Teswirler (7)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Klero (II bölüm)

3 minut alar

Hawa... Ol uka batdy, elbetde ýerinda başga biri bolsa ol hem uklardy... Oglanjyk bolsa pejiň gapdalyndaky oturgyçda oturyp ýolagçyny synlaýardy... Eýsem bu ýolagçy kim? Oglanjygyň gözi bilen bu nätanyş myhmany tanalyň: edil şu wagt ol aýratyn bir älemdi, adam emma başga adam, hemmeler ýaly däl, üýtgeşik adam. Onuň sudury zemin gözelliginden däl, onuň özi hem zeminli däl, megerem ol arşdan gelen bolsa gerek... Başga biri bolsa oňa adaty gyzjagaz diýerdi, emma oglanjyk üçin ol aýratyn dünýä. Ol gyzyň ýüzüne haýranlyk doly bakyşlar bilen seredýärdi, onuň ukyly syraty oglanda utanç duýgysyndan başga-da öň başyndan geçmedik nätanyş bir duýgyny oýardy. Bu duýgy adaty däldi. Bu duýgy sebäpli oglanjygyň ýüregi çalt-çaltdan urýardy, dem alyşy tizlenýärdi, "garnynda kebelekler uçuşýan ýaly" bolýardy. Bu duýgyny söz bilen wasp eder ýaly däl, oglanjygyň özünden sorasaň bu zatlar düýbünden başgaça, has üýtgeşik bolup geçipdi... Ol şu wagt özüni has janly duýýardy, hamala ýaňy dünýä inen çagajyk ýaly. Içinde bolup geçýän duýgy harasatyna erk edip bilmän, ol birden ýatan gyzjagazyň maňlaýyny emaý bilen sypady. Gyz duýmadyk bolsa gerek, ol entägem ýatyrdy. Emma oglanjygyň eli gyzjagazyň gyzgyn tenine degen dessine howsala batdy... Hawa, şu wagt gyzjagaz ot-ýalyn gyzdyrýardy. Oglanjyk aljyrap başlady, näme etjegini bilenokdy, sebäbi beýle ýagdaýy bilen oglanjyk ilkinji gezek ýüzleşipdi...


 Oglanjyk özüni ýitirse-de ýakyn dosty Kysmat gyzjagazyň üstündäki ýorgany aýyrdy, gyza seredip bir-iki gezek üýrdi. Soňra bolsa aşhana tarap okdurylyp gitdi. Nesibe bolsa bolan zatlar piňine-de däl ýaly gyzjagazyň kellesine böküp mündi-de biperwaý guýrugyny saga-çepe galgadyp oturyberdi. Birsalymdan Kysmat aşhanadan agzynda suwdan doly çelek bilen ýetip geldi. Suwly çelegi oglanjygyň ýanynda goýdy we balagyndan dişläp oglanjygy özüne getirmäge çalyşýardy, ol suwy gyzjagazyň üstüne dökmelidigini düşündirmäge synanyşýardy... Emma oglanjyk bu wagt düýpsiz guýuda sallanýardy, erkine aşak gaçyp barýan agramsyz daşjagaz ýaly unudylmyşlar dünýäsine (забвение) gidipdi. Şu wagt oglanjyk üçin hemme zat gowudy, hyýalynda gyz häziriň özünde oýanar, üstüne ýapylgy ýorgany aýyrar, maňlaýyndaky deri süpürip birsalym daş-töweregine syn eder, soňra bolsa oglana seredip özüniň nirededigini, näme zatlaryň bolup geçenini sorar. Soňra bolsa halas edilenini eşidip oglanjyga sagbolsun aýdar. Soň bolsa tanyşarlar, süýjilik iýerler, uzak-uzak söhbet ederler, soňra gyz özüni tanyşdyrar we öz adyny aýdar. Oglanjygyň pikiriçe bu gyzyň ady Efruz bolmaga çemeli, sebäbi ol gyşyň tümlüginde daş-töweregine ýagty saçyp durdy ahyry... Hawa, onuň ady megerem Efruzdyr. Efruz soňra oglanyň adyny sorar. Olam "men Klero" diýip jogap berer. Şeýdip bular dostlaşarlar. Sowuk howa geçýänçä gyzjagaz oglanjygyň öýünde galar. Gyşyň aýazyndan soň bolsa hoşlaşyp, oglanjygyň ähli edenleri üçin oňa sagbol aýdyp, ýene-de geljegine söz berip öýüne gider. Soňra olar ýene-de duşuşarlar, gürleşerler...


Oglanjyk şeýle pikirleriň içinde ýüzüp ýörkä gyzyň ýagdaýy has hem agyrlaşdy. Meniň çaklamam boýunça gyz gipotermiýa duçar bolupdy, bular ýaly ýagdaýda ilkinji kömek wagtynda berilmese näsag aradan çykyp bilýärdi... Oglanjyk bolsa entägem doňup durdy. Kysmat hem birden üýrmegi bes etdi... Nesibe bolsa guýrugyny has çalt sallamaga başlady, emma otagyň içi dym-dyrslykdy. Diňe daşdan örülip ýasalan peçiň içinde ýanýan odunlaryň şytyrdysy eşidilýärdi. Bu dymyşlyk şeýle bir ajaýypdy, şeýle bir ýakymlydy, megerem bu howany hiç kim bozmaga milt edip bilmez... Birsalymdan soň Nesibe gyzjagazyň kellesinden oglanjygyň kellesine böküp mündi, çal ýumşajyk guýrugyny oglanjygyň burnuna dürtüp saga-çepe sallamaga başlady. Oglanjyk saklanyp bilmän asgyrdy we hakyky dünýä dolanyp geldi. Emma indi giçdi. Gyzjagazyň endamy sowaşyp başlapdy, dem alyp-berenokdy, ýüzündäki nur öçüpdi... Oglanjyk bolsa näme bolup geçenine entägem düşünenokdy. Şeýdip, boşuna gurulan tamalar gyzjagazyň üstüne ýykyldy, oglanjyk bolsa dünýäsini täzeledi...


Tama etmeklik ruhy ýokluga bir ädim ýakynlaşdyrar...

Joraýew Babageldi "Garalamalardan"

95 |
|