Teswirler (10)

Ýüklenýär...
User Avatar

Pedagog, filosof

Iki akymyň arasynda - geçmiş bilen geljegiň arasynda şu gün bar

2 minut alar

Şu gün bilen ýaşamaly

 - diýilýär. Şu gün haçan? Düýnki şu günmi ýa ertirki şu gün?

Her günem "şu gün" bolup bilermi? Ýa-da belki düýnki gün "şu gündir"?..


Şu meselä men şeýleräk seredýärin: şu gün diýilen zat bolman biler; ki düýniň täsiri hemişe bar, ertiriň täsiri hem şeýle. Bu mende hemişe şeýle bolupdy. "Pursaty ýaşa" jümlesini kän eşiden hem bolsam "pursatda ýaşamagy" başarmadym. 

Köplenç, özümi iki zadyň arasynda elewräp ýören sergezdan ýaly duýýaryn. Ne belli mekanym bar, ne-de mesgenim, ne 2-den 1-ni saýlap bilýärin, ne-de saýlamakdan ýüz öwürip bilýärin. Bu iki zat edil biri-birine garşy tarapa baka ugrukdyrylan örän ýakyn, parallel ýerleşen derýalar ýaly geçmiş we geljek akymlary. Ikisi hem gark etmegiň derdinde...

A men günde "şu güni" ýaşan wagtym hemişe şol iki akyma bagly galýaryn... Iki çykalga bar: haýsy hem bolsa bir ugur boýunça ýüzmek ýa-da hiç zat etmän, iki akymyň arasynda kese durup, ortadan ikä böwsülmek; (şu gidişime böwsüläýmegimem ahmal). 


Öňe tarap akýan derýanyň ugruna ýüzmäge synanyşsam, yza akýan derýada tupan turup, agdarara getirýär; yza tarap akýan derýanyň ugruna ýüzmäge synanyşsam bolsa, öňe akýan derýanyň akymy güýçlenýär-de, öňkije ýerime çenli akdyryp getiräýýär... gyzykly sorag: näme etmeli?

Adam ömri, belki şeýle geçýän bolsa gerek?!. Aralykda, iki akymyň arasynda. Bu duýgulary öň başdan geçirip görmändim... Ýyl geçdigiçe, parhyna barýan zatlaryň sany köpeldikçe, egniňe atylan ýüküň agramy artýan ýaly görünýär... Ýa-ha biz kuwwatdan düşýäris kem-kemden, ýa-da hakykatdan hem ýük agyrlaşýar. Ýöne "gerekli daşyñ agramy ýok", şeýle dälmi?

P.S. Aralarda makala paýlaşman, gözden ýitenim üçin ötünç soraýaryn! Ýakynda Gündäki tegmiller hakyndaky makalamy hem paýlaşaryn. Sagboluň!

Joraýew Babageldi "Gutarylmadyk pikirler"

158 |
|