Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Programma inženeri

Operasion ulgamy

1 minut alar

Operasion ulgamy (Operating System) mundan beýläk OU - kopýuterin iň aşakdaky gatlagynda ýerleşýän programma üpjünçiligi. OU kompýuteryň enjamy (demir) we kompýuter ulanyjynyň arasyndaky interfeýsi (interface) bolup, ähli programmalaryň işlemesini dolandyrýar. Halkyň içinde giňden tanalýan we ulanylýan Windows - hem operasion ulgam hasaplanýar.

OU ulanyjy bilen kompýuteriň arasynda baglaşdyryjy köpri bolup hyzmat edýär.

Operasion ulgamynyň ýumuşlary

OU faýl, proses we ýat dolandyryş, giriş-çykyş (Input-Ouput) gurluşlaryny işlemek, kompýuteriň disk gurluşy, printer, monitor periferialaryny dolandyrmak ýaly ýönekeý işleri ýerine ýetirýär.

Komýuterdaky dürli göwrümli resurslary talap edýän programmalara (Chrome, 3dsMax, Oýunlar we şm.) komýuter enjamynda bar bolan resurslary paýlamak ýaly işleri OU ýerine ýetirýär.

Komýuteriň esasy resurslaryna aşakdakylar degişli:

  • Operatiw ýat (RAM)
  • Merkezi prosessor (cpu)

Operasion ulgamynyň görnüşleri

Komýuterleriň ösüş taryhynda dürli operasion ulgamlary döredildi. Mysal üçin:

  • WINDOWS
  • MAC OS
  • UNIX
  • LINUX

Bu OU-lar açyk kodly, mugt we ýapyk kodly, satlyk bolup bilýärler.

Linux açyk kodly operasion ulgam hasaplanýar we uly kompaniýalar tarapyndan giňden ulanylýanlygy, onuň mugt ýaýradylýanlygy bilen baglanyşyklydyr. Linux dolulygyna C dilinde ýazylandyr. Linux koduna düşünip bilen programmist öz komýuteriniň mümkinçiligine görä, özüne gerekligini-däldigine görä operasion ulgamy özgerdip biler.

Windows - ýapyk görnüşli operasion ulgam bolup, ol Microsoft kompaniýasy tarapyndan döredilýär.

MacOS - unix standartyna laýyk gelýän operasion ulgam. Onuň kody hem ýapyk we Apple kompaniýasy tarapyndan doredilýär.

104 |