Teswirler (6)

Ýüklenýär...
User Avatar

Kitap okamagyň adam üçin peýdaly taraplary .

2 minut alar

 

 1. Kitap okaýan adamlaryň söz baýlygy giñ bolýar. Sebäbi kitap okanyňda gündelik durmuşda ulanylmaýan sözlere duş gelinýär. Bu sözüň manysyny sözlükden gözlemek hökman däl, sebäbi sözüň manysy kitabyň umumy mazmunyndan görmek bolýar. Şeýlelik bilen, okamak diňe bir söz baýlygyny artdyrman, eýsem adam bilimini hem artdyrýar. 

  2. Okamak beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek edýär. Ýagny, kitap okaýan adam öz pikirlerini owadan, açyk-aýdyň beýan etmäge mümkinçilik alar. Birnäçe nusgawy edebiýatlary okanyndan soň  adamda gürlemek sungatynyň ösendigini duýup bolýar. Şeýlelik bilen adam gowy gürleşip  we adamlarda gowy täsir galdyryp bilýär.  

  3. Okamak adamy batyr edýär. Kitap okan adamyň özüne has uly ynamy bolýar. Sebäbi kitapdan alan bilimleri oňa kömek edýär we daş-töweregiňizdäki hereketler sizde gowy täsir galdyrýar. Sizi has hem güýçli edýär.

  4. Okamak stressi peseldýär. Stress häzirki döwürde adamlaryň esasy meselesine öwrüldi. Kitabyň tekstiniň baýlygy we ritmi adam ruhuny köşeşdirmek, stresden dynmak we ünsüňi sowmak häsiýetine eýedir. Esasanam uklamazdan ozal kitap okamak has hem peýdaly. 

  5. Kitap okamagyň netijesinde ýat we pikirlenmek ukyplary ösýär. Pikiriň ösüşi (pikirlenmek ukyby) okamagyň iň täsirli aýratynlygydyr. Sebäbi kitap okanymyzda diňe ekrandaky bir suratdan beýlekisine geçmeýäris, eserdäki  gahrymanlaryñ aýtýan sözleri, özüni alyp baryşy, pikirleniş usullary okyjynyñ añyna siñýär.  

............................... MEREDALIÝEWA Bibigözel

  TOHI-niñ Gidromeliorasýa we oba hojalygyny  mehanizimleşdirmek fakultetiniñ  Gidromeliorasiýa hünäriniñ 1-ýyl talyby

184 |