Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Talyp

Bu dünýe biz üçin

1 minut alar

  Ýagty jahanda adamzat üçin tebigatda ýaşamak üçin ähli şertler döredilen. Ynsan bu dünýädäki ähli material resurslara öz täsirini ýetirip bilýär. Olaryň daşky keşbini, gurluşyny hatda düzümini hem üýtgedip bilýär. Medisina ugrundan ylmyň soňky gazananlary hem tebigat bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki islendik däri-dermanyň özeni tebigatdaky ösümlikdir, otlar hem-de haýwanlar bolup durýar. Bu ýeriň tebigaty ondaky janly-jandarlar, ösümlikler ynsana döredilen ýaly. Men bu pikir ýöretmämi dogry diýip hasap etsemde ýalňyşmasam gerek. Adamyň organizmi we ondaky ähli gündeki zerur witaminleriň çeşmeleri hut tebigatyň özünde tapsa bolar. Munda başga-da tebigatda ýaşaýan janly-jandarlary hem adamlar öz peýdasyna hem-de geregine ulanýar. Hatda et hökmünde ulanylmaýan haýwanlar hem peýdasy degmedik ýerinde, olar haýwanat baglarynda ýa-da akwariumlarda gezelenje gelen myhmanlaryň göwnüni götermek üçin owadanlyk hökmünde ulanylýar. 

  Ýeriň tebigaty entek dolulygyna öwrenilmedik. Hatda ýerdäki suwuň özi hem gury ýerden aýratynlykda aýratyn bir dünýä hasap edilýär. 

  Umuman aýdanyňda gepimiň soňuny özboluşly pähim görnüşinde tamamlasym gelýär: “Bu dünýä ajaýyp we ol özüniň açylmadyk syrlarynyň açylmagyna garaşýar”.

 

102 |
|