Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Zägiñ peýdasy..!

1 minut alar

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir.

Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň — hersiniň ýarty bölegini bal bilen garyp ýasalan kökejigi ulanmak bilen diş etinden we diş arasyndaky etlerden döreýän agyz porsamasyny aýryp bolýandygyny belleýär.

Türkmençilikde çaga çileden çykarylan wagtynda teniniň owadan bolmagy, derisiniň berkemegi, gözden-dilden goralmagy üçin onuň düşüriljek suwuna kümüş teňňeler bilen birlikde zäk hem goşulypdyr. Zergärlerimiz dürli şaý-sepleri ýasanlarynda zäk erginlerini peýdalanypdyrlar. Çeper elli gelin-gyzlarymyz dokmaçylykda zägi boýag üçin hem ulanypdyrlar. Boýalan zatlar reňk alar ýaly boýag erginine nahar duzy ýa-da zäk goşupdyrlar. Gowy reňk almagy, berk bolmagy üçin matany ýa ýüplügi zäk erginine ýatyrypdyrlar. Oňa ene-mamalarymyz «zäkleme» diýipdirler.

Zäk ýurdumyzda, esasan, Garabogaz kölünden, nahar duzy bilen birlikde gazylyp alynýar. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Gökçäge çöketligindäki duzly suwda hem zäk bar. Gadymdan bäri peýdalanylýan zäk saglyk, gözellik, senagat üçin ähmiýetli serişdedir.

50 |
|