...
6Makalalary
55Halan makalalary

Abat Annamammedova

@einstein_aa

altyn balyklaryň kesellerini tapyp, kodlar bilen bejerji Kempir...

2 minut alar

Heň barada maglumat....

Eger haýsyda bolsa bir önümde ýa da çörekde heñe(fungi) duş gelseñiz tükedýäñizmi ýa da zyñýañyzmy...? Onda gysgajyk heñ barada maglumat bereýin. Ene dilim sözlügün-de: "Zaýalanyp, çüýräp, nemli zadyň ýüzünde emele gelýän kerebe meňzeş çygly pos , mikroskopik kömelekler, pilis " diyip bellap geçýär. Muňa mysal bolup : - Olar heň basan çöreklerini torbalaryndan çykardylar. Laboratoryda bir näçe gezek heñleriñ üstinde analiz edipdim, yöne surat çörekde bar bolan heñjagyzdan bir bölek. çörek heň kiçi bölek alynyp,…

Heň barada maglumat....

2 minut alar

Aklyñ mehanizmasy bolan beýin hemme kişä “mugt” berilýär.

Beýniniñ 70–80%-i suwdyr. Galan 10%-i ýag, 8%-i bolsa belokdyr. Iýýän-içýän zatlarymyz beýnidäki dokumamyza ýagny ‘‘infrastruktura’’ ruhy ýagdaýymyza we düşünjelerimize täsir edýär. Beýni marmelat ýaly ýumşakdyr. Şonuñ üçin beýnimizi seresap ulanmalydyrys. Eger beýnimiz kelle süñkjagazyna (kortex) degse beýnimize zeper ýeter. Futbol topuny kelle bilen urmak hem adama zeper ýetirip bilýär, diñe bir futbol sporty bolman eýsem boksdyr-göreşde hem dykkatly bolmalydyr. Täze doglan bäbekleriñ beýniniň agramy 350–400gr. bolsa ýetginjekleriñki 1,4–2kg. agyrlykdadyr. Beýnimiz iki eliň ýumrugy ýaly, emma…

Aklyñ mehanizmasy bolan beýin hemme kişä “mugt” berilýär.

3 minut alar

Begenjimiň çägi ýok…

Bolan waka. Waka diýsem geňirägem eşdiläýer öýüdýän. Gepiň gysgasy, okuw wagty agşamlary kitaphanadan gelip halys ýadap öýe zor ýeterdim…Ýöne welin özüme kiçijek ýetmeli maksatlar edinemsoň otagyma giren badyma diwardaky suratdyr hatlary görüp ýadowlygym aýrylypjyk gidýärdi. Şol kiçi maksatlarymdan biri hem diwarymdaky asylgy duran “ 30min Kitap” okamaly ýazgydy. Sebäbi iki sözi zordan birleşdirerdim. Bir gün öýdäki gyzlara hem şeýle teklip etdim: - “geliň üýşüp 30mintjik kitap okalyň, soňam okan setirlerimizden bir bölek gürrüňdeşlik edeliň ”……

Begenjimiň çägi ýok…

2 minut alar

Üç Nokat...

Näçe sapar pozup täzeden ýazyp, ýene pozup ýene täzeden ýazyp ahyr, ýarty goýan işimi indi ýyl gutarmanka öňünden doldurjak bolup “ menem ýazdym, okaaň adamlar!!!” diýjekdiiimmm welin, welindä… ýazýan zatlarym diňe men we kölegäm başga hiç kim :). Köp derdiň bolup edilmeli zatlar ýatdan çykýar. Kä mahal nämeden nireden başlanyňy bilmän galyp, başlanyňam taşlanýar galyberýär. Gaty köp dert işleriň ýarym taşlanmagyndan, bir zadyň başyny başlap yzy gelmän gidiberýär. Ana şular ýaly ýarty galan makala, ýa…

5 minut alar

Olaryň ýylgyrshy

Özüm hä mugallym däldirin okyjylarym, yöne 2016da birje gezek 5ýashlyja chagany 3aýlyk inlis dilin den kurs beripdim(bashlangych). Has dogrysy chaga sapak bermek üchin däl de, onuň bilen wagt gechirmek üchin asyl ejesi sheyle tutupdyr meni, men bolsa soň aňýan. Ondan bäri hich chaga ne sapak berdim, ne de chaga seredip görüpdim. Chaga söygüsiniň nämedigini bilýän diýip gezmeläp ýören bendejan, asyl bilmeýän ekenim. Bilýän diýýän zatlarymyz aslynda hich bilmeýän zatlarymyz hem bolup bilermi? “Men bilýän diýmek”…

Olaryň ýylgyrshy