Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

#Ýitiripdim şo wagt

1 minut alar

Ýaşamak islämok, daşamagam islämmok.

Ýaşamak islämok diýsem dogry ýaşamany bilmeýänligim zerarlydyr, daşamak islämmok diýmegimem ýüküm agyrlaşanlygy zerarlydyr ýalňyş düşünme. Sözlerim sowuk bolup biler üşeme. Asla bil baglama bu döwürde ýylanjak bolma bir kijiçek şemede. Ejizleme diýersiň, ejizlemerin eger şu pany jyzmasa. Dogrusy ýaşamak islegimi nirden almaly, nirden doldurmaly, näme üçin ýaşansyran bolup ýörün ony hiç bilemok. Çekileýin gyra oňaran ýaşasyn, owarram men. Şo iliň bela ýaly çagasyça bolmanlygym üçin özümden ötünç soraýyn. Bolar bolgusyz arzuwlara ynanyp, umudym aslyny ýitirmekden beter boldy. Meni süýräp ýörenemä umydymdy. Öldüren bolsam beýle gaty görmezdi, göwnüne degdim, öýkeledi gitdi gelmez indi. Ýasamany özüm halamok gülmegi halasamam. Hakykaty görmesem gülemogam. Güllerem göremok, günlerem. Dogry bolsun, ýalňyş bolsun, gowy bolsun, erbet bolsa hijisinem ünsümide alamok. Ýaşym näçedi, ýitiripdim şo wagt özümi. Bilemok näçe ýaşymda galypdyr entägem tapamok.

103 |
|