Peydaly

Kitap okamagyň adam üçin peýdaly taraplary .

1. Kitap okaýan adamlaryň söz baýlygy giñ bolýar. Sebäbi kitap okanyňda gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere duş gelinýär. Bu sözüň manysyny sözlükden gözlemek hökman däl, sebäbi sözüň manysy kitabyň umumy mazmunyndan görmek bolýar. Şeýlelik bilen, okamak diňe bir söz baýlygyny artdyrman, eýsem adam bilimini hem artdyrýar. 2. Okamak beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Ýagny, kitap okaýan adam öz pikirlerini owadan, açyk-aýdyň beýan etmäge mümkinçilik alar. Birnäçe nusgawy edebiýatlary okanyndan soň adamda gürlemek sungatynyň ösendigini…

Kitap okamagyň adam üçin  peýdaly taraplary .

Bal arylary barada gyzykly maglumatlar

Bal arylar arylaryň we garynjalaryň garyndaşlary, Antarktidadan başga ähli yklymlarda ýaşaýarlar. Takmynan 21,000 görnüş we bal arylaryň 520 görnüşi bar. Belok we beýleki ýokumly maddalary almak üçin nektar we polen bilen iýmitlenýärler. Arylar ekosistemada möhüm rol oýnaýarlar, gül ösümliklerini tozanlaýarlar. Arylar hakda birnäçe gyzykly faktlar: - Arylar dünýäde iň köp tozanlaýan mör-möjeklerdir. Şonuň üçin arylar azyk ekinlerini tozanlamakda örän möhümdir. Iýýän iýmitimiziň üçden birinden gowragy arylar bilen tozanlanýar -Arylar keteklerde ýa-da koloniýalarda ýaşaýarlar. Şa aýal…

Bal arylary barada gyzykly maglumatlar

Immunitetiñi ýokarlandyrmaga kömek edýän 7 ösümlik

1. Aloe ösümligi iň gadymy derman ösümliklerinden biridir. Öýde saklap ýa-da ýörite dükanda satyn alyp bolýar. Aloe wera iýilýän ýaly, melhem hökmünde hem ulanylyp bilner. Öň hiç wagt aloe ulanmadyk bolsaňyz, ony kem-kemden iýmitiňize goşmak maslahat berilýär. 2. Astragalus immunitetini güýçlendirýär. Hytaý lukmançylygy köp sanly ownuk ösümliklere baý. Şolaryň biri ýurtda ençeme asyr bäri ulanylýan astragalus ösümligidir. Bu ösümlik esasan kökleri üçin ýygnalýar, sebäbi köp dermanlyk aýratynlyklary bar. Çaý ýa-da çorba astragalus goşup bilersiňiz. Mundan…

Immunitetiñi ýokarlandyrmaga kömek edýän 7 ösümlik

Zägiñ peýdasy..!

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir. Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň…

Zägiñ peýdasy..!

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar. Özüniň iýmitlik ähmiýeti bilen towuk ýumurtgasyndan tapawutlanýan bedene ýumurtgasy adamyň saglygy üçin zerur bolan köp iýmit maddalaryny saklaýar. Onuň…

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

Süýtli çaý hakynda süýji söhbet

Gök çaýyň adama berýän peýdasy, ýadawlygyňy aýryp, iýen naharyňy siňdirmekde, teşneligiňi gandyrmakda ähmiýetlidigi barada öňden bäri gürrüň edilýär. Halkymyzyň desterhanyny onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýöne biziň bu gezekki söhbetimiz gök çaý hakynda däl-de, gara çaý, onda-da süýtli gara çaý barada. Süýtli çaýy taýýarlamaga gara çaýyň ähli görnüşi ýaramly däldir. Oňa iri däneli, ýakymly ysy gabynyň daşyndan bildirip duranlary ýaramlydyr. Onuň taýýarlanylyşy barada aýtsam, içi suwly kitir oňat gaýnanyndan soň, çäýnegiň dörtden bir bölegi…

Süýtli çaý hakynda süýji söhbet