Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Haýsy dil synagyny saýlamaly?

2 minut alar


IELTS we TOEFL, iňlis dili synagdan geçirýän iki sany halkara dil synaglarydyr: okamak, diňlemek, gürlemek we ýazmak yaly dört sany bölekden duryar. Daşary ýurtda okamak ýa-da işlemek isleseňiz, bu synaglaryň netijelerini bermeli bolarsyňyz. Haýsy ekzamen siziň üçin iň gowy saýlawdygyny we IELTS bilen TOEFL arasyndaky tapawudyň nämedigi hakynda pikiriňiz yok bolsa okamaga dowam ediň! Azajyk uzyn bolup biler ýöne kömegim deger diýip umyd edýän.

1.TOEFL we IELTS synaglaryň tapawudy:

IELTS-iň iki görnüşi bardyr: akademiki we umumy(general training). Akademiki IELTS uniwersitetda okamak isleýän talyplar üçin niýetlenendir. Umumy IELTS,  immigrant wizasy üçin ( has hem Canada immigrant bolasyňyz gelse hökman Umumy IELTS alynmalydyr! Akedimiki IELTS kabul edilenok!) we käbir ýagdaýlarda iş wizasy üçin, arzalar üçin dil düşünişiniň subutnamasy hökmünde talap edilýär.

TOEFL synagy ýeke-täk we iňlis dilinde gürleýän ýurtlaryň uniwersitetlerine ýüz tutup, talyplar üçin niýetlenendir.

2. Synaglaryň formaty:

Bu iki ekzameniň arasyndaky esasy tapawutlaryň biri TOEFL synagynda gürleşmek böleginde garşyňyzda adam bolman göniden göni kompýuter arkaly gürrüňdeşlik geçirilýär. Emma IELTS da bolsa bir otagda ýüzbe -ýüz gürleşilip ses ýazgyňyzy alynyp dowam edilýär. Synaglaryň ikisini hem tamamlamak üçin 3 sagat töweregi wagt gerek, ýöne IELTS synagda gürleşmek bölegini dürli wagtda geçirip bilersiňiz. IELTS'da ýazmak, diňlemek we okamak bölegi birlikte bolup, soň gysga ara kesme berilip gürleşmek bölegine girilýär. Emma, siz bu gürleşmek bölegini shol günüň içinde ýa da ertesi güne geçirip bilyäňiz.

3.Halkara derejesinde ykrar edilmegi:

IELTS, British english synagy hökmünde diňe Angliýa laýyk gelýär we TOEFL, Amerikan Iňlis synagy hökmünde diňe ABŞ-da kabul edilýär diýip pikir etmek ýalňyş. Aslynda, dünýäniň islendik ýerinde diýen ýaly okamak üçin iki synagdan hem geçip bilersiňiz.

Uniwersitetlere ýüz tutanyňyzda, görmek isleýän iň pes balynyň nämedigini we haýsy synaglaryň netijelerini kabul edýändiklerini web sahypasyny hökman gözden geçiriň. IELTS we TOEFL kabul ediler we IELTS-de takmynan 6.5-7 bal, TOEFL-de 90–100 + ballara deň bolar.

IELTS umymy baly: 0-9 üstünden

TOEFL bolsa: 0- 120 umymy jemini görüp bilersiniz.

Esasy özünüze haýsy oňaýly bolsa şony seçmegiňizdir.Sebäbi ikisine girjek bolup aýry -aýry kitapdyr depderleri agtarmak däl-de, bir synaga üns berip şoňa has gowy taýynlanmak siziň üçin peýdaly bolup biler aljak umumy ballaryňyzdan.

In ýürek agyryly ýeri bolsa bu synaglaryn töleg tölemeli tarapy bar gynansakda. We bu synaglarda her ýyl belli wagtlarda belli bir göterim ýokarlanýar. 2023 de IELTS akademiki hem umumy synag bahasy 262€. TOEFL bolsa 250€ golaý bahalandyrmak mümkin. Haýsy ýurtdan girjegiňizede bagly şoňa görä töleglerem üýtgeýär. 

Indiki yazgymda bolsa Bölümler(Sections) hakynda yazmakçy. Eger soraglaryňyz bar bolsa oňa çenli teswirde görüşeli ! 

 

 

264 |
|