Teswirler (3)

Ýüklenýär...
User Avatar

Ýazyjy bolmagyň ugrunda

Armanda galan okuw saparlary (2-nji bölüm)

6 minut alar

2017-nji ýylyň tomus dynç alşynda ejem we Ejeş ejekem (kakamyň jigisi) bilen myhmançylyga gitdik we ol ýerde aşgazanyma sygmasada zaýa etmejek bolup dogramany soňuna çenli iýdim. Ýolda daş çykasym geldi, emma ejemiň ejekem bilen ýene bir ýerlere degmek kararyna ýok diýip bilmän, öýe barýançam çydadym. Içim çişip gitdi, ahyr zordan öýe ýetdim. Agşam ýene içim çişip ýatyp bilmedim, aňyryma-bärime togalanyp özüme ýer tapmadym. Ýüregim bulanyp, demim demime ýetmän ugranda ejemi turuzyp, tiz kömegi çagyrmagyny haýyş etdim. Lukmanlar 10 minudyň dowamynda gelip daňdan sagat 3-de meni tiz kömegiň ulagyna mündirip, Demir-ýol hassahanasyna alyp gitdiler. Ejem başga hassahana ýatyrmagymy olardan haýyş etse-de, ol gün diňe demir-ýol hassahanasynyň kabul edýän günidigini bize habar berdiler. Ejem bilen baş lukmana garaşdyk, sagat 5 töweregi baş lukman gelip, barmaklaryny meniň garnyma goýup, soraglaryny berip, meniň körçege bolanlygymy aýtdyda haýal etmän operasiýa girmelidigimi ejeme habar berdi. Şol bir wagtyň özünde ol lukman maňa seredip:

- Seniň adyň kim? – diýdi.

- Meniň adym Şasenem diýip, agyryma çydaman ýüzümi mürşdürdim.

- Sen Şasenem bolsaň menem Garyp diýip, ýüzüme gülüp seretdi. Onuň ýaşy 60-dan geçen lukmana meňzeýärdi. Şol wagt başdan geçirenlerimi bilsediňiz, bu garry mahluk näme prikol tutasy gelýärmi, bärde biri öljek bolup ýatyr, onuň welin oýun ýadyna düşýär diýip, içimden her hili pikirleri geçirýärdim.

Şeýle-de tomus döwri Türkmen Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyp oglan-gyzlarynyň tejribe geçip ýören döwürlerine düşdüm we operasiýa baş lukmandan başga-da, talyplaryň birnäçesi girdi. Operasiýa şowly geçeninden soňra meni hassalaryň otagyna geçirip, daşyma ol talyplary üýşürdiler. Ölermikäm öýtdüm. Başym aýlanyp, gözüm hiç bir zady dury görenokdy, diňe adamlaryň seslerini eştýärdim we ejemiň meniň baş-ujymda kellesini kelläme degirip oturanyny duýýardym. Duýgularym bilen bilelikde bedenimiň agyrysyna çydaman gygyryp aglanym ýadyma düşýär. Gygyryp mam (eje) men diňe seni gowy görýärin, men beýle boljagyny bilmedim diýip gygyranymy bilýärin we okuw döwri dekanymdan öler ýaly syçyp gorkanym şol wagty hem özüni görkezdi. Soňra doly açylanymdan soňra bir-iki sany talyp gyz gelip, gaty köp gürlänligimi, ejemi agladanymy, dekanyma diýip bilen sözlerimi diýenimi aýtdy. Men olaryň diýenlerine ynanyp bilmedim.

Garaz şeýlelikde şo ýyl men operasiýa geçirenligim sebäpli Malaziýadaky Ýaşlar forumy mümkinçiliginden galdym.

2017-2018-nji ýylda ‘minor elective course’ hökmünde italýan sapagyny saýlap aldym we ýylyň ahyrynda italýan mugallymym Luiji Laudannanyň Italiýadaky ýokary okuw jaýlarynda tomus geçirilýän sapaklar barada goşmaça maglumat berip meni ugrukdyrmagyny soradym. Mugallym şol wagt maňa Siena we Perujiýa şäherlerinde tomus italýan dili kurslarynyň geçirilýändigini we aýda onuň 400-600 töweregi ýerwo barabar boljakdygyny aýty. Öýe baryp ol uniwersitetler barada goşmaça maglumat tapyşdyryp, kafedra müdirimize rektordan rugsat alyp bermegini haýyş etdim. Ähli gerek bolan maglumatlar bilen rektoryň ýanyna girip, kafedra müdiri maňa onuň bu teklibi makullandygyny aýtdy.

Meniň rektordan rugsat almagymyň sebäbi, türkmen uniwersitetlerinde talyp ýyllaryň dowamynda okuwdan rugsatsyz ýurt daşyna çykyp bolanoklygynda. Goşmaça ätiýaçlandyryş hiç haçanam artykmaçlyk etmedi.

Iki hepdeden Luiji sapaga girip, mundan ozalky semestrde we ara synaglardan 100 bal alan talyplaryň Italiýa ol ýurduň Daşary işler ministrliginiň talyp haky maksatnamasy esasynda grant utup, üç aýlyk okamana gitmek mümkinçiliginiň bardygyny aýdyp, bir linki görkezdi we ol ýerde ‘log in’ etmelidigini düşündirdi. Begenjimiň çägi bolmady.

Bar güýjümi bilime guşap, resminamalary tabşyryp başladym, soňra ilçihana söhbetdeşlige çagyrdylar. Bir aýdanam elektron poçtama siz indiki okuw ýyly üçin üç aýlyk talyp hakyny utduňyz diýen hat geldi. Ýene-de begendim, onuň çägi bolmady. Haty okan wagtym tomus dynç alyş döwrüne düşensoň öýdedim. Jaýyň aňyrsyna bärsine towsup, içimdäki begençli emosiýalary saklap bilmedim. Agşamlyk nahar iýip otyrkak ejem-kakama bu begençli habary aýtdym, olar hem begendiler, ‘molodes’ diýdiler.

2019-njy ýylyň tomsunda okuwdaky birnäçe çäklendirmelerdir bökdençlikleri ýeňip geçip, menden başga ýene 5 sany talyp deň duşlarym bilen Rime geldik, ondan uçaryň 3 sagat gijä galmagy zerarly Rimden Perujiýa alnan ‘Pulman’ awtobus biledymyz köýdi. Aeroportdan metro münüp, ondanam otla münüp ýolda birgiden başdan geçirmelere duşup, agşam sagat 9 töweregi barmaly şäherimize baryp ýetdik. Menziliň ýerleşýän ýeri bikanun ýaşap ýören afroamerikanlaryň we arap ýurtlaryndan gelen bosgunlaryň raýony eken. Soň habarly bolşumyz ýaly, ol raýonda öýlän 6-dan soň hökümet polisiýalarynyň hem daş töwerekde garasy görünmeýär eken. Biz nireden bileli.

Adam bardyr, adamyň nagşydyr,

Adam bardyr, haýwan ondan ýagşydyr diýlişi ýaly, bir afro bosgun (ýanynda hem ýaranlary bardy) gelip, öz dilinde bir zat diýip, biziň çemodanlarymyzy depip, aňry bäri zyňyp başlady. Şol wagt meniň içimden geçirenlerimi bilsediňiz, ýo men indi Italiýa gelip ölmelimi, men intäk arzuwlarymyň ýarsynada ýetemoga, ejem-kakam meniň jesedimi nädip aldyrar, ýo men indi haram ölmelimi, ýo men talyp hakymy entek sowup ýetişmedim, Rim Papasyny we Florensiýadaky Dewidyň çükini görmedim, nahar bişirip öwrenip ýetişmedim, sürüji şahadatnamasyny almadym, ulag sürüp öwrenmedim, Hytaý diwaryndan ýöremedim, ilata degerli iş ýerine ýetirmedim ýaly birgiden pikirler we meniň ozalky durmuşym gözümiň öňünden geçip gitdi.

Hernäme-de bolsa, men bul ýurdy söýdüm we Rim Papasynam gördüm, muzeýlere aýlandym, Dewid bilen hem surata düşdüm, pikir edişimden gaty uly eken, Mikelanjelanyň çeken şedewrlaryny gördüm, şäherlere aýlandym, güldüm, agladym, okadym, tans etdim, süýji naharlary we jelato (buzgaýmak) iýip içdim, nahar master klaslaryna gatnaşdym, deňze gitdim, birnäçe ýurtdan dost-jora tapyndym, ştraf töledim, öz özüme elektrik we santehnik boldym, nätanyş adamlaryň taryhyny diňledim, bikanun ýaşap ýörenleriň durmuşyna başgaça tarapdan seretdim, uniwersitetde her dürli gyzykly çärelere gatnaşdym, gören ýerimdäki fortepianolarda saz çaldym (Ps: gitmäkäm ýörite River Flows in You sazy öwrenip gitdim), açyk meýdandaky jazz konsertlaryna gatnaşdym, aňyrdaky kursdaşlarym bilen karaoke aýtdym, model agenstwa surata düşmäne çagyrdylar (emma barmadym, ýöne model biznesinda birnäçe tanyş edinip gaýtdym), wino ýaslaýan ýere gitdim, üzüm we zeýtun ýygnalýan meýdançalaryna baryp gördüm. Garaz aýdanymda üç aýymyň her bir gününi gaty netijeli we ýaşaýyşly geçirdim.

Soňra yzyma dolanyp geldim, 2020-nji ýylda okuwymy tamamaladym. Şol ýyl Master derejämi almak üçin tölegsiz esasynda Perujiýa uniwersitetine okuwa girdim. Emma ähli Ýer ýüzündäki COVID-19 ýokanjy bilen baglanyşykly çäklendirmeler zerarly okuwa gidip bilmedim. Mastera 2021-nji ýylda täzeden ýene tabşyrdym, Perijiýada ýaşajak jaýymy gürleşdim, logistika firmalaryň birinde terjimeçi hökmünde iş tapdym (Facebook’yň jany sag bolsun), emma nesibämde ýokdy diýlişi ýaly, ýene şol bir meseleler we çäklendirmeler. Bara-bara umyt menden daşlaşyp başlady. Ýatsam-tursam diňe Master hakdaky pikirlerim meni günüme goýanokdy. Diňe geljek bilen ýaşaýardym. Hakykatdan gaçyp gitmek üçin daşary ýurtly talyplaryň tezislaryny ýazyp, gije-gündiz ýatman olaryň üstünde işleýärdim. Goşmaça oturyp, gaýgylanmagyma ýol bermejek bolup özümi mental taýdan ýadatýardym. Özümiň gam-gussamy gowy we netijeli tarapa ugrukdyrmagy başardym. Arasynda ýazýan ylmy işlerimde öz-özüme telpek goýdym, onuň dowmynda aram-aram men öz tezisymy haçan ýazarkam, haçan meniň öz adymdan bir ylmy iş çykarka diýip pikirlenýärdim. Soňra ol ýazan işlerim üçin pul alýanlygym ýadyma düşüp, ol soraglar kelleden uçup gidýärdi.

2022-nji ýyl ýetip geldi, žurnalist bolup işleýän döwürlerim ýollaryň açylanlygy hakyna habar ýazanymda men şu ýyla okuwyma gidip bilerin diýdim. Emma bu gezek gitmeli wagtym üç sany ýerden gowy iş teklipleri geldi. Kän pikirlendim, gidenime degermi we degmez, maňa şeýle mümkinçilik gelende berlen rysgyň gadryny bilmän hereket hem edesim gelmedi. Garaz şeýlelikde ol okuwy wagtlaýyn goýbolsun etdim, köşeşdim. Belki aklym goýalşandyr, öz özüme howlukma intäk okarsyň, özüňi dürse, okuw hiç ýere gaçyp gidenok, başga-da ‘research’ edişdir, belki has gowy mümkinçilikler çykar diýdim. Beren kararyma ökünýärinmi? Elbetde ýok. Armada galdymy? Hawa, galdy. Ýaşamana dowam etdirsem bolarmy? Näme bolman.

98 |