Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

MAGTYMGULY – TÜRKMEN HALKYNYŇ BUÝSANJY

2 minut alar

Türkmen klassyky edebiýatynyň beýik halypasy akyldar-şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy öz döwründen bäri köp alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Onuň ajaýyp çeper we çuň manyly goşgulary uludan-kiçi hemmäniň kalblnda mynasyp orun alypdyr. Ylaýta-da häzirki zamanda, bütin dünýä türkmenleriň milli aň-düşünjesiniň oýanýan mahalynda onuň edebimirasy has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda şahyryň mirasyna berilýän üns, onuň adyny ebedileşdirmek, eserlerini hemmetaraplaýyn öwrenmek we neşir etmek ugrunda geçirilýän dürli çäreler munuň açyk şaýadydyr.

Magtymguly dünýäniň beýik klassyklarynyň hatarynda durmaga haklydyr. Onuň dürdäne sözleri, pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp şygyrlary Gündogar poeziýasynyň ägirt uly ussatlary Firdöwsi, Nyzamy, Nowaýy, Sagdy, HaFyz ýaly beýik şahyrlaryň eserlerini ýadyňa salýar. Şeýle bolmagyna garamazdan, Magtymgulynyň eserlerinde okyjy köpçüligine doly düşnükli bolmadyk sözleriň, taryhy, geografik we dini aňlatmalaryň hem az däldigi bellidir. Şu zatlary bilmezden, şahyryň eserleriniň doly manysyna düşünmek, çeperçilik aýratynlygyny, dünýägaraýşyny ýüze çykarmak mümkin däl. [6]

Magtymgulynyň goşgulary halk arasynda juda köpýaýrapdyr. Onuň eserleri köpçüligiň ýüreginden turanlygy sebäpli, dilden-dile geçişi ýaly, onuň diwanynyň golýazmasy-da elden-ele aýlanypdyr. Munuň özi halkyň öz beýik şahyryna goýan hormatynyň nyşanydyr. [4,5]

Beýik Akyldarymyz Magtymguly ýaşap geçen döwründe durmuşyň ýowuz synaglaryna duş gelip, ol ömri ötýänçä halkyň agzybirligini asuda durmuşy arzuwlap, öz şygyrlarynda hem esasy öňe süren pikiri halkyň  agzybirligi bolup durýar.

Beýik Akyldarymyz Magtymguly “Türkmeniň” diýen goşgusynda şeýle diýipdir:

 Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,  Tartsa ýygyp, erär topraklar-daşlar,  Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,  Göteriler ol ykbaly Türkmeniň! Beýik Akyldarymyz Magtymguly özüniň bu goşgusynda Watany şeýle beýan edipdir. Türkmen halkynyň agzybir jebisleşip ýerine ýetirilen işlerde üstünlikler boljakdygy, ähli kynçylyklary ýeňip boljakdygyny wasp edipdir.

 Beýik Akyldarymyz Magtymgulynyň bu mukaddes şahyr kalbynda arzuw-islegleri, umytlary öz döwründe, şol arzuw-islegleriň çäklerinde galdy. Ol arzuw-islegler bu günki gün Garaşsyz, baky Bitarap diýarymyzda berkarar boldy. Bu günki gün mukaddes supraly beýik döwletimiz, merdana türkmen halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary derejeli ösüşleri hem düýpli özgertmeleri bilen öňe barýar.

Japarow Abdylkerim

Türkmen oba hojalyk inistitutynyň

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizimleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünäriniň 

1-nji ýyl talyby

 

62 |
|