...
4Makalalary
18Halan makalalary

Resulkary Saparov

@resulkary
Programma Inženeri

1 minut alar

Makalam - mazmun syýasatynda üýtgeşme

Makalam-yň başlanyna 2 aýdan gowurak wagt boldy we çap edilýän makalalaryň sany her geçen gün artmaga dowam edýär. Makalam-yň ösüp, ýokary hilli türkmen makalalarynyň merkezine öwrülip biljekdigine çyn ýürekden ynanýarys. Soňky wagtlarda, gynansakda, Makalam-da neşir edilýän mazmunlaryň käbiriniň beýleki çeşmelerden göçürilendigini gördük. Bu hereketler diňe bir awtorlyk hukugy kanunlaryny bozman, eýsem platformamyzdaky mazmunlaryň hilini hem peseldýär. Sahypamyzyň bitewiligini saklamak we okyjylara gymmatly we özboluşly mazmun bilen üpjün etmäge dowam etmek üçin mazmun syýasatymyzy täzelemäge karar…

Makalam - mazmun syýasatynda üýtgeşme

2 minut alar

Ideýanyň gymmaty

Arada biri, bir programmanyň üstünde işleýänligini we şony durmuşa geçirmek üçin inwestor gözleýänligini ýazypdyr. Menem gyzyklandym, göreýin belki çyndanam orginal pikiri bardyr we durmuşa geçirjek energiýasy, höwesi hem bardyr diýip ýazyp gördüm. Birnäçe sorag-jogapdan soňra maňa näçe pul gerekdigini aýtdy, çözjek bolýan problemalaryny aýtdy. Ýöne nädip çözjek bolýany barada hiç zat aýtmady. Bulary nädip çözjek bolýanyny soradym. Maňa bu planlaryň, ideýalaryň gizlinligi üçin ýüzbe-ýüz görüşýänçäk aýdyp bilmejegini aýtdy. Muny soramagymdan öň eýýäm başga sebäplerden ol…

2 minut alar

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

Orta mekdebi gutaranymda, kompýuterler bilen baglanyşykly bir zatlar etmek isleýändigimi bilýärdim, ýöne takyk näme edip biljegimi bilemokdym. Daş-töweregimdäkilere-de diňe programmist bolmak isleýändigimi aýdýardym. Ýöne, haýsy ýoldan gitmelidigimi ýa-da bu ýollaryň meni nirä eltjegini bilemokdym. Daş-töweregimde ýagdaýy meniňki bilen meňzeş, üstünlikli mysallar ýokdy. Öz ýolumy özüm anyklamaly boldum. Ýyldyz Tehniki Uniwersitetini taşlap, Bilkent uniwersitetine geçenimde ýagdaý ýuwaşdan üýtgäp başlady. Bilkent uçurymlarynyň köpüsiniň Google, Facebook ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynda işleýändigini gördüm. Olaryň käbiri bilen tanyşmak mümkinçiligimem boldy.…

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

3 minut alar

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?

Makalam-y ulanylyşa girizenimize bir hepde dolup gelýär we bu gysga wagtda eýýäm birnäçe zatlardan tejribe ýygnap netije çykaryp bildik. Saýtymyza girýän adam sany artdygyça ýüze çykýan meseleler hem artýar we bize saýtymyzy has hem güýçli fundamentiň üstüne oturdyp dowam etmäge mümkinçilik berýär. Edilýän proýektleri goldamak isleýän, ýöne güýçli fundamentiň üstüne gurulmagyny isleýän diňe biz däl, ulanyjylardan hem bu barada soraglar gelip başlady. Twitter-den gelen bu soraglara ýeke-ýeke twitter-dan jogap ýazmak ýerine makalam-da bir makala şeklinde…

Makalama Gelejekde Näme Garaşýar?