Teswirler (1)

Ýüklenýär...
User Avatar

Hemme zat New, diňe özümiz könelýäs ...

2 minut alar

Ömür atly kalendarymdan geçip gitdi ýene bir ýyl ajysy-süýjisi bilen. Hemişeki ýaly şo monotonlife'ym. 2023-de gazanan üýtgeşik hiç zadym ýok diýen ýaly. Galan ömürde hiç tapyp bolmajak zatlarymy ýitirdim. Aýryldy ýakynlarym, döküldi ýaş.

Maňa ýol görkezýän ýyldyzlarymdan-dy. Şo ýyldyzlardan ikisi gaý:dy gitdi. Maňa oglum diýen halypamy ýitirdim öňürti, soňra bolsa janymdan jan sen diýen ak saçly perişdäm enemjany. Agyrdy aýralyklar, agyrdy söýýän adamlaryň sessiz-sessiz göz öňüňden geçip gitmeleri. Ýakynlarymy ýitiren ýylym hökmünde ýadymda galar 2023-nji ýyl, galan ýagdaýda hiç hili täsiri bolmadyk ýyldy meniň üçin. Adamzat taryhyndaky bir kiçijek nokat hökmünde aýdaýyn. Ömür gaty gysga. Ne söýmäni bejerdim, ne-de söýülmäni. Adamzat aňyrda dursun, ýakynlaryma bir haýrym bolmazdan ýalňyz bir ot ýaly wagt geçirip göçüp giderin bu dünýeden. Hem bir zat aýdaýynmy häzir ölsem 1 sagadyň içinde ýetişdirip Ikindä çenli gömerler. 2 hepde geçip geçmänkä unudarlar. Aýdypdy biri maňa  "Durmuşyňyzy ýaşaň" diýip. Nämesini ýaşamaly durmuşyň. Söýýänleriň bir-bir gidip barýa. Hiç zat gelenok eliňden, gözüňde ýaş, çäresiz oturansyň. Ýakynlarym aýrylanda, hasam ýalňyzlaşýan. Hasam ýeke duýýan özümi. Sebäp meni bolşum ýaly kabul eden menden hiç zat garaşman ýagşy-ýamanym bilen, hiç zat hantama bolmaksyzyn, garşylyksyz söýen adamlar. Ýerini doldurup bolmajak kişiler. Bu wagt näme!?? Diňe owadan gürleýärler, mejbur ynanýan. Iň soňunda näme bolýa hemme zadyň günäkeri ýene men bolup galýan ... 

Näme diýeýin başga,

"Hemme zat New, diňe özümiz könelýäs"

 

46 |
|