Tehnologiýa

2 minut alar

Tehnologiýanyň adamzada peýdasy we zyýany.

Tehnologiýa durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ulanylýar we çalt ösýär. Tehnologiýanyň geljekde durmuşymyzda möhüm rol oýnajakdygy şübhesiz. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň peýdalary bilen birlikde käbir kemçilikleri hem bar. Bu makalada tehnologiýanyň geljegimiz üçin peýdalary we zyýany barada durup geçeris. Peýdalary: Aragatnaşyk: Tehnologiýa adamlara biri-biri bilen has çalt we aňsat aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berýär. Telefon, internet we e-poçta ýaly gurallaryň kömegi bilen hatda dünýäniň beýleki künjegindäki adamlar bilen hem derrew aragatnaşyk gurup bileris. Netijelilik: Tehnologiýa iş durmuşynda öndürijiligi ýokarlandyrýar.…

2 minut alar

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys

Orta mekdebi gutaranymda, kompýuterler bilen baglanyşykly bir zatlar etmek isleýändigimi bilýärdim, ýöne takyk näme edip biljegimi bilemokdym. Daş-töweregimdäkilere-de diňe programmist bolmak isleýändigimi aýdýardym. Ýöne, haýsy ýoldan gitmelidigimi ýa-da bu ýollaryň meni nirä eltjegini bilemokdym. Daş-töweregimde ýagdaýy meniňki bilen meňzeş, üstünlikli mysallar ýokdy. Öz ýolumy özüm anyklamaly boldum. Ýyldyz Tehniki Uniwersitetini taşlap, Bilkent uniwersitetine geçenimde ýagdaý ýuwaşdan üýtgäp başlady. Bilkent uçurymlarynyň köpüsiniň Google, Facebook ýaly uly tehnologiýa kompaniýalarynda işleýändigini gördüm. Olaryň käbiri bilen tanyşmak mümkinçiligimem boldy.…

Asman bilen has güýçli jemgyýet gurýarys
Profil suraty

Azat Babekow

@Azat7

·

2 minut alar

1990-nji ýyllaryň ýaşlary bilen Z nesliniň arasyndaky tapawutlar.

1990-njy ýyllarda ýaşlygyny geçiren nesil häzirki ýaşlara (Z nesil) garaňda biribiri bilen has köp sosial aragatnaşykda bolupdyr. Hazirki nesilde sosial aragatnaşyk internet torunyñ üsti bilen amala aşýar. Elbetde internet torunyň ýaýbaňlaşmagy netijesinde uzakdaky adamlar bilen aragatnaşyk sakalamak aňsat boldy. Bu tehnologiýanyn elbetde köp peýdasy boldy, emma onuň bilen bilelikde zyýanlary hem boldy. 1990-njy ýyllaryň yaşlary daşarda has köp wagt geçirýärdi. Häzirki yaşlar olara garaňda daşarda az wagt geçirýärler olaryň köp bölegi köplenç öýden az cykýar…

1990-nji ýyllaryň ýaşlary bilen Z nesliniň arasyndaky tapawutlar.

1 minut alar

Telekeçiligiň altyn kanuny — Golden Rule of Entrepreneurship

Amazon — “Dükana gitmek islämok”. Google — “Bu maglumatlary nireden tapmalydygyny bilemok”. Uber / Lyft / Bolt — “Maşyn sürmäge wagtym ýok we taksiler gaty erbet”. Makdonalds / Burger King — “Restoranda durmaga ýa-da nahar bişirmäge wagtym ýok”. Netflix — “kabel teleýaýlymy gaty erbet we hemme ýerde halaýan zatlarymy göresim gelýär”. Spotify — “radio gaty erbet we islendik ýerde halaýan sazymy diňlemek isleýärin”. Bir kärhana gurmak isleseňiz, bir mesele tapyň we ony beýlekilerden has gowy…

2 minut alar

NFT näme?

Oňa degip bolmaýar, öýde saklap bolmaýar, fiziki taýdan elläp bolmaýar, ýöne henizem alyp bolýar! Ýygnamak ýa-da maýa goýum üçin “NFT” atly düşünje ýygy-ýygydan köpçülikde agzalyp başlanýar. “NFT” adalgasy sanly dünýäde kolleksiýalaryň we sungatyň barlygy hökmünde gysgaça jemlenip bilner. “NFT” adalgasy näme? “NFT” adalgasynyň kesgitlemesi “Non-Fungible Token” diýip atlandyrylýar. Ol pul, çip ýa-da teňňe ýaly çalşyp bolmaýar emma ol pul hökmünde hem garalmaýar. Suratlar, gadymy zatlar, köne pullar, markalar – bular biziň bilýän nusgawy kolleksiýalarymyzyň käbiri…