Teswirler (4)

Ýüklenýär...
User Avatar

Zenanlaryñ orny diñe aşhanada däldir…

4 minut alar

Salam, Astronomiýa söýerleri el galdyryp bilermi? Ya halamaýanam barmyka :)) Iç gysgynç gelip biler şuwagt, ýöne ýene az ýyldan belki siz Marsda bolarsyñyz? Indiki ýazjak makalalarymyñ yzygyderliligi elim boşadygyndan size Astronomiýa we bilim hakynda gowja we gysga makalalar ýazmakchy! Soraglarynyz bolanda teswire ýazyp bilersiñiz!

Ilki bilen Astronomiýa diýilende herkimiñ göz öñüne Kosmonawt gelýändir. Meñkide de şeýle ýöne has hem Zenan Kosmonawtlary we Planetalar, meni haýrana goýýar hemişe. Bizin añ düshünjamiz-de Gyz-gelinleriñ orny diñe hojalygy alyp çykarmaly ýaly pikir de, ýa da hem işlemeli hemem öýe seretmeli ýaly pikir de gezip bilýäris.

Okuw gutarmankam NASA we SpaceX ýakyndan üns bermäne başlapdym we Kosmonawt bolasym gelip ugrapdy, muny hemme kişä dile getirenim üçin köp kişiden gülkünç reaksiýalar aldym. Meniñ üçin manysyz we ýerliksiz olar üçin bolsa "ýönekeý" hereketler. Bolýar bu reaksiýalara garşy gelmän sessiz bolmak iñ gowy jogap bolup biler. Geleli Zenan Kosmonawtlarymyza. Uly üstünlüklere ýol alyp maña we Kosmonawt bolmak isleýän her bir kişä täsirleri uly. Geliñ zenan Kosmonawtlarymyzy tanalyñ: 

*Walentina Tereşkowa- Dünýäniñ daşyndan aýlanyp 3günde tamamlan Tereşkowa, 1937-nji ýylda Mart aýynyñ 6-na Russiýada dünýä gelýär. Heniz astronawt bolmanka Tereşkowa ejesiniñ ýanynda tekstil fabrikasynda işläp Paraşut uçuş (skydiving) sporty bilen has gyzyklanýan ekeni. Tereşkowa Rus we dünýä boyunça ilkinji astronawt zenanydyr. Ol ilkinji uçuşyny 1963-nji ýylyñ Iýun aýynyñ 16na Kosmosa uçýar. Rus halky sylaglap Tereşkowa üçin pop aýdym düzüpdirler…”Walýa, my love, you are higher than even the kremlin..”

*Peggy Whitson- bu Amerikaly astronawt zenan 534 günläp Kosmosda galmagy başarandygy üçin “KOSMOSDA İÑ UZAK WAGTLYK GALAN AMERİKALY” atly baýraga mynasyp bolýar. Peggy Whitson NASA da biýohimiya bölüminde gözlegçi. (researcher) hem-de astronawtlaryň aşpezi bolup işleýär. Şeýle-de “Kosmosa uçan ýaşuly zenan” ady bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girýär. Ol iň soňky uçuşyny 57 ýaşynda tamamlaýar:) Bize-de nesip edäýedir🙃. Kosmosa eden uçuşlarynyň, ýagny 3 uçuşyň umumy dowamlylygy 665gün 22 sagat 22 minuda deňdir.

*Swetlana Sawitskaýa- 1982-nji ýylyň 19-njy awgustynda Aleksandr Serebrow we Leonid Popow bn bilelikde “Soýuz T-7" kosmos uçary bilen Salýut-7 kosmos duralgasyna ýeten Sawitskaýa Walentina Tereşkowadan soňra kosmosa giden ikinji zenan. Ol 1948nji ýylyñ 8-nji awgustynda dünýä gelýär. 1984-nji ýylyň 25-nji Iýunynda Salýut-7 uçuşy esasynda kosmosda ilkinji yöreýişi geçiren zenan bolup at gazanýar.

*Sally Ride- Stanford Uniwersitetinde fizika bölümüni tamamlan Sally Ride 1983-nji ýylda 32 ýaşynda spacecraft Challenger bilen kosmosa uçup, Amerikanyň ilkinji astronawt zenany bolýar. Birnäçe ýyllar Koliforniýa uniwersitetinde, Koliforniýa kosmos institutynda direktor bolup işleýär. Ýaş gelin-gyzlara matematika we tehnologiýa bilen bagly ugurlarda kariýera edinmäge mümkinçilik döredýär. Başga-da çagalara proýekt yaryşlaryna gatnaşmaklary üçin kömek edýär. Çagalar üçin 5 sany kitap ýazýar-“To Space and Back” ,” Voyager”, “Third Planet”, “ The Mystery of Mars” we “ Exploring our Solar System

*Kathryn D.Sullikon- NASA astronawty Kathryn 1984-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda STS-41-G spacecraft Challenger bilen kosmosda yöreýiş eden ilkinji Amerikan astronawt zenanydyr.

*Mae Jemison- NASA astronawty 1992-nji ýylyň sentýabrynda spacecraft Endeawour bilen kosmosda syýahat eden ilkinji Afro-Amerikan zenan. “The Hidden Figures” filmini görmedik bolsaňyz hökmany suratda maslahat berýän 🙃.

*Helen Şarman- 1991nji ýylyn maýynda Soýuz Kosmos uçary bilen 8 günläp bilim analizleri we himiýa üstünde işläp başlapdyr. Astronawt bolma höwesi bolsa şeyle waka bilen başlaýar:

Işleýän otagynda radio dinläp otyrka: “Astronawt gözlenýär we tejribeli bolmagyňyz hökmanylyk däl. Resminamalaryňyzy tabşyrmak ýeterlik” ýaly habar gulagyna degýär we ilkinji ädimini ätmegine sebäp bolýar.

P.S. Şeýle habar dagy eşidiläýse gulakdan gulaga zyňaweriňler hyýalynda ýaşap ýören bar bärlerde👽

*Roberta Lynn Bondar- 1945nji ýylyň 4-nji dekabrynda dünýä gelýär. 1968-nji ýylda Guelf Uniwersitetinde zoologiýa we dayhançylyk bölümüni tamamlaýar. Bondar 1992-nji yylda STS-42 space shuttle bn kosmosa syýahat eden ilkinji Kanadaly zenan.

*Christina Koch - Koch 1979nji ýylyň 29ýanwarynda Miçigan ştatynyň Grand Rapids şäherinde doglan, Demirgazyk Karolina ştatynyň Jeksonwil şäherinde önüp-ösen we Kosmonawt Korpusyna goşulmak üçin saýlananda Montana ştatynyň Livingston şäherinde ýaşaýar. Koch uly başarnyklara eye bolup hemme Kosmonawt söyerlerini hayrana goyyar. Hemmamizin bilshimiz yaly NASA 'nyn ARTEMIS II proyektyna zenanlardan Christina Koch saylandy we arzuwlary amala ashdy. Bu ARTEMIS II proyekty 2024 yylyn may ayynda 1aylyk Ayy'yn zonasynda bolmakchylar. Belki indiki makalam ARTEMIS II proyekty hakynda bolar.

*Alyssa Carson- Şunluk bilen NASA-nyň astronawt programmasyny üstünlikli tamamlap, kiçi ýaşdan okuwyny dynan 21 ýaşly Alyssa 2033-nji ýylda Marsa gitmegiň hyýalyny guryar we Marsa gitmek üçin hem häzirki wagtda okuwyny dowam etdirýär.

Biziñ ýaş gelin-gyzlarymyzdan hem 10 ýyla galman NASA da işlejekdigine gözüm ýetýär.

247 |
|