Teswirler (20)

Ýüklenýär...
User Avatar

Philologist

Siz/Biz ýalta DÄL

3 minut alar

"Ýaltalyk" diyip nädogry at goýýan zadymyz, has dogrusy, hereketsizligimiz ýa-da bikärligimiz barada pikir ýöretsek, görüp otursak "Biz ýalta däl!". 

Sözlükde ýalta, ýaltalyk düşünjeleri şeýle berilýär:

Ýalta - Zähmet çekmegi halamaýan, iş ýakmaz.

Ýaltalyk - Ýaltanyň ýagdaýy, zähmet çekmegi söýmezlik, iş ýakmazlyk, ýaltaçylyk.  

Eger zähmet çekmegi gowy görýän bolsak, ýagny, çeken zähmetimize buýsanýan bolsak, hem-de işi başarýan bolsak, onda bizi bir işi etmekden saklaýan başga bir zat bar. Özümiz we beýleki adamlar barada "ýalta" diýip ters pikir ýöretmegimize getirýän başga sebäpler bar.  

Ol sepäpleri birnäçe düşünjedir ýalñyş hereketimiziñ bize täsir etmegi diýip alyp bileris. Şol sebäler zerarly biz işi erteläp başlaýarys. 

1. Biz energiýamyzy nädogry ulanýarys.

Belli bir wagtda ýatyp turmazlyk, has giç uklamak, ukusyz galmak ýadawlyga getirýär. Energiýamyzy etmeli zadymyzdan öñ  ýalñyş we gerek däl zatlar üçin ulanyp gutarmagymyz, ýerine ýetirilmeli işe höwesi, islegi azaldýar. 

Energiýamyzy ýerine ýetirmeli ýumuşumyza däl-de bizi oýa saklamaga ýa-da biderek zatlara sarp edýäris. Ýumuşy ýerine ýetirmäge gezek gelende bolsa ukymyz tutup başlaýar.

(Sleep regular hours)

 

 

2. Pikirlerimiz bizi aldaýar.

Herekete başlamak, ilkinji ädim adatdan daşary ýagdaýda kyn bolup görünip başlaýar. Şeýlelikde, işi erteleýäris, ünsümizi başga zatlara bölýäris. Añymyz bizi işiñ kynlygyna, onuñ bolup bilmejek zatdygyna  ynandyrmak isleýär, bahanalar tapýar. 

Edilmeli iş barada ýeterlik resurslarymyzyñ, ýol görkeziji biriniñ, wagtymyzyñ... ýokdygy barada pikir edip başlaýarys. Hatda işi edip başlanymyzda ýitirjek wagt, energiýa hem-de yhlasymyzdan köp energiýa we wagty çenden aşa pikirlenmeklige sarp edýäris. 

(Don't overthink, your mind spends more energy by exaggerating the little problem; while the actual task requires way less of the energy when we start doing it.)

3. Şowsuzlykdan gorkýarys.

Ýalñyşmak, şowsuzlyk aslyda biziñ iñ gowy "mugallymlarymyzdyr". Ýalñyşyp özümiziñ öwrenen tejribämiz bize iñ gowy sapagy öwredýär, bizi biz edýär. Indiki işe başarjañlygymyzy ösdürýär.

Işeññir - Iş etmekde tapawutlanýan, iş başarýan, işjeň.

Işeññirlik - Iş bitirmekde tapawutlanyjylyk, iş başaryjylyk, işjeňlik.

Errare humanum est - Adamzada ýalñyşmaklyk mahsusdyr. 

Ýatda sakla: Ýalñyşmaýan adam,  hiç zat etmeýän adamdyr!

4. Ideal bolmak möhüm däl.

Ideal, kämil, birkemsiz (100%) diýen zat ýok, ideala ýakyn zat bar. Medisinada hem 99.9% takyklyk ulanylýar. Ideal bolmaz diýip işi etmekden gaçmañ.

 

5. Kritikadan, tankytdan gorkmaly däl.

Düzedilýän ýalñyşlyk ösüşi añladýar. Tankyt edil edebiýaty kämleşdirişi ýaly biziñ hem  has ajaýyp bolmagymyza eltýär. 

Adamyñ kämilligini edebiýat bilen deñeşdirseñ, onda her bir şahsyýetiñ özüne mahsus stili bolýar, käwagt kemçilik diýip pikir edýän zadymyz bizi has täsin we üýtgeşik, deñsiz-taýsyz edýär. 

Tankytdan gorkman başlanan işiñ netijeleri başda bizi kanagatlandyrmasa-da, ýuwaş-ýuwaşdan biz bir ýerlere bararys. Başlanmadyk iş bolsa bizi hiç ýere eltmez.

Şu ýerde, Italiýanyñ Pisa binasyny ýatlap geçsek laýyk bolarmyka diýýän :)

 

Umuman, biz ukyny dogry almaýan, şowsuzlyk, tankyt edilmek, işi ideal edip bilmezlik barada aşa pikir edýän wagtymyz işi etmekden ýaýdanýarys we ony erteleýäris.

Siz nähili pikirde?

Henizem özüñize ýalta diýýäñizmi?

To be continued...

P.S.: I would appreciate all of your criticism and advices on my article. 

And what is your idea about "laziness"?

247 |