsa bu ýerde aktiw edilýän iş göremok.
    • Ýene bir zat, bu saýt öň has köp forum ýaly hereket edýärdi. Biz makalam-yň forum bolanyny islämizok.
    • Biziň esasy maksadymyz onlaýn neşir platformasy bolmak.
  • Edýän işlerimizi iň professional şekilde etmäge synanyşýarys.
  • Makalam adamlara makala ýazmak üçin platforma berýär, adamlaryň näme ýazjagyna karar berenok. Saýtyň şert we düzgünler-ine gabat gelýän islendik makalany saýtymyzda kabul edýäris. Makalalardaky dürs ýazuwa üns bermek awtorlaryň özüne bagly bolup durýar, gelejekde awtorlara bu barada kömek etmek üçin ýalňyşlary görkezmegi planlaýarys. Ýöne, edil häzirki ýagdaýda, gynansagam bu zatlary awtomatlaşdyrmak üçin türkmen dilinde ýeterlik tehnologiýa ýok. Makalam-a başlamagymyzyň iň uly sebäplerinden biri hem türkmen dilinde has köp ýazgyny bir ýerde jemläp, şular ýaly tehnologiýalary üstünde işlemek üçin ulanyp bilmekdi.
3-4-nji soraglar
  • Bular gyzykly teklipler we biziň özümiziň hem eýýäm üstünde işläp başlan zatlarymyz. Gelejekde ulanyjylara has köp öz gyzyklanyp biljek zatlaryny okamak üçin teklip etjek algoritmler ulanmagy planlaýarys. Munyň içine kategoriýalary (tagler) ulanmak, awtorlary yzarlamak, ulanyjynyň halaýan zatlaryna görä üýtgeşik maslahatlar bermek girýär. Bu zatlary hemmesini birbada edip bolanok, ýöne wagtyň geçmegi bilen has hem gowylaşdyrmaga dowam etmekçi, we munyň üçin durman işleýän adamlar bar.
  • Makalam awtorlara deň göz bilen garaýar. Ýöne ýakynda uzak wagt bäri ýazýan, ýa biz bilen has köp mazmun çykarmak üçin bile işleşýän adamlary belli boljak şekilde görkezip bileris profillerinde.
  • Makalalarda bolsa şuwagt adamlaryň köp girýän we halaýan makalalaryny has öňe çykarýarys. Bu ýerde 4 ýyllyk ýazyjynyň yzarlaýyjysy has köp bolany üçin makalalarynyň hem has köp halanyp öňe geçmegine garaşýarys.
4-5-nji soraglar
  • Makalam toparyna “feedback” ýazmak üçin saýtyň iň aşagyndaky "Habarlaşyň" düwmesini ulanyp bilersiňiz.
  • Makalalara teswir ýazmak funksiýasynyň üstünde bolsa işlemäge dowam edýäris. Awtor bilen okyjylaryň arasyndaky alyş-berişi gowylaşdyrmak üçin ýakynda awtorlara makalasyny näçe adamyň görenini görkezip başlarys we ulanyjylara teswir ýazmaga mümkinçilik bereris.
  • Her kimiň islän temasynda isleýän tonunda ýazmaga haky bar we bu makalalar saýtymyzyň şert we düzgünlerine gabat gelýän bolsa saýtymyzda saklamaga dowam ederis. Pes hilli makalalar bilen ýokary hilli makalalary okyjylaryň “halamagy” we “gören adam sany” karar berer. Köp okalan makalalar saýtyň 1-nji sahypasynda has uzak wagt durar. Okalmaýan makalalar biraz yzky sahypalarda bolar.
soňky sorag
  • Saýtymyzda esasy üns çekýän zadyň dizaýn ýa beýleki zatlar däl-de ýazylan makalalar bolmagy üçin iň sada şekilde taýynladyk. Bu barada bize ýazan adamlar hem esasan pozitiw zatlar aýtdylar.
  • Eger has konstruktiw maslahatlaryňyz bar bolsa makalam-y şuwagtkysyndan has gowy edip biljek ýerimizi görýän bolsaňyz biz bilen habarlaşyň, ulanyjylarymyzdan gelýän ähli maslahatlara açyk :)

Ýene 3.5 aýdan täzelikler bilen görüşýänçäk onda!

353 |
|