Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Bedene ýumurtgasynyň peýdasy

2 minut alar

Bedene beýleki guşlardan özüniň çalt ýetişýändigi bilen tapawutlanýar. Ol üç ýyla çenli ýaşaýar. Bedenäniň teniniň gyzgynlygynyň towuklaryňkydan iki gradus ýokary bolandygy üçin ol öý guşlaryna mahsus bolan keseller bilen kesellemeýär. Olar 35-40 günlük bolanlarynda, ýumurtga guzlap başlaýarlar. Bedenäniň önüm berijiligi ýylda 280 ýumurtgadan-da geçýär. Ýumurtgasy düzümindäki peýdaly maddalaryň mukdarynyň köpdügi boýunça beýleki öý guşlarynyňkydan aýratyn tapawutlanýar.

Özüniň iýmitlik ähmiýeti bilen towuk ýumurtgasyndan tapawutlanýan bedene ýumurtgasy adamyň saglygy üçin zerur bolan köp iýmit maddalaryny saklaýar. Onuň peýdaly taraplary öňden belli edilendir. Onuň yzygiderli ulanylmagy köp keselleriň döremeginiň öňüni alýar we bedeniň sagdyn ýagdaýda bolmagyna kömek edýär.

Bedenäniň ýumurtgasy düzüminde A, B12 we С witaminleriniň köp bolmagy bilen tapawutlanýar. Olarda kaliý, fosfor, sink, demir, selen, magniý we natriý ýaly elementler köp mukdarda jemlenendir. Iýmitlik ähmiýeti ýokary bolan bu önüm dürli ýaşdaky adamlara oňaýly täsir edýär. Ol iýmit bilen kabul edilmeli witaminleriň we minerallaryň çeşmesidir. Onuň kömegi bilen peşew we öt haltasynyň, bagyr, oňurga, ýürek hem-de gan damarlarynyň keselleri bejerilip bilner.

Bedene ýumurtgasy süňk dokumasy üçin zerurdyr we ony şikeslerden hem-de döwüklerden soň ulanmak maslahat berilýär. Bu aýdylanlardan başga hem ol saglygy goramak üçin zerur bolan birnäçe maddalary öz içine alýar, ýagny molibden – gan damarlarynyň çeýeligini üpjün edýär, nikel – gan aýlanyşygyny gowlandyrýar, sink – deriniň şikes ýeten ýerini çalt bejermäge ýardam berýär, magniý – suw-duz deňligini kadalaşdyrýar. Onuň gabygynyň bedene kabul edilmegi dişleriň we dyrnaklaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýär hem-de gan akýan dişleri, ukysyzlygy we süňkleriň gowşaklygyny aýyrýar.

57 |
|