Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

BU DURMUŞDA GOWY ADAMLAR KÖSENÝÄR

2 minut alar

The Worst Day of All Time

Bu durmuşda näme üçindir gowy adamlar kösenýär ? Eşretli durmuşda ýaşamak olaryň hem haky dälmikä? Melek ýaly adamlaryň bu durmuşdan ejir çekip gitmeklerine adam razy bolup bilmeýär. Köp oturýan, kän oýlanýan emma eliňden gelýän hiç zat ýok. Durmuşyň kadasy şeýle we ony adamyň üýtgedip biljek erki ýok. Olaryň şatlykly we şagalaňly durmuşy başga bir ýerde bolaýjak ýaly gurnalypdyr. Bu durmuşda erbet adamlaryň has köp zada elleriniň ýetýändigini görmek bu aýdanlarymy hasam tassyklaýar. Töwerek daşym ejir çekýän we kösenýän adamlardan doly. Hemmesi hem gowy adamlardan emele gelýär. 

 

Erbet keşbe bürenen adamlaryň soňy dünýädäki ähli keýpi sapalyklary dadanyndan soň gelýär. Soňlary gowulyk bilen gutarmasa hem başlary gowy zatlardan başlaýar. Durmuş bulara “dünýädäki ähli lezzetlerden dadyň, ondan soň janyňyzy alaryn” diýýän ýaly bolup dur. Gowy adamlara bu durmuşdan lezzet almak, begenmek we buýsanmak üçin az kem möhlet berlen ýaly gelýär. Doly lezzet alman, begençleriniň soňuna ýetip bilmän amanatlaryny tabşyrmak bilen bolýarlar. Şeýle kösençli durmuşa razy bolup ýaşandyklary üçin, Biribar olara üýtgeşikden üýtgeşik lezzetlerden doly bir durmuş eçiläýjek ýaly bolup dur. Sebäbi deňligiň bardygyna ynanmak üçin bu bolaýmaly şertleriň biri bolup durýar. Hak-hukuk bar bolsa, deňlik ol ýerde ýöreýän bolsa onda olaryň hem lezzet almagyna Emin deň garamaly bolar. Bu olaryň durmuşdaky kadalara boýun egip, başlaryna gelen bar beladyr musybetlere sabyr etmekleriniň sowgady bolmaly. Beriljek sowgat möhletleýin zat bilen ölçelmese lezzeti hem dowamly bolaýjak ýaly. Şonuň üçin Biribar olara “möhletleýin belalara sabyr edeniňiz üçin size möhletsiz buýsanç we sowgat eçilýärin”  diýýän ýaly gelýär maňa. 

 

©Serdaryn_Pikirleri

08.06.2024ý.

 

Suratyň çeşmesi:

https://www.bedtimestory.ai

144 |