Teswirler (0)

Ýüklenýär...
User Avatar

Writer

,,Pomodoro” usuly näme?

2 minut alar

Italýan dilinde "Pomidor" diýmegi aňladýan "Pomodoro" usuly, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda uniwersitet talyby Françesko Çirillo tarapyndan oýlanyp tapyldy. Synag döwründe kyn günleri başdan geçirýän we her gezek öwrenip başlanda ünsüni jemläp bilmeýän Françesko Çirillo ,,Pomodoro” usulyny oýlap tapypdyr.
,,Pomodoro” usuly bilen stres we wagt dolandyryşynda şowsyz bolan adamlara bu meseläniň çözgüdini getirdi we adamlaryň ykbalyny üýtgetdi.
Eýsem bu ,,Pomodoro” ady nädip ýüze çykdy? 
Wagtyny we ünsüni jemläp bilmedik Françesko Çirillo pomidor şekilli aşhana taýmerini tapýar, wagtyny ýigrimi bäş minuda düzýär, taýmeri başlaýar we taýmer gutarýança sapagyna ünsi jemleýär we soňra 5 minut arakesme etýär. Soňra ýene 25 minut okaýar. Şeýlelikde tehnikanyň adyna şol aşhana taýmeriniň adyny dakýar. 
,,Pomodoro” usulyny nädip ýerine ýetirmeli? 
Ilki bilen ediljek işi planlamaly. Işe başlamazdan öň bir kagyz bölegi we bir taýmer gerek (amatlysy telefon taýmeri). Işe başlanylanda taýmeri 25 minuda gurmaly, wagt dolýança ünsiňiz diňe işde bolmaly. Wagt dolanda kagyza bir ,,Pomodoro" gutarandygynyz hakynda bellik etmeli we 5 minut arakesme etmeli. Arakesmede islän zadyňyzy edip dynç alyp bilersiniz. Arakesmeden soňra ýene şeýle usuly gaýtalamaly we 4 sany ,,Pomodoro" dolandan soňra 20-30 minut dynç alynmalydyr. 
Egerde etjek işiňizi 25 minut dolmaka gutarsaňyz onda eden işiňizi gözdenn geçirip 25 minudy doldurmak gereklidir. Ediljek işiň köplügine görä ediljek pomodoralaryň sany artdyrylyp bilner. Emma günde 16 ,,Pomodoro” -dan köpsi maslahat berilmeýär. ,,Pomodoro” usuly esasan wagt dolandyryş usulydyr. Barlaglaryň netijesinde ,,Pomodoro” usuly üns jemlemekde, has aňsat ýatda saklamakda, has köp wagt iş etmekde peýdalydyr. Arakesmeler bolmagy motiwasiýanyň köp bolmagyna getirýär. Umuman ,,Pomodoro” usuly öran peýdaly bolup has gowy netijeler isleýän adamlar tarapyndan ulanylýan ulanylýan usul bolup durýar. 
,,Pomodoro” usulynyň hakykatdanam peýdasy köpmi? 

Meň özüm bu usuly 1 hepdä golaý barlap gelýärin. Elbetde edýän işime we okaýan kitaplaryma baglylykda men günde 3-4 pomodorodan köp işläp ýa-da okap bilmedim. Emma ,,Pomodoro” usuly edýän işime has motiwasiýaly ýanaşmagyma getirdi. Hakykatdanam bu usuly ulanmaýan wagtlaryma garanda örän köp netije edindim. Şeýlelik bilen bu usuly sizler bilen paýlaşmagy makul bildim. Size hem barlap görmegi maslahat berýärin!
 

120 |
|
  1. Ýaz
  2. Gözden geçir
  3. Çap et