...

Nurmuhammet Kurbanow

@Nurmuhammet5577
Talyp

Men Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň talyby. Men makala ýazmagy öz hobbime öwüresim gelýär. Maňa meni gyzyklandyrýan hem-de maňa ýaraýan temalar barada pikirimi ýazmak we düşündirmek ýaraýar. Men has hem tehnologiýa we psihologiýa barada gyzyklanýan.

Emeli aňyň el telefonlarda ornaşdyrylmagy

Emeli aňyň ýyl-ýyldan güýçli depginde täze derejelere galmagy munuň özi adamyň ewolýusion taýdan ösmegine hem oňaýly täsir edýär. Häzir emeli aňyň ösen derejesine üns bersek haýrana goýýar. Häzir emeli aň tekst bilen işlemekden daşary surat we wideo formatlary bilen türgenleşip gün-günden kämilleşýär. Hasaplaýyş gurluşlaryň(CPU, GPU, NPU) öndürijiliginiň ýokarlanmagy munuň tehnologik açyşlaryň hem-de ösüşleriň tizligini diňe artdyrar. Häzir el telefonlaryň has dogrusy smartfonlaryň öndürijiligi soňky 10 ýylyň dowamynda diýseň ýokary derejelere ýetdi. Bu kämillik dälmi eýsem?!…

Kwant kompýuterleri

Kwant kompýuterleri näme zat we näme üçin zerur? Adaty kompýuterleriň nähili işleýändigi barada pikir edip gördüňizmi? Adaty kompýterler 1 ýa-da 0 sanlar bilen işleýär. Muňa başgaça bit hem diýilýär. Kwant kompýuterleriň işleýiş düzgüni adaty kompýuterlere garanyňda düýbünden başgadyr. Kwant kompýuterlerde bitlere derek kubitler ulanylýar. Kubitler 0 we 1 bolup bilýän, hatda ikisindenem azajyk bolup bilýän kiçijik jadyly toplara meňzeýär! Oňa superpozisiýa diýilýär. Kwant kompýuterleriň işleýiş düzgünine düşünmek üçin geliň muňa mysal getireliň. Siz özüňiziň uly…

Bu dünýe biz üçin

Ýagty jahanda adamzat üçin tebigatda ýaşamak üçin ähli şertler döredilen. Ynsan bu dünýädäki ähli material resurslara öz täsirini ýetirip bilýär. Olaryň daşky keşbini, gurluşyny hatda düzümini hem üýtgedip bilýär. Medisina ugrundan ylmyň soňky gazananlary hem tebigat bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki islendik däri-dermanyň özeni tebigatdaky ösümlikdir, otlar hem-de haýwanlar bolup durýar. Bu ýeriň tebigaty ondaky janly-jandarlar, ösümlikler ynsana döredilen ýaly. Men bu pikir ýöretmämi dogry diýip hasap etsemde ýalňyşmasam gerek. Adamyň organizmi we ondaky ähli gündeki…