Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Süýtli çaý hakynda süýji söhbet

2 minut alar

Gök çaýyň adama berýän peýdasy, ýadawlygyňy aýryp, iýen naharyňy siňdirmekde, teşneligiňi gandyrmakda ähmiýetlidigi barada öňden bäri gürrüň edilýär. Halkymyzyň desterhanyny onsuz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýöne biziň bu gezekki söhbetimiz gök çaý hakynda däl-de, gara çaý, onda-da süýtli gara çaý barada.

Süýtli çaýy taýýarlamaga gara çaýyň ähli görnüşi ýaramly däldir. Oňa iri däneli, ýakymly ysy gabynyň daşyndan bildirip duranlary ýaramlydyr. Onuň taýýarlanylyşy barada aýtsam, içi suwly kitir oňat gaýnanyndan soň, çäýnegiň dörtden bir bölegi möçberinde süýt guýmaly. Elbetde, körpe köşekli düýäniň süýdi has oňat bolýar, ýok ýerinde geçiniň we sygryň süýdi-de bolýar. Süýt suwuk ýa-da sähelçe ysly bolsa, şorlaç bolsa, bu eýýäm çaýyň gerekli tagamyny bermeýär. Şonuň üçin çaý demleýän, isle, aýal bolsun, isle-de, erkek adam, tapawudy ýok, bu işde gaty ynjyk, hüşgär bolmaly. Çäýnege geregiçe çaý atanyňdan soň, ony ýuwaşja ýanýan otda deme goýmaly. Şonda çäýnegiň gapagyny çalaja açyk ýagdaýda saklamaly we çaý demini ýagşy alýança, başga işe güýmenmeli däl. Sebäbi sähel säwlik etseň, çaý öte gaýnap döküler ýa garalmak bilen bolar. Şonuň üçin çaý dänejikleri böküşip başlanynyň yz ýanyndan ol göze ýakymly gyzyl-goňur reňke gelerem welin, dessine çäýnegi alyp, üstüni galyň, ýumşajyk mata bilen iki gat edip, 2-3 minutlap dolap basyrmaly. Diňe şondan soň süýtli çaý taýýar bolýar.

Süýtli çaýy has oňat içirýän süýji, gant hem-de kakadylan erikdir. Türkmeniň ak bugdaýyndan bişirilen mele-myssyk tamdyr çöregi, mesge ýagy, şonuň ýaly-da, ene-mamalarymyzyň ussatlyk bilen taýýarlaýan peýnirdir sargany bilen süýtli çaý içen adam başga tagam küýsemez. «Aý, şu gün-ä kän hoşum ýok, ýaramok» diýýän kişi ýokarda aýdyşym ýaly taýýarlanan süýtli çaýy içip, bir derlese, soň mellegine baryp işläp başlanyny özi-de duýman galar.

Ýaşy altmyşdan geçen adam Lukman Hekimiň ýanyna gelip, gözüniň garaňkyrap, başynyň aýlanýandygyny, her hili ot-çöpleri, däri-dermanlary içse-de, peýda bermeýändigini aýdyp, ondan haraý isläpdir. Lukman Hekim gan basyşyny, ýürek urşuny diňläninden soň, oňa: «Sen şu günden başlap körpe köşekli düýäniň süýdüne demlenen gara çaý iç we 12 günden meniň ýanyma gelip git» diýipdir. Diýlişi ýaly, aýdylan günde ýaşuly alymyň ýanynda häzir bolupdyr. Ýüzüne seredeninden, ýaşulynyň halynyň gowulaşandygyny bilen Lukman Hekim: «Näme soragyň bar?» diýip sorapdyr. Ýaşuly hem hyrçyny dişläp, hem başyny ýaýkap: «Wah, meniň ömrümiň köp bölegi haýp geçen eken! Beýle gowy içginiň bardygyny bilmeýşimi diýsene!» diýip ökünipdir.

Hawa, süýtli çaý hakynda näçe söhbet etseň edip oturmaly.

Işdäňiz açyk bolsun! ☕🍰

 

30 |
|